HEKAÝALAR

 Gök erkek

                                                                                                    Hekaýa

Obamyzda gök erkekden daýaw ýekeje erkegem ýok. Ýöne onuň göwresiniň şeýle daýawlygyna garamazdan çagajyk owsaryndan iýtse-de, yzyna düşüp ýör. Bu onuň pespäl haýwanlygyndan.

Arly ýyllap gök erkegiň howdy gerşinden sypyrylanok. Ol “ääsiz” üstüne ýüklenen zatlaryň ähilijesini – ýerleşen ýüki göterip ýör. Oňa derek höwür wagty – erkekli düýe bakylýan wagty, oň han özi, soltan özi. Şo döwre çenli bolsa, ýa odun çekip ýörendir ýa-da  gerşinden suwly çelek aýrylýan däldir.

Erkekli düýe bakylýan wagty bolsa, baý-baý onuň bolşuny göräýsediň. Dünýe özüniňki ýalydyr. Ilk-ä artky aýaklaryny giňden açyp abşarylar. Soňam owurdyndan tagyrjygyny çykaryp lummurdar. Bu onuň iň haýbatly wagtydyr. Onuň şo wagty lummurdap durşy häzirem gözümiň öňünden gidenok. Men-ä ol asla giderem öýdemok. Men onuň agzyny köpükledip nesrek iner ýaly lummurdaýşyna guwanýardym. Hemem oňa gözüm giderdi. Sebäp onuň şeýle bir keýpi çagdy weli, aýdyp diýer ýaly däldi.

Gök erkegiň iň gowy görýän zady kyrkçilläniň garydy. Adamlar-a sowuga çydaman gagşaşyp durandyr, ol bolsa tersine sowuga göhi gelýändir. Şonuň üçin obamyz oň bolşuna guwanyp: “Kyrkçiläniň mesi” diýerdiler. Diýmez ýalam däldi. Şo döwür, erkege goşulýan döwür, düýelere çopan gerek däldir. Gök erkegiň özi çopandy. Ol birgiden düýäni örä äkiderem, getirerem.

Başga-da obamyzda erkek gyt däldi. Ýöne olar näçe kükreselerem gök erkegiňki ýaly tagyrjygyny çykaryp lummurdap bilenokdylar. Diňe agyzlaryndan gyýgyny – köpügini çykaryp töweregini hapalardylar. Şonuň üçinem hemmeler gök erkegi gowy görerdi. Gör kerkek bolsa, özi sozulyp aýrylýança şeýle owadan ýaşaýyşda ýaşardy. Hamala dünýä diňe bir aý, kyrk gün gelen ýalydy. Soň, gerşine howut atylandan soňam şol özüniň gowy gününi ýatlaýan ýaly, ýene azajyk sabyr etse şo owadan – ömrüne goşulýan güne garaşýan ýaly bolup gezerdi.

Onsoň ýene alabaharyň daşda däldigini buşlaýan ýaly, sähralardan ajaýyp ys gelerdi. Muňa gök kerkek asmana temegini tutup pyşgyrardy. Töweregine ýaltaklap süýji pikirde ýaşardy. Men şonda onuň bolşuny görüp, sähralaryň ilkinji bägüli gök erkegiň kalbynda dömýändir öýderdim. Ýöne bu hakykatdanam şeýledi. Sähralaryň ýazy ilki gök erkegiň kalbynda, soňam meýdanlarda örňärdi. Şol güne, şol ajaýyp güne ýeke gök erkek däl, hemmeler garaşardy. Sebäp hemmeler sähralaryň öz göwsünde gözelligi döredişini göresi gelýärdi. Bu janly tebigatyň hiç kime geňeşmän döredýän öz gözelligidi.

Şol gün Günüň dogşam üýtgeşik ýalydy. Asla ol beýleki, adaty günlerden uzaýan ýalydy. Sebäp adamlaryň gursagynda uly begenç ýaşaýardy. Men şonda oglanam bolsam il-gün begenip ýaşasa, günleriňem, ömürleriňem uzyn boljakdygy hakynda pikir ederdim. Ol ebjet hasabynda-da şeýle bolaýmalydy. Sebäp adamlar dünýä bagtyýar ýaşamak üçin gelýädiler.

Şeýle günleriň birinde gök erkek, ýene bir guwandyryjy waka sebäp bolly. Sürüde gezip ýören guba düýäniň üstüne möjek topulýar. Bu ýagdaýy syzan gök erkegem oň öňüne keserýär. Muňa gahary gelen aç möjek gök erkegiň alkymyndan hytyladýar. Ýöne gök erkegiň alkymyndaky ösgün gyllawly iýmeşek ýüňler, ony ýiti dişlerden goraýar. Soň möjek dişini sypdyrjak bolsa-da sypdyryp bilmeýär. Sebäp irimçik gamaşyk ýüňler möjegiň dişiniň içinden geçip, çigniş bolup galýar. Onsoň möjek dişlerini sypdyryp bilmänsoň, gök erkegiň boýnundan asyl-asyl bolup galyberýär. Gök erkegem ony ýere pylçap-pylçap, ahyry janyndan el üzdürýär…

Gök erkegiň bu hormata mynasyp iş edeni ýene obamyzy begendirdi. Ýöne bu begenç uzaga gitmedi. Biz şeýle günleriň şaýady bolup ýörkäk, ýaramaz habar eşidildi.

– Eýesi gök erkegi satjakmyşyn…

Biz bu söze ynanmadyk. Heýem bir şeýle maly obadan çykaryp bolarmy. Ol Weýisbabada belli mal-a. Gök erkek satylmasyna satyldy. Ýöne obamyzdan çykyp gitmedi. Ony obamyza tejenaýagyndan täzeräk göçüp gelen bykyny kelte adam satyn ally. Ol satyn alan adamy men daşyndan çalarak tanaýardym. Ol kelteden jortmak, burnunyň deşikleri giň gara ýüzli adamdy. Özem söwda-satyk bilen meşgullanýardy. Muňa-da biz şükürdik. Nähilem bolsa, ony gözümiz görüp dursa bolýa diýýärdik. Ýöne biziň çak edişimizden has mojuk zatlar ýüze çykyp başlady. Ilki biz aý, söwdagär adamdyr, ýa ýüküni ýüklejekdir ýa-da bir ýerlerden ýük alyp geljekdir öýdüpdik, ýöne ol beýle däl eken. Biz ýalňyşan ekenik, onda-da, gaty ýalňyşypdyrys.

Men ol adamy halamokdym. Hasam oň başam barmagyna tüýkürip pul sanaýşy gözüme gelenokdy. Şonda ol – pul sananda agzynam şapbylladýady.

Ol gök erkegi satyn alan güni kiçiräjik künji çykarýan hazar gurady. Ol  darajykdy, şonuň ýalam garaňkydy. Haçan-da gök erkegiň täze eýesi, düýe janawaryň başyndan çekip garaňky jaýa saljak bolanda biz barysyna düşündik. Gök erkek garaňky kiçijik jaýa girmejek bolýady. Täze eýesem ony urup saljak bolýady. O bolşy görmek maňa gaty berk täsir edýädi. Sebäp gök erkegiň täze eýesi oňa taýak galdyranda, özüm saýgylýanan ýaly bolýadym.

Şol gün künji eýesi näçe iş edinse-de gök erkek garaňky jaýa girmedi. Ertesi ol başga pirim tapyp ony uzakly gün aç saklady. Birigünem şeýle ýagdaý dowam etdi. Soňky günem, gök erkegiň öňüne ot oklanmady. Hat-da, naýynsap suwa-da ýakanokdy. Men muňa näçe janym ýansa-da, künji eýesiniň “Ahyr-a mugyra gelersiň” diýýän sözüni eşitmekden başga edibilýän alajym ýokdy.

Ýedilenji gün diýlende, gök erkegiň täze eýesi ilki oň burnuny deşip burunlyk dakdy. Soňam künjiniň ysy gelip duran iým berdi. Iň soňunda-da, oň gözüni mata bilen onda-da, gara mata bilen daňdy. Şeýdilip gözi baglanansoň ol ony idip garaňky jaýa – künji ýagynyň alynýan jaýyna moh-mohlap saldy. Soňam oň bilinden geçirilen ýogyn urgana äpet bir agajy – juwaz okuny berkitdi. Soňam  gök erkegi juwaz okunyň daşyndan aýlap başlady.

Gök erkek şol gün juwaz okunyň daşyndan kän aýlandy. Soň ýene aýlandy. Soňam… Işini bollum edensoňam oňa ýagy alnan künjüniň lötüni berdi. Köp wagtdan bäri idili zat datmadyk erkek janawar ony öler ýaly iýdi. Hat-da, ýene ber diýýän ýaly yňranjyradam…

Ertesem şol gün gaýtalandy, birigünem. Soňam ol Taňry gün berse öz etmeli işini edýärdi. Şeýdibem ömrüni sähralaryň içinde dabyrap gezen gok erkek eýlesi-beýlesi sanalgyja garaňky jaýyň içinde galyberdi. Men şonda haýwanyňam ynsan ýaly gara güni üçin näme edilse kaýyl bolýandygyna oglanam bolsam akyl ýetiripdim.

Gök erkegiň täze eýesi, ilki ony iýdip juwaz okunyň daşyndan aýlaýardy. Soňky bir döwür bolsa erkek janawary iýtmegem gerek bolmady. Eýesi oňa “haýt” diýenden aýlanyp başlaýardy. Agşamynada ol şol garaňky jaýdan çykman, öňüne näme goýulsa doýar-doýmazlyk bilen lak-luk atýardy.

Men muňa diýseň gynanýardym, ýöne etjegimem ýokdy. Şonuň üçin ýüregime salynan ýarany hiç kime aýtman özüm göterýärdim. Günler bolsa ylgawyny ýazdyrman geçip durdy. Ýöne olaryň barysy meniň üçin gaýgy-hasrata bürenen günlerdi. Hiç bir zat, hiç bir waka ýadyňda galanokdy. Asla ol galdyryljagam bolanokdy. Sebäp gerdendäki ýük, wakalary ýada salardan has çökderdi. Asla adam şeýle bolýan eken. Aladaň ýetik bolsa, başga zada baş galdyrmaga islegem bolmajak eken. Nähili ýowuzlyk…

Şeýle günleriň birinde men bet hyýala mündim. Bi meniň özümi bilip eden ilkinji günämdi. Sebäp erkek wagty golaýlap gelýärdi. Bu pursat gök erkegiň dünýede iň eý görýän pursadydy. Ine, haý diýmänem kyrkçille golaýlajakdy.

Şol gün meniň hakydamda galan zat, bir-ä gök erkegiň bilindäki ýüpleri kesişdirip, ýolum-ýolum edenmi bilýän, birem janawaryň çyrpynyp sähralara tarap patanaklap gidenini…

Şo gezek men ömrümde etmedik işimi edi, günä iş edipdim. Ýöne oňa garamazdan ol ömrümiň iň ajaýyp güni bolupdy. Sebäp men eden işimden müňde bir razydym. Has gowy ýerem oglantak ýüregim – durmuşyň äpet tabagyndan heniz zäher datmadyk ýüregim razydy. Sebap haçan-da bolsa bir wagt, kimdir biri menden: “Heý, dünýeden ölüp-ýitip gidýän adamlaryň iň bir bihepbesi. Sen ýaşan ömrüňde haçanam bolsa birine kömek edip, ýagşy yz galdyrypmydyň?” diýip soraýsa men utanman şeýle jogap bererdim. “Şol garlyk güni, sähralara ýowuz sowuk düşen mahaly, gök erkegi daňysyndan boşadyp, erkinlige çykarypdym” diýerin. O söz meň kalbyma rahatlyk berýär.

O gün eden işim üçin ýüzümden sypamadylar. Has beterem Gülsün ejäniň: “Heý kişiniň malyna-da el gatyp bomy” diýen sözi bar zatdan agyr degdi. Ýöne gök erkegiň bir günem bolsa bagtyýar ýaşanlygy meniň üçin uly zatdy. Sebäp ol uly hasratda kiçijigem bolsa şatlykdy.

Ýöne men ýagşylyk etjek bolup, ýamanlyk eden ýaly bollum. Gök erkegiň eýesi ony sähralardan ýene tutup alyp gelip, butnamaz ýaly edip, has ýogyn urgan bilen, onda-da goşa urgan bilen berk sarady. Ilki ol çözülmez ýaly edip, gonnybagyny sally, soňam igbagy bilen bek daňdy. Iň soňunda-da gyrnakdaňlyşyny edip, çigişdirip goýdy. Indi gök erkegiňki has-da kyn bolly. Ol bir çuwdam ýerde eýlesini-beýlesini garaman durmaly bolýardy.

Biz şeýdip ýene ýaşap başladyk. Bilmedim näçe ýyl geçenini, ýöne eslije ýyl geçiberipdi. Gök erkegem öňki owadan, döşi ýaýbaň görnüşli sypatyny ýitirdi. Oňa derek ol aşa semräp loçjuk et bolup gally. Ýöne ol şeýle semirändigine garamazdan, adamyň garranda ýüreginiň ejizleýşi ýaly, ejizledi. Öň bozlamany bilmeýän janawar, sähel gerşine eliňi degirseň, naýynjar bozlap duran bolly. Oňa derek bolsa, köp iýmäni çykardy. Öňüne bir zat atyp bildigiň şodem howlugyp iýerdi. Soňam ýene betnebislik edip hantama bolardy. Öň sähralaryň gök çöpünden başga eý görýän zady bolmansoň, indi iň süýji görýän höregi künjüniň galyndysy –  ýagly löti bolly. Oňa derek bolsa ol, oň juwaz okyny dynman aýlaýardy. Juwazyň oky bolsa, gije-gündiz diýmän şol aýlanyp durdy, aýlanyp durdy…

Meniň indi oglan göwnüme ol hamana dünýä diňe juwaz okuny aýlamaga gelen ýalydy.

Men öz oglantak pikirlerimden özüm gorkýardym. Hemem oň çäresini tapman hiç kimiň ýok ýerinde zörledip aglaýardym. Agymy bolsa eşidýän adam ýokdy. Köşeşdirjek bolýanam ýokdy. Diňe Ýerbendiň gamgyn ýelleri ony allowarlara alyp gidýärdi. Özüm aglardym, özümem goýardym…

Şol gün bolsa men kän agladym. Özem elden-aýakdan çykyp agladym. Şo gezekki ýaly meniň hiç bir aglan ýerim ýokdy. Sebäp men ýene-de, bet hyýallaryň içinde ýaşaýardym. Gök erkegi sähralara alyp gidip, hiç kimiň görmejek, bilmejek, hat-da keýikleriňem aýaklarynyň sekmedik ýerine alyp gidesim gelýärdi. Goý, ol janawar galan ömründe bir arkaýyn, erkin ýaşasyn. Sebäp indi o janawaryň boýunlarynyň aşagyndaky ýüňler, gerşi, hat-da agzynyň töweregindäki gyllar agaryberipdi. Bi onuň gartaşanlygyny aýdýardy.

Ýöne men gözlerimiň gören zadyna özümem ynanmadym. Janawaryň gözüni baglan gara matasyny aýyrsamam onuň şo bir durşydy. Hamana ýagty dünýäni, nurly Güni göresi gelmeýän ýaly äm-säm bolup durdy. Hat-da ol erkek küýsäp gelen ýaşajyk duljada imrinmedi. Sähralaryň ot-çöpi bilenem däl. Hamana dünýäniň gyrasyndan ýaňyja inen aýaklanmadyk köşek ýaly bir duran ýerinde dikilgazyk bolup durdy.

Men zähram ýarylan ýaly bolup agladym. Özem kän agladym. Indi ol hemişeki gök erkege meňzemän, garantgy ýaly birzada öwrülen ýalydy. Soň men onuň garaňkylykda kän saklanyp, üstüsine-de gözi gara mata bilen pugta daňylansoň, ýagtylykda hiç zat görmeýändigine, gözlikör bolandygyna düşündim.

Şonuň üçin ýene oň gözüni bagladym. Bu meniň edesim gelmeýän işimdi, ýöne gök erkegiň azajygam bolsa bagtyýar bolmagy üçin etmeli bolýardym. Şeýdip men ony öz ellerim bilen ýene ýagty dünýäni görmez ýaly edýärdim.

Garaňkylyga öwrenişendenmi nämemi, körjümek gözi daňylandan ol ýene gäwüşäp başlady. Men muňa çaga ýaly begendim. Hemem oň boýnundaky bar bolan ýüpleriniň barjasyny aýryp, hemişeki edişim ýaly ýuwaşja seslendim.

– Çüw, janawar!

Gök erkek yňranjyrap ýörejek ýaly etdi-de, hamana juwaz okunyň daşyndan aýlanýan ýaly, bir duran ýerinde aýlanyp başlady.

Men öňkümdenem beter agladym…

                                                                                          Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri