BIZNES

Türkmen wekiliýeti Er-Riýadda saparda boldy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowiç Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynda saparda boldy.

Türkmen wekiliýeti bu saparynyň barşynda Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasynyň baş direktory Sultan bin Abdul Rahman Al-Murşid bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň dürli möhüm pudaklaryndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar durkunly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy

Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlary: Türkiýe, Özbegisan we Eýran

Türkmenistan “EKSPO-2025 Osaka” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görýär