Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankarada şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabara geçirildi. Ankara şäherindäki türki döwletleriň parlamentarlar gaznasynyň binasynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de türki döwletleriň ýaşlar geňeşiniň goldamagynda guraldy. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna hem-de türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.
Dabaraç deputatlar, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň agzalary, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, ulagda, senagat korporasiýasynda, innowasion tehnologiýalarda, ylymda we bilimda gazanan üstünlikleri hem-de bu ugurlarda ýetilen sepgitler barada giňişleýin maglumat berildi.
Türkmenistanyň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri, hususan-da Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagy ugrunda durmuşa geçirýän daşary syýasat başlangyçlary baradaky çykyşlar has uly gyzyklanma döretdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň belent münberinden öňe süren oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň möhümdigi bellenilip geçildi.
Dabaranyň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
