Hekaýa
Meniň kireýine ýaşaýan jaýymyň penjiresi köçä tarap açylýar. Köçäniň darajyklygyna garamazdan onda aşa köp dükan ýerleşipdir. Ýöne seni ökde suratçynyň elinden çykan ýaly, birneme Güne solaňkyrlan surata çalym edýän, ertekilerdäki ýaly dükanjyk hasam özüne çekýär. Dükanyň ýokarsyndaky ýazylan – “Bir dollar tölemeli” – diýlen söz müşderini heýjana salýar. Onsoň müşderiniň kellesine islese-islemese şeýle pikir gelýär. “Adaty dükanlar harydyny satyp bilse razy. A muňa bolsa, bitin dollar töläp girmeli…”
Ýöne müşderi dükanjyga girensoň özüniň gazanan dollarynyň biderek ýere sowulmandygyna bada-bat gözüni ýetirýär. Dükanyň harydy şeýle bir kän däl – dürli hili edilip çekilen ikonlar, ganatly çagajyklar, köne mis semawar, çagasyny emdirip ýatan ýaş ene hemem owadan atyň kellesiniň suraty, onsoňam göçüşip barýan bulutlar. Olardanam başga ýene birnäçe gadymy zatlaryň suraty bar. Olaryň hemmejesi köne düýş ýaly özüne çekýär. Şo zatlary görüp, synlandygy üçinem hanym Laura müşderiden bir dollar talap edýär.
Men indi alty aý bäri şo täsin dükanjygyň hemişelik müşderisi. Şonuň üçin hanym Lauranyň dözümsiz ene ýüregi menden bir dollaryň ýerine, ýetmiş bäş sent alýar. Käte bolsa ol, meň ýadaw gözlerime seredip şu sözleri aýdýar.
– Heý sen gündogarly, garnyň hepbige dönüpdir, onda-da sen duýgularyňy gozgaýan suratlara seretmek üçin şü ýere gelýäň. Elbetde men Watanyň gymmatdygyna düşünýän… Ýöne sen bar bu gün maňa berjek puluňa gamburg alyp iý…
Hanym Lauranyň çuňňur ynanjyna görä, dükanyndaky atyň suraty taryhda toýnak yzlaryny galdyryp giden Busefalyň öçmez suraty. Şonuň üçinem ol ony gymmat bahalaýar. Ýöne onuň uly dünýä ady ýaýran owazasyny äleme ýaýradan meşhur atyň suratymy dämi, belli däl, ýöne oňa derek oň ussatlyk bilen çekilenligi. Hasam oň gözleri. Beýle gözler diňe atlarda bolup bilýär.
Asmanyň ýüzündäki ykjaşyp barýan bulutlar bolsa meň obamy ýadyma salýar. Bir döwürler meniň oglan gözlerim ýaz aýlary şeýle bulutlardan ganypdy. Oglankam edil şo zeýilli ilteşen güýz ýüňüni ýayňa salýan bulutlaryň aşagynda men aýakýalaň gumaksy ýollary kän gezipdim.
Hanym Laurada öz Watanyndan ir jyda düşüpdir. Ol şonuň üçin hemişe ispan Gününi dogduk obasy gözel Kalabriýany gussaly ýatlap şeýle sözleri aýdýar.
– Kim bolsa bolubersin, tapawudy ýok, ol Watanyndan aýra düşse enesiniň göwsünden aýrylan çaga ýalydyr. Ýat iliň şüweleňli durmuşy oň ýüregini şatlandyrman, gaýtam ony gam-gussa bilen zäherleýär. Watanynyň göwsünden aýrylan ýürek hemişe aglap durandyr.
Men seniň ýüregiňe düşünýän gündogarly, bu ýat ýurtda seniň ruhuňa ýakyn bolan atyň suratydyr gamgyn bulutlardygyny bilýän. Şonuň üçinem sen perwananyň oda aşyk bolup daşyndan aýlanyp ýörşi ýaly senem şol iki suratdan aýrylyp bilmeýäniňem bilýän… Nöne sen nirede gezseňem eneň öwreden dilini unutmagyn. Enäniň öwreden dilini unutsaň eneňi unudan ýalydyr. Enesini unudan bolsa, ol Watanynam unudýandyr…
Meni o ýerde üç zat özüne çekýär. Atyň suraty, göçüşip barýan gara bulutlar hemem dözümsiz ýürekli Laura hanym.
Käte müşderiniň az wagty ol maňa şeýle sowal bilen ýüzlenýär.
– Siziň ýurduňyzdaky ýandak iýýän öküziň ady nämä?
Men oň adyny aýdýan. Hanym Laura düýe diýmegiň ýerine “düwe” diýýär.
– Hä, hawwa kamel – düwe. Ol halamaýan adamsynyň üstüne gygyny pürkýär diýýärler. Ol hakykatdanam şeýlemi?
Käte-de ol meniň atyň suratyndan gözümi aýyrman ýadaw dünýäniň ýüzüne seredip oturyşyma dözmän şeýle diýýär.
– Seňki bir hasap bilen dogram. Uly dünýäni aýlanyp çykyp iň soňunda-da, aýagyňy süýndürip ýatybermeli. Gadym döwürde-de, ýazýanlar şeýle edipdirler. Şonuň üçinem dünýäň taryhy gezendeleriň galamynyň aşagyndan çykypdyr.
Hanym Lauranyň dükanyndaky satylýan suratlar uly ussatlyk bilen çekilipdir. Olaryň içinde atyň suraty hasam janly ýalydy. Ol eňegini suwa basypdyr-da, başyny galdyryp dur. Agzynyň töweregindäki damjalaram edil merjen dänleri ýaly lowurdap, at çalaja tisginse olaryň bary paýrap gidäýjek ýaly.
Hanym Laurada atlary gowy görýär. Şonuň üçinem ol özüniň gowy görýän rowaýat kysmy gürrüňini ýaltanman her gün diýen ýaly aýdýar. Ol o gürrüňi köp aýdansoň ol meňem ýadymda galypdyr.
…Nuh pygamber ýüriň ýüzündäki ähli janly-jandary gämisinden düşürip, “Baryň indi erkinlikde ýaşaň” diýip, olary ýola salanda, at bilen it ynsanyň ýanyndan gidesi gelmändir. Şondan bärem olaryň dostlaşyp ýörşümişin…”
Käte-de ol öz ene dilinde şeýle aýdyma hiňlenýärdi. Men ispan dilini gowşak bilemsoň, uzyn aýdymyň içinden diňe şu setirleri zordan aňşyrýardym.
Ömrüň säher çagy ýerler ýylydy,
Ýaşadygyňça ýerler barha sowaýar…
Şeýle günleriň birinde dükanjyga geň müşderi geldi. Ol gelşine atyň suratyny satyn aldy-da, ony düýrläp, maşynynyň yzyna oklap goýberdi. Biz Laura hanym bilen etmesiz iş eden ýaly biri-birimiziň ýüzümize seredişdik. Dogrusy meniň ýüregim sowrulyp alnan ýaly bolly. Bu ýat ýurtda sähelçe-de bolsa kalbyma ynjalyk berýän şo atyň suratydy. Onam pul bilen, onda-da uly pul bilen satyn alyp barýarlar. Meniň içim boşan ýaly bolly. Hanym Lauraňkam şondan gowy däl bolarly. Ol müşderiniň yzyndan ýetip, gaharyny sähelçe-de gizlemän şeýle sözleri aýtdy.
– Ser, siz miwäniň daşyna guwanman göni iýäýýäňizmi?
Müşderi ilki düşünmän aňk-taňk bolly.
– Näme, ýene üstüne pul bermelimi?
Hanym Laura gaharly jogap berdi.
– Hawwa, onda-da kän pul…
Müşderi uly gapjygyndan esli pul çykaryp surat eýesine uzatdy. Soň ol ýene uzatdy. Indi hanym Laura geplemän sandyr-sndyr edýärdi.
Haçan-da suratyň bahasy on müň dollara baranda-da, ol entegem satylman durdy. Müşderi gaharlanyp, maşynyny gaty sürüp gitdi. Oň yzynda galdyran tozanjygy bolsa entegem howada gaýmalap ýördi.
Hanym Laura suraty bagryna basyp durşuna şeýle diýdi.
– Dünýäniň gurluşy şeýle-dä, birnäçe adamyň-a puly bar-da, duýgusy ýok. Birnäçe adama bolsa duýgy berlipdir, ýöne puly ýok… Aý hawa-da, duýguly adam bilen duýgusyz adam ekilip alynýan zat dällä. Ony Allanyň özi döredýär…
Soň men bu şäherjikden gitmeli boldum. Şondan dogry üç ýyl geçenden soň, men Italiýa gitmek üçin suwuň kenarynda gää garaşyp durkam hanym Laura gabat gellim.
– Bagyşlaň amigo, men sizi tanap bilmedim.
Ol şeý diýip aladaçyl ene gözleri bilen ýüzüme gaýta-gaýta seretdi. Soňam haýran galyjy nazar bilen begençli habary buşlajak bolýan ýaly gaşlaryny gerip şeýle diýdi.
– Aý maý gad, o-la mikita – Eý meniň Allam, salam! Amigo – Gündogarly bu sizmi? Men sizi görüp begenendigimi aýtmalydyryn. Siz entegem sergezdançylyk edip ýörsüňizmi?
Men ondan bu uly ýurtda ýüregime ýakyn bolan suraty – hanym Lauranyň ynanjyna görä taryhda yz goýan Busefalyň suratyny satandygyny ýa satmandygyny soradym.
Hanym Laura ony hiç haçan satmajakdygyny, azajyk pul toplap bilsen hut şo dükanjygyň agzynda Busefalyň heýkelini dikeltjekdigini aýtdy.
Geň zat, at hemme ýerde özüni ynsana öwrenişdirýär. Belki, ynsanyň ýagşy zatlarynyň hemmesini ata deňeýänem şonuň üçindir.
– Dogry, ýaşaýan jaýymyň üçeginem täzelemeli, ýöne men ilki atyň heýkelini dikeltjek.
Bu söz meni begendirdi. Ýöne hanym Lauranyň hoşlaşmankak aýdan sözi meniň hiç haçan bitmejek ýaramy täzeden dyrmalady.
– Gündogarly, men öz Kalabriýamy – dogduk obamy soňam bir gezek görüp gaýtdym. Ýene-de ony bolmanda ýekeje gözüm bilenem bolsa göresim gelýär. Senem Watanyňa dolangyn… Oň süýjüsi ähli şerbetlerdenem süýjüdir.
Ol “Watanyňa dolangyn” diýen sözi ene gatyrganmasy bilen aýtdy.
Biz hoşlaşdyk. Soň men gaýdyp ol eziz adamy görmedim. Ýöne ol hakyndaky pikirler bolsa, henizem kalbymda ýaşap ýör.
Golaýjakdan suwy pagşylladyp üsti adamdan doly kiçiräjik gämi geçip gitdi. Kimdir biri maňa tanyş bolan “O Meri” diýen aýdyma hiňlenýärdi. Beýlerägimde deňizde gulluk edýän harby adamyň eşigindäki ýaş oglan ýanyndaky gyza bir zatlar diýýärdi. Gyz “ynanamok, ynanmaýaryn” diýip, başyny ýaýkap gülýärdi.
Bahymam öýle ybadatyna çagyrýan buthananyň jaňy ýaly, gämi güňleç sesi bilen zogullady.
Öwezmyrat ÝERBENDI.