Messiniň şertnamasy 2025-nji ýyla çenli bolup, ol hem “10” belgili köýnekçede çykyş eder. “Oglanlar, Maýamide görşeris” – diýip, Messi wideoýazgyda belläp geçýär.
Messi soňky 2 möwsümde Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş etdi. Ol fransuz toparyna erkin futbolçy bolup geçipdi. Parižde oýnan döwründe 2 gezek Fransiýanyň çempiony bolup, bir gezek Superkubogy eýeledi.
Ol “PSŽ” toparynyň düzüminde 75 duşuşykda oýnap, 32 gol geçirdi.
Messi täze topary bilen ilkinji duşuşygyny 21-nji iýulda Meksikanyň “Krus Asul” toparyna garşy geçirer. Lionel Messi bu toparda 2,5 ýylda 150 million dollar gazanar. Şeýle hem onuň “Apple” we “Adidas” kompaniýalary bilen mahabatlay göz öňünde tutulypdyr.
Lionel Messi 3-nji iýunda “Inter Maýami” toparyna geçjekdigini mälim edipdi.
