Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi.
Ilçihananyň Azerbaýjanyň resmi habarlar gullugyna beren maglumatyna görä, Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy ilçi Gismat Gozalowy Türkmenistana ilçi wezipesine bellenmegi bilen gutlandygy we geljekdäki işlerinde üstünlik arzuw edýändigi bellenildi.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryň ösüşiň täze basgançaklaryna ýetendigini belläp, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýokary derejeli özara saparlaryň we şoňa laýyklykda geçirilen gepleşikleriň möhümdigini aýtdy. Parlamentleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi.
Ilçi Gismat Gozalow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan strategiki gatnaşyklaryň dürli ugurlarda üstünlikli ösýändigini aýtdy we geljekde gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň giň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Ilçi 2022-nji ýylyň dekabrynda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň we saparyň çäginde parlamentleriň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda ähtnamanyň gol çekilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky strategiki gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen iki ýurduň kanun çykaryjy edaralary, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary boýunça iş toparlary tarapyndan netijeli we amaly hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.
Dünýägözel Gulmanowa ilçä Türkmenistan-Azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmek ugrundaky işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler we gatnaşyklaryň ösüşleri barada özara gyzyklanýan beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
