HEKAÝALAR

 Hakykat ýuwaş aýdylsa-da eşidilýär

                                                      Nowella

         Şahy mugallym hernä ýygnak edende obamyzdaky tanymal adamlaryň adyny ýekanme-ýekän tutup geçýär.

– Obamyz gumuň içinde bary-ýogy bäş oýnam bolsa-da tanymal adamlaryň birnäçesi çykdy. Bir baş hasapçy, iki sany ussat düýe çopan hemem rus dili mugallym. Ynha, indi bolsa – Il ýaşulusy.

Anna bu sözlere begnmän, gaýta ýygrykdy. Biz bolsa dogrusyny aýtsak, begenmänem duramzok. Il ýaşulusy diýen ady almak guýudan içimlik suw alyp gelmek däl-ä. Ol uly hormata mynasyp.

Men Annanyň nämüçin ýygrykýanyny bilýän. Sebäp ol henize çenli ýekejede akylly söz aýdanok, ýöne adamçylygy weli, artykmaç.

Baryp-ha geçen ýyl onuň goşgusy gazete çykanda kolhoz başlygymyz Annany ýanyna çagyryp şeý diýdi.

– Sen inim, ýaş başyňdan beýle-beýle zatlara baş goşsaň geljegiň gowy bolar. Şonuň üçin men seni hasam ýazuw-pozuga odugar ýaly obamyzdaky çitanna işe alaýsam niçik görýäň?

Anna az-kem pikirlendi. Ol kitaplary gowy görýärdi. Ýöne kitaphanada işlemek çekene bakan ýaly däldi. Şonuň üçin ol zordan şeý diýip bildi.

– Pikir edeýin…

Kolhoz başlygynyň bolsa çynydy.

– Pikir etseň et, ýöne bize birneme gazete-beýlekä düşünýän adam gerek, häkibir etrapdan-bwşeýlekiden adam gelende öňünde durmana.

Aý garaz, eýle boldy, beýle boldy, Anna kitaphanada işe başlady.

Öň erkana mal yzynda gezip ýören Anna indi ol hiç kim görmez ýaly irden baryp kitaphananyň agzyny açýardy hemem obamyzyň adamlarynyň özüniň stoluň aňyrsynda oturanyny görmezlikleri üçin adam gelmezligini dileýärdi. Hasam ol   gaty sesli ýolbaşçylardan çekinýärdi. Oňa derek aýaly Gyzsoňy ýeňňe Annany apalap asmana çykarýardy. Sebäp Anna ýeke bir çitannyň işini etmän, goşgy-beýlekem ýazýardy. Dogrusyny aýtsam, ol ýamanam ýazanokdy. Onuň:

Sessiz ýatan sähralar,

Üstünde-de gök asman – diýip başlanýan uzyn goşgusyny tas obamyzyň ýarpa golaý adamsy ýatdan bilýärdi.

Biz şeýle günler bilen ýaşap ýördük. Geljege bolan ynam ýüregimize hasam berek ornaşýardy. Indi obamyzda ýeke baş hasapçy hemem iki sany düýe çopany bolman, şahyram bardy. Onda-da nähili şahyr – Il ýaşulusy!

Annanyňam häsiýeti az-kem üýtgedi. Ol mekdep okuwçylaryny görse adyny tutman, familiýasy bilen ýüzlenýärdi. Öňki keltejik aýdýan atlaram uly-kiçi tapawudy ýok, tommarçakly adyny tutýardy. Hat-da surata düşende-de, indi ýylgyryp düşýärdi.

Şeýle günler bilen ýaşap ýördük. Onuň içinde Annanyňam, obamyzyňam, Baltagyňam bardygy ony hasam hezilleşdirýän ýaly edýärdi. Käte obamyzda kölegede oturan adamlar şeýleräk gürrüňem ederdiler.

– Ah-ow, Il ýaşulusy bolmak diýmek seniň akylyň bütn iliňkä ýetmek diýmek dälmaý?! Biziň Annamyz bolsa…

Ikinji biri ony alypgötererdi.

– Sen haýsy Annanyň gürrüňini edýäň?

– Haýsysy bor öýdýäň, öz hojalyk Annamyz – çekene çopan Anna ýöwselimiziň. Men-ä şoň akyly bolmalysy ýaly bir adamyňky ýaly bolsa-da razy boljak…

– Nätdiň-aý ony! Halys püçege çykardyň. Ol goşgy-beýlekem ýazýar-a…

Anna bu gürrüňleri eşitmejek bolardy. Ýöne barybir eşidýärdi. Şonuň üçin köpçülige barmana utanardy.

Şeýle günleriň birinde “Anna Altyn asyryňam ýeňijisi bolupdyr” diýen gürrüň ýaýrady. Bu söze Anna begenmegiň deregine hasam ýygrykdy. Hat-da ol şol gün oba-da gelmän, öňki goýun bakýan ýerine gitdi.

Annanyň nämeüçin beýle utanýanyny men bilýärdim. Sebäp obamyzda ýuwaştap bir adam ýaşaýardy. Kän ýazmasa-da güýçli hekaýalary ýazýardy. Anna oň ýanynda wiçjikdi. Şonuň üçin oň üstünden ätlenip özüne altyn zynjyr berilmegine Anna hiç ynanyp bilmedi. Ol käte içki hasratyny daşyna çykaryp, “oň ýazýan zatlaryny näme olar okamaýarlarmyka?” diýýärdi. Men şonda onuň göwnüne teselli bermek üçin şeýle diýärdim.

– Makalaňam, goşgyňam, hekaýaňam öz çykmaly sany bar, ana, şoňa ýetmeseň berilmeýän bolaýmasyn.

Şonda ol ýüzüni kürşerdip, hamala şo zatlary men edýän ýaly şeý diýerdi.

– Bu ýerde san nämä gerek?! Maksat gowy zat ýazmakdyr-da. Biri ýazylsyn, ýöne ilemeňzeş ýazylsyn. Sana kowalaşsaň negözel süýdüň üstüne suw guýan ýaly bor-da…

Meniň şo diýýän adamymyň Enebeýigimizi, Ýerbendiň gamgyn ýellerini, sähralary, Baltak janaweri edil ynsana çemeleşilişi ýaly çemeleşişini suratlandyryşy göwnümden turýardy. Onda-da Annanyň göwnüni tapjak bolup şeýle diýýärdim.

– O ýerde ýörite şu zatlara seredýän komissiýa – adamlar bar. Olar hemme zady ilik-düwme edip, onsoň netije çykarýarlar.

Bu söze Anna hasam gaharlanardy.

– Seniň komissiýa diýýäniň dört-bäş adamdyr-da. Sen näme bäş-üç sany adama ynanjakmy ýa bütin Ýerbent ýaýlasynyň adamsy ony gowy görýärkä seniň komissiýaň nämaý! Aslynda bu zeýilli zady komissiýa däl-de, halkyň özüne ynanmaly. Halk – bu gerşi ýere degmeýän pälwan ahyry. Biri-ikisi ýalňyşyp biler, ýöne halk ýalňyşmaz.

Annanyň o diýýäni biçem däldi. Sebäp kölegede oturyp gürrüň edenlerinde Annanyň goşgularyny däl-de, ol adamyň hekaýalaryny gowy görerdiler. Hasam onuň sähralary suratlandyryşy göwünlerden turýardy. Ýogsam şo sähralaryň içinde hemmämiz gezip ýördük. Ýöne oň aýdyşy ýaly beýle inçelikleri duýmaýardyk. Hatda käte Annayň özem oň hekaýasyny okap “gara zaluwadyň edäýşini” diýýärdi. Hemem özüniň şeýle hekaýalary ýazyp bilmeýänine kemsinýärdi. Ýöne kemsinse-de çynjasyny aýdyp şeýle diýýärdi.

– Bizem kagyz-galama güýmensek güýmenip ýörüs weli, oň ýazyşy bilen biziň köpümiziň ýazyşymyz Ýer bilen gök ýaly. Ýöne oň hiç-hili mahabaty ýok-da. Oňa derek men ýaly bir setiriň başyny çatmaýany Alynyň attutary edýärler.

Annanyň zynjyryny gutlamaga obamyzyň tas ýarysy diýen ýaly geldi. Hat-da garry köpek Baltaga çenli bardy. Ol şol gün ilkinji sylag alan obadaşymyzyň hormatyna hiç kime üýrmän Annayň gapysynda ýatdy.

Bu munuň bilen gutarmady. Agşam Anna bilen aýalynyň arasynda uly dawa turdy. Anna ýöwseljiräp şeýle diýýärdi.

– Bi gönüden-göni ýolbarsyň awuny tilkiň öňüne atmak ahyry. Men edebiýata düşünýän-ä. Oň hekaýalaryny gowy görýäler. Neneň onsoň men oň ýanynda “Altyn zynjyrly” durup bilerin?

Aýaly Gyzsoňy ýeňňe-de ýeň bererli däldi. Şonuň üçin ol adamsyna   maslahat berbärdi.

– Sen berilýämi – al! Hemmeler şeýdýäler ahyry.

– Almak üçin ilki özüňem dünýä bir zat bermeli ahyryn. Meniň bäş-üç sany kel goşgymdan başga nämäm bar! Onsoňam olar goşgumy, goşguda… Oň ýazýanlary bolsa…

– Oňa gamgyn ýazýa diýýäler-ä. Sen bolsa şadyýanlygy ýazýaň-a. Arasy Ýer bilen gök ýaly dälmi näme!

– Hakykat ýuwaş aýdylsa-da eşidilýär. Onuň gamgyn ýazýaynyň sebäbi gamgyn ýazgylar edil köne aýdymlar ýaly adamyň ýüregine çalt ornaşýa.

– Onda näme etsem diýýäň?

– Men-ä zynjyry alyp şoň boýnundan asaýasym gelýä.

– Neneň özüňe berlen zady kişiniň boýnundan asyp biljek?!

– Şoň mynasypdygy üçin asjak!

Şoňa meňzeş gürreňler kän dowam etdi. Gyzsoňy ýeňňe bolsa oturan-turan ýerinde ýene şo öňki bady bile şeý diýýärdi. Sebäp oňa diýmäne esasam bardy.

Indi Annanyň goşgulary onuň suraty bilen bile çykýardy. Hemem adynyň aşagynda gara harp bilen “şahyr” diýip ýazylýardy. Käte-de “Il ýaşulusy” diýlen söz ýazylýardy. Şonuň üçin Gyzsoňy ýeňňe özüniňkini dogry edip şeý diýýärdi.

– Ynha basym halk ýazyjysam ederler. Onsoň şähere ýygnaklarada gatnaşarsyň.

Anna bolsa hamala ýygnaklara gatnaşyp barýan ýaşy şeý diýerdi.

– Halk ýazyjysy bolmak üçin sende bütin halkyň akyly bolmaly ahyry.

Gyzsoňy ýeňňe o söze-de jogap tapýardy.

– Sen näme akylsyzmy? Çitanyny açyp ýapýaň. Ýygnak bolanda öňe geçip oturýaň. Şäherden adam gelende ýeňe öňünden çykýan sen. Ondan başga merk gerekmi! Şükür, obamyzyň içinde bir adamyňkyça sylagyňam bar. Awtobusa müneňde turup ýer berýäler. Biz-ä şoňa daşyňdan guwanyp ýörüs. Sen bolsaň…

Anna sesini çykarmady. Ýöne ol aýaly näme diýse-de öz agramyny bilýärdi. Şonuň üçin ol bir gün meni ýanyna çagyryp şeý diýdi.

– Öwekge, men saňa bir zat bereýin welin pylana eltip ber – diýip, şol hekaýa ýazýan adamyň adyny tutdy.

Ol şeý diýip goltugyndan çykaran arzyly zynjyry maňa tarap uzatdy. Men elimi uzatmazdan Anna şeý diýdim.

– Özüň dakynybereňde bolmaýamy?

Anna ýüzüni galdyrman pyşyrdady.

– Herki zady mynasyp adam dakynsa gowy. Hemişekilerem şeýder ekenler. Almaz, eger ol alaýsa ýazýan hekaýalarynyň üstünden gara çyzyk bilen atanak çekdigi bolar.

– Onda nämä ugradýaň?

– Ynsabyň yzasyny çekmezlik üçin…

Ol meniň gözüme göni seredip, sözüni dowam etdi.

– Öwekge, eşidişime görä saňa-da ony-muny ýazýa diýýärler. Tamakynçilik bilen zat ýazmagyn. Gowsy, kalbyň arassa bolmasa bu ýoldan ýöreme!

… Men ýylanyň gowumy alyp barýan ýaly düwünçegi elimden gaçyrman obaň gyrasyndaky kiçijik öýe tarap barýaryn. Düýnki ýagan ýagyşa ýuwlan altyn Aý maňa tarap haýdaşlap gelýär. Baltagam heniz ýatman eken. Ol gelşine aýagyma süýkenip tamakynçylyk bilen ýüzüme seretdi. Meniň tukatlyk bilen ädim urýanymy bilibem basym günäsine düşünýän ýaly seňkilläp öňe tarap gitdi.

Ýaşuly meni edil uly adamy garşy alşy ýaly garşy aldy. Düwünçegi açjagam bolmady.

– Men onuň şeýle boljagynam aňýardym. Annayň kalby päk, ýöne şeýle ýagdaýda kalby päk adamlaram hasrat çekýärler. Sen ony yzyna ert. Hemem Anna şeý diý: “Men seniň Ýerbendiň ak çägeleri ýaly tämizligiňe begenýän. Seň haçanam bolsa bir wagt ýazyjy boljagyňa-da ynanýaryn. Şo ynanjy ödän wagtyň zynjyry buýsanç bilen dakynarsyň. Şeýle etseň obamyzam yrza bolr, edebiýatam”.

Men yzyma öwrülip bar zady bolşy-bolşy ýaly edip Anna aýtdym. Annanyň kalby giňän ýaly boldy. Sebap ol çyn ýazyjynyň hakyky sözüni eşidipdi. Ýöne ol maňa sagbolsun aýtsa-da, düwünçege tarap elini uzatmady.

Bu pursat meniň oglan kalbymda uzak-uzak ýyllar ýaşady. Häzirem ýaşap ýör. Kim özüne mynasyp däl sowgada elini uzatsa, oňa şu bolup geçen wakany pyşyrdap gürrüň beresim gelýärdi…

                                                                       Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri