HEKAÝALAR

Hindi hüwdüsi

                                                                       Hekaýa

 Men dört gatly jaýyň ikinji gatynda kireýine ýaşaýardym. Jaýyň birinji gatynda hem heniz gundagdanam çykmadyk Romeşdir hemişe dünýä gaharly seredip ýören Çandro bilen owadan, şonuň ýalam dözümsiz gözli Babu ýaşaýar. Olar mydama öz milli lybaslarynda gezýärler. Hat-da Çandro öýünde-de sellesini   aýranok. Şo eginbaşlaram olara aýratyn görk berýär.

Olar bu ýaşaýyş jaýyna täze göçüp gelliler. Şolar göçüp gelenlerinden bäri meniň tukat durmuşymda ömrüňe goşasyň gelýän günler görnüp başlady.

Men hindi aýdymlaryny kän bolmasa-da diňläpdim. Olaryň sözlerine düşünmesemem sazyň owazy özüne bendi ederdi. Ýekebir bendi etmek däl, bäş-üç günläp hakydamdanam çykmazdy. Ynha bu gün bolsa, şol halkyň hüwdüsini onda-da, nähili belent heň bilen aýdylýan hüwdüsini diňleýärim. Şonuň üçin howanyň sowukdygyna garamazdan hüwdi gowy eşidiler ýaly gapyny açyp ýatýan.

Ony aýdýan çagajygyň ejesi – sesi özünden owadan, özi sesinden owadan Babu. Romeş çaga ukusyna giden mahaly men gum-guk dünýede ýaşaýan ýaly bolýan. Niçikmi ol oýanan wagty hüwdüniň sesi eşidilip başlaýar-da, täze şatlykly-şowhunly dünýä dolanyp gelen ýaly bolýaryn. Şonuň üçin Babuwyň ukusyz gözlerine dözmesemem, bolmanda bäbejigiň bir ýola ukusyna garylmagyny isleýärin. Soňam tä säher gijäniň elinden sypýança hüwdüniň täsiri bien daňymy atyrýaryn.

Hindiniň aýdymam adamyny gozgalaňa salýar. Ýöne oň hüwdüsini diňlän adamyň nämeleri başyndan geçirýänini biliberiň. Arman men ony kagyza siňdirip biljek däl. Dogrusyny sözleseň hindileriň özlerem geçirip bilmese gerek. Eger geçirip bolýan bolsa, beýle şirin bolmasa-da, bolmazdy.

***

Täze goňşularyň göçüp gelenine birnäçe gün bolanam bolsa, biz entek gürleşip göremizokdyk. Çandyra bilen gabatlaşsak, ol diňe başyny atardy. Babu bolsa, iki eliniň şapbadyny biri-birine birikdirip başyny egerdi. Men onuň hormat üçin hindi salamyny berýändigini bilýärdim. Hemem bu ýat ýurtda özüme hormat goýýan ýeke-täk hindi zenanydygyna-da düşünýärdim. Şonuň üçin menem oňa oňardygymdan sypaýyçylyk edýärdim. Ýöne edýän sypaýyçylygymyň tagaşyksyzdygyny duýýardym.

Bir gün ol daşarda otyrkam Romeşi arabasyna mündürip ýanyma gelli. Ol gelşine ýyljyraklap şeýle diýdi>

– Ýu kontri!

Men bälçiräp jogap berdim.

– Aý Amerika peýpul – abahyr – Men amerikaly – şu ýerli…

Babu meň ýalan sözleýänimi ýazgarmady.

– Agzyň aýtmasa-da, gözüň bar zadyň dogrusyny aýdýar. Näçe ýyl bolly ýurduňdan jyda düşeniňe?

– Dokuz…

– Bä-ä, kandigini… Ýüregiň gysman durýamy… kän eken…

Soň ol beren sowalynyň tersdigine düşündimi nämemi, basym sözüni düzetdi.

– Heýem-bir ýüregiň gysmazmy diýsene… Bizem öz Gangamyzdan aýra düşenimize entek doly bir ýylam bolanok. Ýöne eýýäm meň-ä içim gysýa. Gangany göresim gelýä… Ýogsa-da siz hupbatly geçiren dokuz ýylyňyzda näme işlediňiz?

– Durmuşy öwrendim…

O ýakasyny tutdy.

– Şunça ýyllapmy, näme siz bir zatlar ýazýaňyzmy?

Men ýüzümi salladym.

– Wah, ýazjak bolýan… Ýöne ile meňzeş ýazyp bilemokda…

Babu nebsiniň agyrýanyny sähelçede gizlemän şeý diýdi.

– B iň gowusy, ýazyp bilmeýänini adamyň özi bilse gowy. Birniçesi bar, ýazyp bilmese-de, ýazýandyryn öýdüp ýör. Hindi topragyndada Grişan Çandra, Rabindranat Tagor ýaly ýazyjylar indi ýok. Allaň saňa eden ýagşy işi ýazyp bilmeýäniňi özüňe duýdurypdyr. Şoňa begen. Men siziň duýgyňyzyň başga ýerdedigini gören badyma aňypdym.

Men tisginip gitdim.

– Nämämden billiňiz?

– Gözüňizden… Adamyň gözi bar zady aýdýar-a…

Men gürrüňi başga tarapa sowdum.

– Siz çagaňyzy gowy ses bilen hüwdüleýäňiz.

Ol geňgalyjylyk bilen ýüzüme seretdi.

– Siz ony nireden bilýäňiz?

Men oňa her gün ýatman hüwdi diňleýänimi aýdamda ol hasam geň gally. Soňam ol buýsanjaň owaz bilen şeý diýdi.

– Hindileriň bokurdagyndan çykýan sesleriň hemmesem ajaýyp. Ony uly dünýä aýdýar.

– Hüwdi näme hakdady?

Ol sesini çykarmady. Men oňa ýalbaryp diýen ýaly ýene haýyş etdim. Ol ýene gürlemedi. Haçan-da men düýnki gaty ýadap işlän pulumy oňa uzadamda, ol allaniçiksi bolup şeý diýdi.

– Bi sergezdançylykda gezen ýyllaň akylyňyza-da zeper ýetiripdir öýüdýän… Ýönekeý zadada beýle uly pul hödürlenermi? Ol hüwdi bolup hüwdem däl-le. Men ýüregimden çykan zatlaň baryny hüwdä öwürýäýýän. Dogrymy aýtsam Ganga ýüregime düşýär. Ony göresim gelýä. Biz oň ýakynjagynda ýaşaýas. Ganganyň akyşy has üýtgeşik. Bir seretseň asmandan durnalaryň kümüşsöw sesine meňzeýär. Bir seretseňem gyz jorasyna öz söýgülisi hakda süýjedip gürrüň berýän ýaly bolýar…

Babu gözel Ganga hakynda başda-da kän gürrüň etdi. Iň soňunda-da, diýseň gamgyn halda şeý diýdi.

– Ganganyňam indi suwy bulanyp başlady…

Ol şeý diýip gitdi. Men uzakly gije ýatman Babuwyň hüwdüsini – hasratyny kagyza geçirdim.

Görmek barmyka belendin-pesin,

Görmek barmyka gözel Gangany.

Kenarda diň salyp, durnalaň sesin…

Ertesi Babu ýany bilen hindiniň gödeksi saz guralyny alyp gelli. Ýöne ol ony gabyndan çykarmaka hamala meni öňden tanap ýören ýaly düýnki Gangoly gürrüňe başlady.

– Adamym ikimiz şeýle maslahata gellik. Birnemejik pul ýygnap bilsek. Ganganyň aňry kenaryndan ýer satyn alyp şo ýere göçeris diýýäris.  Ekin  ekeris, mal saklarys, köp çagamyz bolar. Täze durmuş gurarys. Soň adamlar ýanymyza göçüp gelerler. Giden oba bolarys. Soň göçüp gelenler adamymy o ýeriň kethudasy edip saýlarlar. Sebäbi şo ýere ilki göçüp gelen biz ahyry.

Babu begençli gürleýärdi. Men ony ünsli diňleýärdim. Oň täze durmuş gurmak hakyndaky arzuwy maňa diýseň ýaraýardy. Ol bolsa hut ertir şo durmuşa –  adamlaryň kän ýyllardan bäri garaşýan durmuşyny başlajak ýaly barha hyjuwlanyp gürleýärdi. Hemem öz gürrüňiniňnähili täsir edýändigini biljek bolýan ýaly owadan gözlerini maňa tarap aýlaýardy. Meniň ünüsli diňleýänimi bilibem ýene gürrüňini dowam dowam edýärdi.

– Men aýdym-sazyň ir muşdagy bollum. Haçan-da öýümiziň içinde sitaraň owazy ýaňlanyp başlanda goňşular şeý diýerdiler.

– Baby, sen garyp halkyň hasratyny öz sazyň bilen egisersiň.

Ol şeý diýip äpet saz guralyny gabyndan çykardy. Soňam hindiniň ölmez-ýitmez heňi bilen burnuna salyp “hym…” etdi. Soňam pessaýja “heý” diýdi. Şodemem perdeleriň arasyndan sazy gaýtalaýan owaz ýaňlandy.

Men oňa tarap nädip serdenimem bilmeim. Babu bolsa, bir aýdymyny gutarsa, ikinjisine başlap, ikinjisi gutarsa, üçünjisine başlap şol aýdyp otyrdy. Sitaraň äpet perdelerem kä pessaýlap, käte-de galyp, gamgynlyk bilen olary gaýtalaýardy. Bi görnüş gaty gadymy hindi kinomy – meniň oglanlyk döwrüm   gören kinolarymy ýatladýardy. Men oňa büs-bütin berlemsoň töwerekdäki seslerem aňşyramokdym. Sesler bolsa nebsagyryjy owaz ýaly eşidilýärdi.

– Eý, maý gat…  – Eý, Allam.

– Tu hat… – Nähili gaýgyly.

– Gohet, mo-mo… – Ýene, ýene-de dowam çalsana.

Käbiri bolsa başgaça gürlärdi.

Aýdym-saz gussany egisse-de, ol adamyny terbiýelemeýän ekeni. Oturmaga boş oturgyç baram bolsa, bi zenan ýerde oturýar.

Dogrudanam Babu edil erkek adam ýaly otuň üstünde aýbogdaşyny gurap aýdym aýdýardy. Hamana oturgyjyň üstünde oturyp aýtsa, oturgyç hasrata döz gelmän döwüläýjek ýalydy.

Agşam men ýene Babuwyň aýdymlaryny özümçe tertibe sallym. Soň men gynansamam o ýerden gitmeli bollum. Bi eziz adamlardan daşlaşasym gelmese-de başga çykalgam bolmany üçin olar bilen hoşlaşdym. Sebäbi Maýamada her ýyl geçirilýän “Hekaýa ýazmagyň bäsleşiginden” maňa hat gelipdi. Şoňa ýene gatnaşasym gelli. Geçen ýyl hekaýam şowlamandy, belki bu ýyl şowlar.

Babu mährem enäniň perzendini uzak ýola ugradanda edişi ýaly maňlaýymdan ogşady. Hemem şeýle sözlerini gysganmady.

–  Seň gowy ýüregiň bar Gündogarly, şo ýüregi Buddanyň özi aman saklasyn…

                                                                                         Öwezmyrat ÝERBENDI. 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri