DÜNÝÄ

Bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ösdüriler

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow “The Nippon Foundation” gaznasynyň başlygy Ýohei Sasakawa bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, şeýle hem ylym-bilim wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup durýar.

Related posts

Özbegistan Türkmenistanyň kömegi bilen öz raýatlaryny Eýrandan alyp gaýdýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary