DÜNÝÄ

Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Türkmenistana gelýär

Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Pak Çžin Türkmenistana sapar bilen geler. Ol Aşgabatda geçiriljek  “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşar. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat ýolbaşçysynyň Türkmenistana ilkinji sapary bolar.

Koreýanyň metbugatynyň habar bermegine görä, forum 1-nji noýabrda amala aşyrylar. Onuň işine ykdysadyýetiň dürli ugurlardan 200-e golaý wekiller gatnaşarlar. Onda saglygy goraýyş, ulag, howanyň üýtgemegi, bilim we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Pak Çžiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar. Şeýle hem onuň Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Bu foruma Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar