HEKAÝALAR

Öz ýurduň çöregi

                                                                                         Hekaýa

Ykbalyň emri bilen meniň dokuz ýyllap duzuny iýen ýurdumda men ýaly baran adamlaryň hemmesiniň pikiri bir pikirdi.

“Nädip şu ýurduň raýaty bolup bolar?”.

Ol ýurt arzuw etmez ýaly-da däldi. Iş köpdi. Hötde gelseň üç işde-de işläp bolýady. Tölenýän pulam ýaşyl kagyzjyklardy. Meniň bolsa bar aladam bäş sany çagany sowatly etmekdi. Şonuň üçin bi ýurt göwnüme ýarasa-da, Watana dolanmaly diýen pikir kellämden hiç aýrylmaýardy. Sebäp yzymda aýalym pahyr, ejem görgüli heniz dünýede bardy.

Dogry ýigrimi üç gün diýlende maňa nätanyş ýerden jaň geldi. Ol şol ýurduň ýaşaýjysy bolan Lowurdy – aklawjysydy.

Biziň gürrüňimiz şeýle başlandy.

  • Siz Türkmenistandanmy?
  • Hawa.
  • Size ýazyjy diýdiler.
  • Beýle bir öwünmäge hakym ýok…
  • Ýeri-ýeri… Biz bar zady bilýäs, hat-da siz Ýerbendi diýen lakamam ulanýan ekeniňiz.
  • Men sizi diňleýän!
  • Bi ýurdy haladyňyzmy?
  • Ýürekgysgynjyrak diýmeseň, erbet däl.
  • Ol siziň bi halkyň dilini gowy bilmeýänligiňyzdendir.

Ol şu sözleriň hemmesini çalgyrtyrak rus dilinde aýdýardy. Meni haýran galdyran onuň rus dilinde gepleýänligi däldi-de, razwetkanyň şeýle güýçli işläp, men hakynda ähli maglumatlary bilýänligidi. Ýogsam bi ýerde eke men däldim. Ol az-kem dymyp ýene gürledi.

  • Eger siz alty müň dollary gysgançlyk etmeseňiz, men sizi bi ýurdyň raýaty edip bilerin.

Men nämä garaşsamam o zeýilli teklibe garaşmaýardym. Dogrusyny aýtsaň alty müň dollar däl, jübümde altmyş dollaram ýokdy. Men gazanýanja pulumy ikä bölüp, ýarsyny aýalyma, ýarsynam çagalara ugradýardym. Bir zady bellemek gerek. Bu ýurtda alty müň dollar beýle kän pul däldi. Işini söýýän adam iki ýarym aýda ony gazanyp bilýärdi.

Men Lowura öz ýurduma dolanjakdygymy aýdamda ol birgeňsi äheňde şeý diýdi.

  • Saňa gowy ýazyjy diýselerem, beýle bir akylla däl ekeniň. Bi ýerde ell müň, altmyş müň dollar harç edibem raýatlygy alyp bilmän ýörenler gaty kän.

Men gürlemedim. Ol bolsa çemelije sözlerini assalyk bilen suňşurýardy.

– Saňa bagtyň ýumşak penjesi goluny uzadýar. Sen bolsaň…

Men ýene gürlemedim.

– Ne duri! Gowja pikirlen!

Soň men bi ýurduň içinde terslin-oňlyn dokuz ýyl gezemden soň şol aklawjy ýene maňa sataşdy. Indi biz telefonyň üsti bilen däl-de, biri-birimiziň ýüzümize seredip gürleşýärdik.

– Saňa meniň baragymda-da ýaşapsyň diýýärler. Ol dogrudanam şeýlemi?

Onuň barak diýýäni ýaramaz ýerdi. Onda maksatsyz durmuşyň kowan adamlary ýaşaýardy.

Men başymy atdym.

  • Hat-da sen talabanam bolupsyň!

Men sesimi çykarmadym. Soň ol uludan demini alyp, meň ýüzüme seretmän gürläp başlady.

– Sen dogry ýoly saýlapsyň. Gatam bolsa, öz ýurduň çöregi süýji. Meniň hemme zadym bar, ýöne seňki ýaly bir-ä arassa kalbym ýok, birem Watanyma bolan söýgüm.

Ol şu sözleri aýdyp meniň bilen hoşlaşdy.

Men öňküje tanyş ýolum bilen obama gidip barýardym. Tanyş gumaksy ýollar. Ýöne ol gumaksam bolsa meni öýüme alyp barýardy. Men öýüme golaýlaşdygym saýy bir zatdan gorkýardym – dokuz ýyl aýraçylyk meni ejizledendir, çagalarymyň ýüzüni görsem aglaryn öýdýärdim.

Şol gün şu günki ýaly ýadymda. Meniň geljegimi eşidip obamyzyň tas bary diýen ýaly üýşüpdir. Hat-da garry köpek Baltaga çenli bar. Men aglamakdan zo-ordan saklanyp, öz ezizlerim bilen görüşdim. Ýöne men çagalarymyň öňünde ejizlemedigem bolsam kyrk ýyllap begenip gatnan redaksiýama baramda gözýaşymy saklap bilmedim. Kyrk ýyl mundan ozal ilkinji ýola gapyny açan Edebiýat gazetiniň tutawajyndan tutamda tas dükge düşüp aglapdym. Gazetiň töründe-de öň oňa golaýlap bilmeýän iki adamym otyrdy. Olar öz ýigrençlerini sähelçe-de gizlejek bolman ýüzümi daladylar.

– Biz seni gitse gelmeze gidensiň öýdüpdik. Sen bolsaň dolandyň…

Men gapyny ýapdym. Kişiniň sözüni diňlemek aýybam bolsa gürrüň özüm hakynda gidensoň daş işikde sägindim.

– Eger ol ýene ata münäýse, biziň ýazýan zatlarymyz wiçjik bolar…

– Her etmeli- hesip etmeli, ýöne ony işe golaýlatmaly däl…

Şondan soň tegelek bir ýyllap meniň durmuşymyň iň bir kyn güni başlandy. Men indi her gün diýen ýaly redaksiýalaryň gapysyny kakyp iş soraýardym. Olaryň kimsesi sypaýyçylyjk edýäd, kimsesem ýigrenç bilen ýüzüme garap ýok diýlen sözi örän erbet görnüşde aýdýardy. Käsi bolsa “Kim seni şo ýurda ugradan bolsa, şo-da seni işe ýerleşdirsin” diýýärdi. Kimsem meni görenden ýamanalgysyny gören ýaly süýem barmagyny dodagyna ýetirip, ilki ýuwaşlyk bilen “çüş-ş” diýýärdi. Kimsem “Gerek bolsa, biz özümiz saňa jaň ederis” diýip, sypaýysyran bolýardy.

Haýsy redaksiýadygy ýadyma düşenok, stoluň aňyrsynda maňa nätanyş bolan redaktor otyrdy. Men ondan iş barmy diýip soramda ol sypaýyçylyk etdi.

– Işemek üçin ilki ýazyp bilmek gerek. Seň öň ýazan zadyň barmy?

Men ýuwaşja pyşyrdadym.

– Ýazmak höwesim-ä bar…

– Höwes ýeterlik däl – bolmalysy ýaly ýazyp bilmek gerek. Gazetleri köpräkm oka. Üstaşyr köprüler gurulýär, her-hili forumlar geçirilýär, şolar bilen köpräk tanyş bol! Hasam halk ýazyjylaryň ýazýan zatlaryny dykgat bilen oka. Garazaluwat, olaryň ýazaýşyny! Okap ugrasaň, aýrylasyňam gelenok. Menem täzelikde halk ýazyjysy diýen derejäni aldym. Geçen hepdede iki materialym çykdy. Biri “Türkmenistan” gazetinde, beýlekisem “Mugallymlarda”. Suratymam goýupdyrlar. Hany ýowsa-da sen bir sözlem düz!

Men ýüzümi galdyrman hümürdedim.

“Aman obadan şähere geldi”.

Men sözümi guratmakam redaktor göwünsiz gepledi.

– Ýak walla, munuň gysgajyg-a. Hany, uzynragyny düzsene!

Men bada-bat jogap berdim.

“Şäher ýaramansoň ol basym yzyna dolanmak bilen boldy”.

Redaktor iki elini galdyrdy.

– Dur-dur! Senden birzat çykaýjak ýaly – ýeser görünýäň! Dogrusyny aýtsaň, sen prinsip boýunça ýazyp biljek.

Soň ol sözüni kesip, başga hörpe geçdi.

– Näçe wagtdan bäri işsiz?

Men tegelek bir ýyl bolandygyny aýdamda ol dözümsiz enäniň äheňinde gürledi. Gürlemänkä-de jübüsinden iki sany bäşlikdir, bir birligi çykaryp, maňa  uzatdy.

  • Şunça wagtlap işsiz gezip ýören bolsaň sen açsyň. Me, şuny al-da aşakdaky naharhana gir. Içine makoron atylan çorbadan algyn – ýüregiňde berk durar ýaly!

Men pula elimi uzatman daş çykdym. Başym aýlanyp, gözüm garaňkyran ýaly boldy.  Daş işikde bir gyzjagaz durdy. Men ony öňki gezek gelemde-de görüpdim. Ol dözmez äheň bilen şeý diýdi.

  • Daýy, iş gözleýäňizmi?

Men geplemän onuň ýüzüne seretdim. Ol sözüni dowam etdi.

  • Indi beýdip iş gözenenok-a. Tanşyňa jaň etdirmeseň seni hiç kim işe almaz… Menem žurnalistika fakultetini gutardym. Bir ýyldan gowrak iş tapman ýörün.

Men onuň sözüne görä söz goşdum.

  • Siz näme, jaň etdirip bilmediňizmi?

Gyz ysgynsyzja gürledi.

  • Meniň jan etdirmäge tanşym ýog-a…

Men gyzyň gürleýşindenem has ysgynsyz gepledim.

–  Meňkem ýok-da…

Men gyz bilen hoşlaşyp beýläme öwrülemde, maňa tarap Akjemal ýetip gelýärdi. Men hossarymy gören çaga ýaly begendim. Hem aglasym gelýärdi hemem tolgunýardym.

– Akjemal, sen öňem mähribandyň, indi gözüme hasam mähriban görünýäň. Men öz ejizligimi saňa görkezesim elenokdy… Bolmady…

Akjemal şo öňki mylaýymlygy bilen ýüzlendi.

– Men seniň geleniňi eşitdim. Irde-giçde dolanjakdygyňy bilýärdim.

Soň ol meniň ýüzüme seretdi.

– Weý-weý, saňa näm bolýar? Sen mert adamdyň-a. Ýör, men saňa gyzgynjak çaý bereýin. Tamdyr çöregimem bar, ýöne birneme gatyrak. Zyýany ýok, çaýa basyp iýersiň.

Men aglamakdan zordan saklandym.

Indi meni işe almag-a däl, ýazýan hekaýalarymam çykaranokdylar. Hekaýanyň arkasyna gök galam bilen däl-de, görnükli bolar ýaly gyzyl galam bilen “Saklamaly!” diýip ýazardylar. Günäm bolsa şol bir günädi – çagalrymy bilimli etmek üçin başga ýurda gitmek. Hamana men şol ýurda byzmyk iýmäge giden ýaly.

Şeýle ýagdaýda adam nähili aljyraňlylyga düşýän bolsa men şozeýilli aljyraňlylyga düşüpdim. Oň üssesine-de ilki aýalym pahyr, onsoňam ejem görgüli meni ýalňyz galdyryp gidipdi. Meniň bolsa dokuz ýyllap gören-eşiden zatlarymy, ýyllaryň beýnime guýan täsinliklerini kimdir birine – düşünýäne gürrüň beresim gelýärdi. Ak kagyzy dolduryp gazetlerde çap etdiresim gelýärdi. Emma meniň arzuwlarym başa baryberenokdy.

Şeýle günleriň birinde men uly iliň barýan gapysyny kakdym. Mazaly saçyna ak sepen adam garşy aldy. Men hiç-haçan günäsini geçip bolmajak günäkär ýaly bolýan ýagdaýlary oňa gürrüň berdim.

  • Men uly günä iş etdim. Haýsy suw bilen ýuwsaň ol günäi aýryp bolarka?!

Ol üşerildi.

  • Nähili günä?
  • Çagalrymy bilimli etdim.

Ol çalaja gaharlanan ýaly gürledi.

  • Sen aşa degişgen öýüdýän?

Men sözümi dowam etdim.

  • Şonuň üçinem gaýry ýurtlaryň birine gitmeli boldum.

Onuň iň soňky aýdan sözi şü boldy.

  • Bir hepde puryja ber. Günäň ýok bolsa işlärsiň.

Dogry üç günden soň maňa jaň geldi.

  • Siziň işlemäge doly hukugyňyz bar.

Meni işe aldylar. Ýöne edebiýat ugrundan däl-de, tehniki işgär edip işe aldylar. Indi men her gün gazet çykýan mahaly gije ýarymdan aganda gazetiň sözbaşylaryna, suratlaryna seredýärdim. Hemem çykjak gazete gol çekýärdim. Aýlygymam ýarm aýlykdy – iki milliona ýeter-ýetmezdi. Onda-da men oňa çaga ýaly begenýärdim. Sebäp gazete tarap bir ädim ätläpdim.

                                                                      Öwezmyrat ÝERBENDI. 

 

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri