Hekaýa
Gara daşlaryň içinde indi köp-köp ýyllardan bäri bir aýdym ýaşaýar. Daglar ony hemişe dyman mahallary aýdýar …
***
Heniz murty tabamanka Gartaň aga erkinligiň hatyrasyna obamyzdan ýüz öwürdi. Han-ha indem ol keýikleriňem seýrek aýak basýan ýerinde – çulbalaryň, ýylçyr daglaryň gerşinde ýalňyz özi ýaşap ýör. Kim muny oňlady, kimem hiç zat diýmän agyr dymdy. Meň bolsa oň erkin ýaşaýşyna gözüm gidýärdi. Sebäp menem erkinligi ir söýüpdim.
Soň ony ýatlan bolmady. Asla ýatlajak bolýanam ýok. Diňe Gülsün eje namazynyň soňunda oturyp doga okan mahaly oňam adyny tutup, sag-aman gezip ýören bolsa bolýa-la diýýärdi. Hemem käte üýşülip köne aýdymlary diňlenen mahaly, agyr dymylyp, “Gartaň şü aýdymy gowy görerdi” diýşerdiler. Ol aýdym uzyndy, şonuň ýalam gaty könedi. Aýdymyň başlangyjyny obamyzda bilmeýän ýok diýen ýalydy. Hat-da, akyly ýuwkarak diýilýän adam – Işannuram bilýärdi. Bagşy:
Sensiň sähralaryň ýowuz perzendi,
Uzak ýollar, yrak ýollar… – diýenden Işannur gözüni ýumup yzyny aýdar oturardy.
Şeýdip aý-gün geçip durdy. Gündür aýy üýtgeýä diýmeseň olaryň bary birmeňzeşdi. Tukatdy. Şeýle günleriň birinde gaýraky gädikden bir gara göründi. Ol golaýlaberende, biz oň saçy-sakgaly zuw ak bolan Gartaň agadygyny billik. Oň ysgyn-mydarasy ýokdy. Birwagtky berdaşly aýaklaryny süýräp zordan ýöreýärdi. Gözleri çöňňelişen borly, bir ýere seredende, elini kölegeledip seredýärdi.
Gartaň aganyň obamyzda degerli garyndaşy bolmansoň ol daşkynyrak garyndaşynyňkyda düşledi. Ýöne o ýerde-de uzak saklanmady. Sebäp garyndaşlarynyň ýagdaýlyrak – köp çagaly bolansoň gojanyň sandyrap duran barmaklary bilen çörek tutuşyna ilki çagalar seredişdi. Soňam ol ýagdaý ululara geçdi. Ol şonda özüniň bu ýerde artykmaçdygyny duýup ýene ömrüniň eräp gutaran ýerine tarap pyşdyllap ugrady.
Obamyz oň ýagdaýyna çyny bilen gynandy. Ene bürgüdiň uly dünýe bilen hoşlaşmazyndan öň öz hekemine dolanyşy ýaly bu-da iň soňky ýola obamyzy görmäge gelipdir diýişdiler. Birentegi bolsa oň geçiren ömri hakda täsin gürrüňler berer öýütdi. Ýöne gojanyň ýeke dişi bolmadyk agzyndan sanlyja söz çykdy.
– Ynsanlardan haýwanlar has mert eken…
Gojanyň beý diýmesiniň sebäbi bardy. Ol bir gezek süri bolup ýören dag keýiklerini, gaty garran dag tekesiniň gezip ýörendigini görüp begendi. Soň bir gezek bolsa, şol garry tekäniň sürüni bermejek bolup edenli ýaş tekäniň keýik bilen süşüşip duranyny gördi. Olar uzakly gün süsüşdiler. Garry teke barha asgynlaýardy. Ahyram ol bir gyra çekilmek bilen bolly. Bu janly tebigatyň ýazylmadyk kanunydy.
Şonda goja özüniňem basym güýç-gaýratdan galjagyny gussa bilen ýatlap, nebsi agyrma bilen garry tekä seretdi. Özünden dünýe sowulansoň oň durmuş bilen hezili ýokdy. Ýene göze uzakdan görünýän keýikleriň sürüsine seredip myrtar mäleme bilen mäleýärdi.
Bir gezek bolsa ol, gojanyň düýbünden garaşmaýan zadyny – ýatsa-tursa akyla gelmejek zadyny edip, beýik çulbanyň üstünden özüni aşaklygyna goýberdi. bu ahwalat seýrek ahwalatdy. Ýöne ol dünýede bardy. Gojanyň gözi çöňňelişenem bolsa ony görüpdi. Hemem ol öz içinden şeýle sözleri aýdypdy.
“Alla maňa-da şonuňky ýaly gaýrat bereweri”.
Goja özüniň bimany ömründe köp zatlary gördi. Ol bürgütleriňem şeýle ykbala sezewar bolýanyny billi. Bu bir seretseň gorkunçdy, bir seretseňem mertlikdi.
Goja şeýle ýagdaýy dag tekelerinde-de gördi. Haçan-da alabahar gol aýlanda serkerde bürgüt bürgütler kowmuny jemläp, diň asmana uçardy. Beýleki bürgütlerem oň yzyna düşerdi. Şo barmana-da bürgütleriň biri – çüňki sürülip ganatlary gyrylan bürgüt ýetilmeli menzile ýetip bilmän, özüni şo ýerden aşaklygyna – ýylçyr gaýalara urardy. Bu onuň gaty garranlygyny aýdýardy. Ol “Bürgüt seçgisidi”. Goja o barada oglanlykda kän eşidipdi. Eger bürgüt asmanda barmaly ýerine baryp bilmese, namys edip özüni daga-daşa urýar. Ýokardan bolsa oňa juwan bürgütler hem begenýärler, heme gynanýarlar.
Olaryň begençleri kowumdaşynyň bürgüt bolup ýaşap soňam diňe bürgütlere mahsus bolup dünýeden mert gidişi. Gynaçlary bolsa, bi ýazylmadyk kanunyň haçandyr bir wagt öz başlarynda-da boljagy.
Soňam iki sany bürgüt gelip, özüni heläk eden garry bürgüdi, heniz keýikleriňem aýak sekmedik ýerine alyp gidişleri gojanyň gözüniň öňünde. Şonda ol belentden-belent çulbalaryň içinde näçe gezse-de maslyk bolup ýatan ýekejede bürgüdi görmändi. Bi olaryň ýene bir mertligi. Özünden özgä maslygyny görkezmezlik.
Bürgütleriň ýene bir aýratynlygy olaryň aýaklary ýülüksiz bitewi bolýar. şonuň üçinem olar islendik jandar bilen darkaş gurup bilýärler.
Goja oglanka bürgütleri Allatagallalanyňam gowy görýändigi barada kän eşidipdi. Şonuň üçinem ol olary golaýynda saklaýar. Bürgütlerden ýokary galyp bilýän başga guşuň ýoklugy hem şoň üçin.
Goja bürgütleriň asman soltany bolup erkana ganat kakyşlaryna begenýärdi. Ýöne olaryň şeýle mert guş bolubam iýjek höreklerini kösenip tapmaly bolýanyna gynanýardy. Ýene bir oň gynanýan ýeri bardy. Olam gorkan gargalaryň bürgütlerden uzak ýaşaýanlygydy. Ýöne oňa goja öz ýüregine teselli berýärdi.
“Olar näçe ýaşasalaram maslygyň üstündeýaşaýarlar. Bürgütler bolsa, mert bürgüt bolup ýaşaýar… Mertlikde ömrüni ötürmän maslyk gözläp ýaşamak… Näçe ýaşasaň ýaşa, ýöne bürgüt bolup ýaşa”…
Eýsem serkerde bürgüt nähili döreýärkä?
Goja özüniň bimany ömründe köp zatlary seljerip bilşi ýaly onam billi. Gojanyň külbesiniň golaýyndan gartaşan ene bürgüdiň hekemi bardy. Ene bürgüt şoň üstünde oturyp, çaýkanyp duran uly dünýäni synlamagy gowy görýärdi. Hemem ol hekeminiň golaýjygyndaky höwürtgede ýumurtga basyp, neslini köpeldýärdi.
Bir gezek bolsa ol, çkaran ýumurtgasyny basman bir gyra pyzyp goýberdi. özem gör nirelere, allaowarra uçup gitdi.
Goja muňa haýran gally. Ýöne ýumurtga golaýlamaga milt etmedi. Ýöne ol ony her gün görýärdi. Heme Allanyň guran dünýesine hiç haçan bendesiniň çözgüt tapyp bilmejegine-de pugta ynanýardy.
Şeýdip aý-gün geçip durdy. Wagty gelende ýagyş ýagýardy, gar sepeleýärdi. Allajy sowuk bilen ýaz gelýärdi. Soň ýene yssy düşýärdi. Ýöne ene bürgüdiň …. giden ýumurtgasy ne çat açýardy, ne-de ýarylman saklanýardy. Şo durşy-durşydy, mizemän durdy. Goja muňa haýran galmak däl, akylynada sygdyryp bilenokdy. Heýem bir ýumurtga ýarylman durarmy?! Döwülmek däl, kemterisinden çatam açanokdy.
Bir gün bolsa, ýene ene bürgüt gaýdyp gelli. Ol alabahardy. Ýöne entejik ýüzärlikler gülläp ýetişenokdy. Ol gelşine-de şol täsin ýumurtgasyny basmaga oturdy. Ol iýmän-içmn gije-gündiz basyp oturýardy. Gojada bu zatlaryň hemmesini bar zady bileýin diýýän çaga ýaly sypdyrman seredýärdi. Hemem öz ýanyndan “yzy nähili bolarka” diýip, pyşyrdaýardy.
Ene bürgüt şeýdip ýigrimi bir gün oturdy. Ýigrimi ikinji gün bolsa, ýumurtga ýarylyp ondan çagatak bürgüt çykdy.
Goja bu zatlara haýranlar galy. Haýran galmaz ýalymy näme. Tegelek bir ýyllap gyşa gaýzygan ýumurtgadan çagatak bürgüt çyksa, hemmelerem haýran galar.
Goja soň öz ýanyndan pikir etdi. Hemem çyn ärleriň aňsat döremeýşi ýaly, hemme bürgütlerdenen çyn bürgüt döremeýär eken… Gojanyň beý diýmesiniň sebäbi bardy. Bürgüt jüýjesi heniz çagatagam bolsa ol edenlidi. Hemem ol öte horugan borly. Oň şo dogumly keşbi gojanyň gözüniň öňünden häzirem gidenok. Mert adamlaram edil şonuň ýaly, bir gezek görseň oň ýüz keşbi emişe ýadyňda galýar.
Boljak zat dünýä gelşiňdenem belli diýleni. Soň ol şo başy depeli bürgüdiň bürgütler kowmuna baş bolup ýörenni gördi. Soň şeýle närseleriň erkinlikde bolýandygyny ýatlady. Görogly näme ýumşak körpençäniň üstünde ösüp ýetişdimi. Olam ýagty dünýäň gyrasyndan hupbat baryny görüp gelmedimi näme. Eýsem gojanyň öz ömri hupbatsyz bolupmydy nämr.
Soň goja bürgütler hakyndaky köne aýdymy ýatlady.
Ganatym gyryldy, çüşküm sürüldi,
Diýmerin onda-da, eý bende aman.
Bürgüdem men, bürgüt bolup giderin,
Kysmatym ne hal, bolsa-da ýaman…
Hawa, bürgüt bolup ýaşasaň, bürgüt kinin dünýeden mert gitmeli.
***
Soň goja gaýdyp görünmedi. Ýöne o barada süýji ýatlama gally. Kim ol edil bürgütler ýaly özüni daga-daşa urýandyr diýdi. Kimem ýene bir zat diýdi. Ýöne çopanlar hernä bahar gelende ol çulbalaryň üstünde hažžyk ýaly biriniň gezmeläp ýörenini görýändiklerini aýdyp ol şo bolaýmasyn diýýäler. Belki şodur. Sebäp, nirde ýaşan bolsaňam ýurt bolýan eken.
Öwezmyrat ÝERBENDI.