DÜNÝÄ

Türkmenistan-BAE: energetika pudagynda daşky gurşawy goramak

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar” kompanýasynyň wekilleriniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek arkaly daşky gurşawy goramak boýunça Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň bilelikdäki tagallalary” mowzuk boýunça seminar geçirildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Seminara Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar” kompanýasynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Seminar mynasybetli institutyň baş binasynyň eýwanynda guralan sergide professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň taýýarlan ylmy taslama işleri, muzeý gymmatlyklary ýaýbaňlandyryldy. Seminaryň dowamynda “Masdar” kompanýasynyň dünýäde we Merkezi Aziýa döwletlerinde amala aşyrýan taslamalary dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri