PEÝDALY MASLAHAT

Resminamalary kanunlaşdyrmak: Legalizasiýa nirede amala aşyrylýar

Konsullyk taýdan kanunlaşdyrmak, ýagny legalizasiýa – bu fiziki we ýuridik şahslara Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan berlen we daşary ýurt döwletleriniň çäginde ulanylmagy göz öňünde tutulýan resminamalaryň hakykylygyna we şol resminamalarda ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan goýlan goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk etmekden ybaratdyr. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web saýtynda giňişleýin maglumat berilýär.

Konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagy nirede amala aşyrylýar?

Legalizasiýa
1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Konsullyk gullugy bölümi;
2. Ministrligiň welaýatlardaky wekilhanalary  we
3.  Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan amala aşyrýarlar.

Konsullyk gullugy bölümi ýa-da welaýatlardaky wekilhanalar fiziki we ýuridik şahslaryň daşary ýurtlaryň çäginde hereketleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen resminamalary we namalary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň çäginde hereketleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen resminamalaryny we namalaryny kanunlaşdyrýarlar.

Resminamalar we namalar kanunlaşdyrmak üçin haýsy  görnüşde kabul edilýär?

1. asyl nusgada;
2. döwlet notariusy tarapyndan şaýatlyk edilen nusgada. Şu halatda döwlet notariusynyň golunyň we möhürleriniň hakykydygyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi we onuň ýerlerdäki ygtyýarly edaralary şaýatlyk edýär.

Daşary ýurtlarda ulanmak üçin bellenilen görnüşde tassyklanylan resminamalar asyl nusgada kanunlaşdyrylýar. Olara kanunlaşdyryjy ýazgyny Konsullyk gullugy bölümi ýa-da welaýatlardaky wekilhana ýazýar.

 

Daşary ýurtlardaky konsullyk edarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň legalizasiýa eden resminamadaky goluň we möhrüň hakykylygyna haýsy ýagdaýda şaýatlyk edýär?

Eger-de daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy Ministrlik tarapyndan kanunlaşdyrylan resminamada Türkmenistanyň şol döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullyk edarasynyň golunyň we möhüriniň bolmagyny talap edýän bolsa, onda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullyk edarasy Ministrlik tarapyndan kanunlaşdyrylan resminamadaky goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk edýär.

 

Daşary ýurtlarda düzülen resminamalar haýsy ýagdaýda daşary ýurt döwletiň Türkmenistandaky konsullygynda goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk edilýär?

Daşary ýurt döwletlerinde düzülen resminamalar Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk edilmezden Türkmenistana getirilen halatynda, olar şol daşary ýurt döwletiniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda kanunlaşdyrylandan soňra Konsullyk gullugy bölüminde ýa-da welaýatlardaky wekilhanalarda goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk edilýär.

Bu kadalar Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 58-ö belgili buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda 1403 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Resminamalary konsullyk taýdan kanunlaşdyrmagyň we resminamalardaky goluň we möhüriň hakykylygyna şaýatlyk etmegiň Tertibi bilen düzgünleşdirilýär.

Legalizasiýa barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan okap bilersiňiz.

 

Biometrik pasportlary resmileşdiriş nokatlary

Ýene-de okaň

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary

Aşgabatda Hytaýyň wizasy üçin onlaýn ýüz tutmak barada bildiriş

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy