Hekaýa
Onuň ýaýlamyza nähili düşenini hiç kim bilmedi. Ýöne garasy görnenden itleň bary waňkyryşyp ulukjyn alan ýaly boldy. Ilki çopanlar oňa guduzlan möjekdir öýtdüler. Sebäp ol hiç hili gorkyny-ürkini bilmeýän ämärtdi. Ýöne onuň goýun-guza degmeýänini bilip ol pikirlerinden dändiler. Soň oňa Üňňüş bolaýmasyn diýişdiler. Men Üňňüşiň nämedigini bilýärdim. Ol möjek bilen argaşan goýun itinden alnan tohum. Oňa gaýduwsyz diýýäler. Onda-da çopanlar ony känbir halap barmaýar. Sebäp onuň süňňünde möjegiň gany bar. Ony ynama salmak kyn. Möjek, möjek bolýar. Bir gün bolmasa, bir gün ahmalyňa garaýmagy gaty ähtimal.
Ýene-de çopanlar ene tarapy it bolan Üňňüşi kem görenoklar. Üpük goja süýt enäniň ganyndan syzylyp gaýdýar, ýene enesi it bolsa rehimilliräkdir diýýär. Tersine enesi möjek bolsa, ol çyn möjekdenem ekabyr bolýar.
Bu täze ýolugan nägehan, bi jelegaýlarda görlen düýş däl. Özem ýekemen güjük ýaly täk özi gezýär. Gowy ýeri, ondan itlerem elheder etse edýär welin, şo görüneni bäri möjekleňem aýagy kesildi. Olaram elheder edýän borly.
Onuň gazan ýaly kellesini men uzakdanam saýgarýan. Ol iki öňki aýaklarynyň arasyna alkymyny ýere berip ýatan mahaly, men ol kellesiniň mähnet bolany üçin ony galdyryp bilýän däldir öýderdim. Onuň şo ýatyşy şonam diýdirýärdi. Dogrymdan gelsem, şeýle bitginli jandaryň ýaýlamyzda ýaşaýanyna begenmänem duramokdym. Möjekleriň ondan heder edýändiklerine bolsa, oglan göwnüm bilen heşelle kakýardym. Näme diýselerem, şeýle garadangaýtmaz zalywadyň ýüzüni görüp durmagyň özi gowulykdy.
Onda-da Üpük goja, sähralaryň oýny kändir, nähilem bolsa gorkusyz ýaşamak üçin onuň elheder ederi ýaly garşysyna bir it tapmaly diýdi. Ýöne gojanyň diýýäni ýaly it bi jelegaýlarda gytdy. Kileň şü görlüp ýörlen itler ýaly itdi.
Onda näme etmeli?
Uly ýaýlada kibtiňi gysyp ýörmelimi ýa alajyny agtarmaly. Şol gün çopanlar uzakly gün maslahat etdiler. Ýöne hiç bir çopan barmagyny çommaldyp, «ho iti alaýyň» diýip bilmedi. Ahyry Üpük goja şeýle netijä geldi:
– Ugry düzüw ganjyk it tapyp, şol ýabany itiň özünden güjük almaly…
Gowy zatlaryň bol bolmaýşy ýaly, senmi diýdirýän ganjyk item bolluk däldi. Eger ol bol bolsa, onda ol gowy bolmaýar.
Mazalyrakdyr diýlip bir ganjyk iti tapyp getirdiler. Ýöne Üpük goja onuň mysalasyny görenden syny oturman, eýlesine geçip bir seretdi, beýlesine geçip bir seretdi. Ahyram başyny ýaýkady.
– Dişini syrtdyrşyny görýärmiň, munuň gaýyň gatyşygy bar. Arwana, tohum itiň ümi aşak bolýar…
Ýene ýüregi ýerinde diýip birini getirdiler. Goja oňa-da pisint etmedi. Aý, garaz, sähel salymyň içinde, obamyzyň ganjyk itlerini elek elän ýaly edildi. Iň soňunda-da, şu boljakda – şu boljak diýşip ýene bir ganjyk iti tapdylar. Gojanyň oňa gowni ýetäýjek-ýetäýjek ýalam boldy. Ýöne ýene bir zadyny tapdy oturyberdi.
– Akylly it özünden pese degýän däldir. Hany obaň içinden eýläk-beýläk aýlap görüň, näme oýun turuzýar…
Ganjyk itiň boýnuna ýüp dakyp, oňa-muňa aýladylar. Ol item tamany ödemedi. Towuk görse-de, guş-gumram bolsa, geçip barýan çaga-da dyzytdyryp dur. Ony gören goja: «Zalywady oňarsaňyz getiren ýeriňizdenem aňyrrak äkidiň» diýdi. Şonda onuň birneme gaharam geldi.
Soň gaýraky obadan birini alyp geldiler. Göräýmäge ugry düzüw ýaly. Ýöne köp ýalmanýar. Üpük goja onuň bolşuny synlap, elim ýaly çöregi öňüne oklady. It gojanyň ýüzüne seredip, çöregi hol beýläk dişi bilen alyp gitdi-de, öňki aýaklary bilen ýer peşäp ony gömdi. Soň ýene ýalmanyp gojanyň ýüzüne seretdi. Goja ýene öňüne bir bölek çörek oklady. It ýene öňki hereketini gaýtalady. Üçünji gezekgi synagdan soň, goja agyr başyny ýaýkady.
– Bi tetelli it, hiç haçanam eýesine gönençlik bermez, ony çagaka enesi ýalamandyr…
Şeýdip olam sowuldy. Ahyry adamlar gojanyň hut öz ganjyk itini – birneme gartaşan Alaganjygy hödürlediler. Goja öz itine belet bolansoň sesini çykarmady. Ýöne öňde ýene bir ýowuz zat keserip durdy. Şol ýabany itden – goja onuň adyny şeý diýip tutýardy – tohum aljak bolsaň, ilki onuň keýpiniň köklügini ýa kör keýipbilligini bilmelidi. Goja ony ýabany itiň sesi arkaly aňşyrýardy. Eger ol gaharly jabjynyp ýygy-ýygydan üýrüberse, onuň ýowuz durmuşdan närazylygy. Şeýle ýagdaýdaka ondan ýagşylyk tama etmeli däl. Onuň ysnyşmagyň deregine, ganjyk iti dalaýmagy gaty ähtimal. Haýbat atýan ýaly, kä ýarym bir dökmädelik bilen üýrse, ýörände seňkillemän, aýaklaryny ýere agramly bassa, onuň köpek seýline çykdygy. Ugruna bolsa ondan tamakin bolubermeli.
Biz onuň sesine diň salyp başladyk. Haçanda sähralara siňýän keltejik ýogyn ses gulagymyza kaklyşanda, Üpük goja gyssanmaç pyşyrdady.
– Öwekge, bol çaltyrak, gyssanaweri…
Biz Alaganjygyň boýnuna kement atyp, ýabany itiň torlawyna – gatnaýan ýodasyna tarap ýola düşdük.
Bahar tebigatynyň juwan gözelligi ýüregiňi ýakymly joşduryp täze duýgulary oýarýardy. Sähralaryň kemala gelen gözelliginiň, gijäniň dabaraly ümsümligi gujagyna alypdy. Meniň kalbyma ýakymly bir zadyň sähelçejik damjasy siňen ýalydy.
– Çüş…
Üpük goja kellesini bir ýana gyşardyp diňşirgendi. Şonda agzy köwelen ýaly bolup betgelşik sypata geçdi. Soňam gyssanyp Alaganjygyň boýnundaky ýüpi gabadymyzdaky ak sözene pugta daňdy.
Biz taýak salym gaýra çekilip garaşmaga başladyk. Ilki ýere agram salýan aýaklaryň sesi eşidildi. Soň Alaganjygyň gorky gatyşykly hormat bilen çyňsaýan sesi geldi. Haçanda ýabany itiň törpi ýaly dili, Alaganjygy ýalap başlanda, men gijeligem bolsa Üpük gojanyň ýüzüniň ýagtylýanyny saýgardym. Soň çyňsama meňzeş, düşnüksiz sesler gijäniň dabaraly ümsümligini paralady.
x x x
Biz indi dünýä geljek güjüjegiň gününi däl-de, sagadyny sanaýardyk. Üpük goja entek ol azaply dünýäniň gyrasyndan girmänkä howsala düşüp, her hili tabşyryklary berýärdi.
– Ol köp ýatmasyn, çörek bermän, eti köpräk ber… Ýalagynda hemişe suw dursun. Şeýle ýagdaýdaky ene güjük suwy köp içýändir…
Men gojanyň tabşyryklaryny oglan ýüregim bilen begenip edýärdim. Şu gün bolsa ol, düýbünden başga hörpden gopdy.
– Güjüjege jan girenden soň, enesiniň garnynda näçe gün ukusyny alýanyny biljek bolaweri…
Men muňa aňk-taňk boldum.
– Näçe gün ukusyny almaly?
– Üç gün…
– Üç günden az bolsa…
– Onda ol bomalysy ýaly it bolmaz…
Goja bir gürrüňçilikde, ugry düzüw çaga boljak bolsa, her süňňüne bir gün – on iki gün enäniň garnynda ýatmaly, taýçanagam ýedi gün garyn ukusyny almaly diýipdi. Ynha indi düzüwli it boljak bolsa, onuňam ýatmaly güni bar eken.
– Eger çaga-da, atam, item ýatylmaly güni ýatmasa näme bolar?
– Hiç zadam bolmaz, diňe ýaşamaly diýip ýaşar ýörerler.
Men ol wagtlar dünýäniň beýle-beýle oýunlaryna akyl ýetirerden ejizdim. Ýöne Üpük gojanyň ol sözleri ýöne ýere aýtmandygyna-da özümçe düşünýärdim.
Men indi her gün Alaganjygyň gyzyl damarlar bilen örtülen ap-ak garnyna seredýärdim. Niçikmi güjüjekler gymyldaberse, olaryň üç gün ukusyny alaryny dileýärdim. Gymyldysyz ýatsa-da, oňa bir zat bolandyr öýdüp gorkýardym. Şeýdip alasarmyk günler bilen başagaý bolup ýördüm.
Goja-da indi begençli habar aýtjak ýaly gaşlaryny gerýärdi. Şu gün ol agşam çaý içip otyrkak, şol begenjini sähelçe-de gizlejek bolman şeý diýdi:
– Ertir myhman gelse gerek, käsämde boýçy görünýär.
Men onuň çaý içýän käsesinde ullakan çöpi – boýçyny görüp ýylgyrdym. Ertesi garaşylan myhman geldi. Alaganjyk üç sany güjüjegi dünýä berdi. Olaryň biri köpejik, ikisem ganjyk güjüjekdi. Olar ýaňy ýalançynyň gyrasyndan girenem bolsa, dünýeden närazy ýaly çyňsaşýardylar. Enesiniň dyňzap duran emjeklerini biri-birinden gabanýardylar. Bu bolşa seretmek ýakymlydy. Seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Günler bolsa ertirden soň birgün, birgünden soň, soňky gün gelip, aýagaldygyna zybdyrylyp durdy. Güjüjekler bolsa gün saýy her hili oýunjyklar tapyp, enesiniň üstünde eýläk-beýläk togalanýardylar. Alaganjygyň çem gelen ýerinden emmedir öýdüp sokjaýardylar.
Dünýä ýaşaýşy alyp gelen Alaganjygam ömründen razy halda süýji gerinjireýärdi. Mähribanlarynyň hemmesiniň bir Günüň aşagynda ýaşajakdygyna ene hökmünde razydy.
Güjüjekleriň ady özleri bilen bile gelensoň, köpejigiň adyna Boýçy dakdyk. Olar gün saýy ulalmak bilendi. Güjüjekler ösdügiçe gojanyňam talaby artýardy.
– Esewan bolaweri, birden köp emäýmesinler…
Men bolsam onuň köp emenini gowy görýärdim.
– Köp emse süňňi agyr bolar…
Üpük goja güjüjekleri guş idedýän ýaly seýisleýärdi. Bir günem ol güjüjekleriň ys alyş ukybyny barlamak üçin tilkiniň ödüni olaryň burnunyň golaýjagynda ýardy. Del ysy alan çagatak güjükler hyňranyşyp başlady. Muňa monça bolan goja şelaýyn gülümsiredi.
– Güjüjekler almaly ukusyny – üç günki ukyny alypdyr öýdýän…
Men durup bilmedim.
– Ony nämeden bilýäň?
– Gözleri akar çeşmäniň suwy ýaly dury görünýär. Ýetişse bular çyn köpek bolarlar.
Gojanyň bu sözi kalbymda berk ornaşdy. Senmi diýen it boljak bolsa, gözi dury bolmaly hemem üç gün garyn ukusyny almaly.
Bir gün ol sen-men ýok, güjüjekleriň gulagydyr guýrugyny kesdi oturyberdi. Men muňa çaga ýüregim bilen gynandym. Olary tebigat nähili ýaradan bolsa, şo hilem ýaşanyny gowy görýärdim. Ýöne goja ol hörpden gopanokdy. Onuň aýtmagyna görä, itiň iň üşek ýeri – burnunyň ujy bolýar. Niçikmi ol guýrugynyň ujy bilen şony ýyladaýsa – ol ýatanda burnuny guýrugynyň aşagyna sokup ýatýar – ol uklamak bilen bolýar. Gulagynyň kesilmegem onuň hüşgär bolmagy üçin.
Men ol sözleri goja, ýöne aýdaýýarmyka öýdüp, güjüjekleň burnunyň ujyndaky garaja ýeri elläp görýärdim. Geň zat, ol haçan görseň buz ýalydy. Onsoň güjüjekleriň awunanyna nebsim agyrsa-da, näalaç goja «hä» diýmeli bolýardym.
Meni ýene bir zat has geň galdyrýardy. Boýçynyň gözi, bir wagtlar bizden öýkeläp giden itimiziň – Karaşyň gözüni ýatladýardy. Onuň düşbi gözleri, edil Boýçynyňky ýaly arzuwly hem sadady. Giň agzy elmydama ýumulman durýardy. Ýöne ol näçe düşbi bolsa-da, ters zady görse, ýüreginde saklap bilenokdy. Men şonda onuň damarlarynyň güýçli tirpildeýändigini görýärdim. Şol häsiýeti ony bizden daşlaşdyrypdy…
x x x
Ol mahal biz Eginobanyň golaýynda goýun yzynda gezýärdik. Karaşam eke-tokarrak itdi. Men onda beýleki itleriňkä çalym etmeýän nähilidir bir zadyň bardygyny görýärdim. Ýöne onuň nämedigini bilemokdym. Ony gojadan soramda olam şeý diýipdi:
– Menem bir zatlaryň barlygyny syzýaryn…
Karaşy biziň hemmämiz gowy görýärdik. Diňe ony halamaýan Hanymdy. Ol hemişe ýigrenç bilen şo bir gaýtalaýan sözüni gaýtalardy.
– It, itdir-dä…
Onuň ol sözüni goja-da halanokdy. Ýöne Hanym onuň giýewsi – ýalňyz gyzy Gynnanyň adamsy bolansoň sesini çykaranokdy. Sesini çykarmaýanlygynyň sebäbi, olaryň zürýatlary bolanokdy. Şony tutaryk edip, Hanym häli-şindi yrsaraýardy.
– Maňa dogurmazak gyzyň gerek däl… Ýok edip, aýrylşaryn…
Men şonda Gynnanyň gözýaşyny görmejek bolup, bir gyra çekilerdim-de, ýadaw dünýäniň ýüzüne seredip oturardym. Hemem Hanymyň ýüregi düşeşer ýaly, bilýänje dogalarymy okap, Gynnalaryň öýüne-de basymrajyk sallançagyň üwrelmegini çaga ýüregim bilen dilärdim. Emma näme üçindir akja bäbek howluganokdy.
Hanym nämä yrsarajagyny bilmän, günde bir bahana tapardy. Biz agşam şamyna oturanymyzda, Üpük goja hernä ilkinji susagy Karaşyň ýalagyna guýardy. Bu günem goja şo edähedi bilen Karaşyň ýal iýýän ýalagyny eline alanda, ýene ol etmesizini etdi.
– Näme ol bizden artykmy… Ilki onuň garnyny doýurar ýaly, gowusy ilki nahary dogurmazak gyzyňa ber… Belki, nepi deger…
Ol şeý diýip, gojanyň elindäki ýalagy allowarra zyňyp goýberdi. Özem haş-haş edip çişýär. Şol gün Karaş ýalagyna ýal guýulanda iýmedi. Şondan soň ol, tukat göwni galan görnüşde ýaşap başlady. Men ony ýanyma çagyrjak bolup, näçe:
– Karaş… Karaş… – diýsemem, ýüzüme seredýärdi-de, başyny sallapdy. Bu zatlaryň hemmesi oglan gözlerimiň öňünde bolup geçýärdi. Onsoň meniň kiçijek ýüregiň bu bolýan zatlara çydaman aglasymy getirýärdi. Ýöne gözýaş dökmäge utanýardym. Aglamajak bolýardym. Şeýle-de bolsa ýuwaşja aglaýardym…
Karaş gözüni açyp, çopan erkegidir owlak-guzydan başga hiç zat görmänsoň ol olara höwrügip gözüniň göreji ýaly goraýardy.
Bir gezek Hanym, sürä eýermeýän goýny depeni üçin Karaş onuň aýagyndan agyz saldy. Beýle zada garaşmadyk Hanym elindäki çopan taýagyny salgap oňa topuldy. Ýöne Karaş ýapydan aşyp ýetişipdi. Şeýdip ol sähralaryň ýowuz durmuşyny hemem özi hakdaky süýji ýatlamany bize galdyryp ymykly hoşlaşdy.
Karaşyň şo gidişi-gidişi boldy, gaýdyp köwlenmedi. Men hernä iňrik garalyberende, selin tümmekleriň aňyrsynda mähnet kelle görünäýjek ýaly, zol-zol ilerki gädige seredýärdim. Ýöne, teý görünýän gara ýokdy. Şeýdip oňa arly ýyl garaşdym. Alaçsyzlykdan özüm aglap, özümem goýardym. Höre-köşe edýänem ýokdy, köşeşdirýänem…
Haçanda Karaşyň düňderilip ýatan ýalagyna gözüm düşende, ýüregimde bir zat lowlap ýanan ýaly, damarlarymdan gyzgyn bir zat akýan ýaly bolýardy. Goja-da şo hesreti çekýän borly. Nahar guýjak bolanda hamana Karaş boýnuny uzadyp, öýüň eňsisini serpäýjek ýaly diňşirgenip durardy. Soňam öz hereketini duýdurmajak bolýan ýaly ýüzüni aşak salardy. Men şonda onuň dodaklarynyň matam çekijili salparýanyna gözüm düşerdi.
Boýçy dünýäniň gyrasyndan girenden soňam, soň-soňlaram men ýygy-ýygydan ony ýatlardym. Entegem onuň keşbi golaýymda şöhle saçýardy hemem tukatlandyrýardy. Ýöne wagt geçdigisaýy, onuň keşbi ýuwaş-ýuwaşdan ýiteňkirläp, onuň ornuny özüne meňzäp duran köpejik – Boýçy tutýardy.
Şu gün goja meniň ynanjymy hasam güýçlendirdi.
– Biziň ýabany it diýip ýörenimiz, baýaky Karaş ýaly-la. Men şu gün onuň ak çägeleriň ýüzünde galdyryp giden täze yzyny gördüm. Artky aýak säpjäp alynýar. Karaş şeýdip alardy. Ýöne onuň meňzi üýtgäpdir. Bu onuň ýowuz sähralaryň içinde, ýalňyzlykda içini hümledip ýörkä, tebigatyň oňa peşgeş beren keşbi bolmaly…
x x x
Olar iki sany öte güýçli pälwanyň biri-biriniň güýjüne hormat goýup seredişleri ýaly, uzak wagtlap seredişdiler. Soňam ýene seredişdiler. Soňam…
Boýçy guýrugyny mylaýym hem duýgudaş ýagdaýda bulaýlap oňa tarap ýöneldi. Karaşyňam oňa bolan garaýşy dostluklydy. Sähralardan çoýundyryjy ýylylyk öwsen ýaly boldy. Meniň ýüregimde özüme-de düşnüksiz bolan bir zat lowurdap tutaşýardy.
Meniň soňky ýola, kalbymda hiç haçan öçmejek yz goýan mähribanlara seretdim. Ýaşyp barýan Günüň gyzylymtyk şapagy olary doňdurylan heýkel ýaly edip görkezýärdi.
… Öten agşam olar meniň düýşüme girdi. Bu eýýäm ikinji ýola girişleri. Olar çym gyzyl dillerini sallap, düşbi gözleri bilen maňa seredýärler…
Öwezmyrat ÝERBENDI.