SPORT

Ispaniýa – çempion

Ispaniýanyň zenanlar milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Angliýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ilkinji gezek çempion boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň Awstraliýa bilen Täze Zelandiýanyň bilelikde gurnan zenanlar arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Final duşuşygy Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Awstraliýa stadionynda geçirildi.

Final duşuşygynyň ýeke-täk goluny 29-njy minutda Olga Karmona öz adyna ýazydyrdy. Ispaniýanyň hem-de Angliýanyň milli ýygyndylary ilkinji gezek finala çykmagy başardy.

Ispaniýa ABŞ, Norwegiýa, Germaniýa we Ýaponiýadan soňra FIFA tarapyndan geçirilýän dünýä çempionatynda çempion bolup, arzyly kubogy gazanan ýurt boldy.

Dünýä çempionatynda üçünji orny Şwesiýa eýeledi.

Finalda çempion bola milli ýygynda 10 million dollar pul baýragy berildi. Ikinji orny eýelän Angliýanyň pul baýragy 7,5 million dollara deňdir.

Zenanlar arasynda her 4 ýylda bir gezek geçirilýän dünýä çempionaty ilkinji gezek 1991-nji ýylda geçirilip başlandy. Zenanlaryň arasyndaky çempionatda ABŞ-nyň ýygyndysy 4 gezek çempion boldy.

ABŞ-nyň ýygyndysy 1991-nji, 1999-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda çempion boldy. 1995-nji ýylda Norwegiýa, 2003-nji we 2007-nji ýyllarda Germaniýa, 2011-nji ýylda Ýaponiýa çempion bolmagy başarypdy.

Bu gezekki dünýä çempionatynda FIFA tarapyndan 110 million dollar milli ýygyndylaryň arasynda paýlandy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler