BILIM

Aşgabatda “Central Asian Spelling Bee” bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi

ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça “Central Asian Spelling Bee” bäsleşiginiň milli tapgyryny geçirdi

Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 70-e golaý zehinli ýaşlar gatnaşyp, iňlis dili başarnyklaryny, ynamly özüňi alyp barmak we köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerini görkezmegi başardylar.

Milli bäsleşikde ýeňiji bolan dört sany gatnaşyjylaryň ikisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, galan ikisi bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplarydyr.

 

Milli bäsleşigiň ýeňijileri şu ýylyň ahyrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek sebit derejeli “Central Asian Spelling Bee” bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýarlar. Geçen ýyl, Türkmenistandan iki talyp Daşkentde geçirilen sebit derejeli “Central Asian Spelling Bee” bäsleşiginde 1-nji we 2-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular 

 Iňlis dili sözleri harpma-harp aýtmak boýunça “Spelling Bee” bäsleşigi ABŞ-nyň özboluşly milli däbidir we Ilçi Klimowyň açylyş dabarasynda belläp geçişi ýaly: “Bu bäsleşik dünýäň ýüzünden müňlerçe talyplary, şol sanda, Türkmenistany hem öz içine alýar! Gatnaşanyňyz üçin sizi alkyşlaýaryn: Iňlis dili sözleri harpma-harp aýtmak boýunça basleşik buiňlis dilini bilşiňi barlamak, özüňe bolan ynamy döretmek we köpçüligiň öňünde çykyş etmegi tejribe edinmek üçin ajaýyp pursatdyr.” Milli bäsleşikde ýeňiş getiren sözler “sergeant” (seržant), “eerily” (geň ýagdaýda) hem-de “latency” (soňa goýulmagy) boldy. 

Ýene-de okaň

Türkmen-Italýan ylym-bilim gatnaşyklary täze tapgyra gadam basýar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler