Hekaýa
Biziň ýola düşmegimize düýnki gazete çykan hekaýa sebäp boldy. Goja gazeti gaýtalap-gaýtalap okady. Soň ýene okady. Okadygyça oň ýeke ýüzi däl, gözlerem gülýärdi. Okap oturyşyjna gülümsiräp: “Garazaluwadyň edäýşini” diýip, gazete hasam mähirli garaýardy. Onuň begenýänini görüp menem begenýärdim. Sebäp kan wagtlardan bäri oň begenenini göremokdym.
Goja okymyş adamdy. Ýöne ol gazete çykýan hekaýalaryň awtoryna seredip okaýardy. Bu gezekki hekaýany ýazan düýbünden tanalmaýan adamdy. Şo-da gojany hasam höweslendirýärdi.
– Öwekge, şu toprakdan şeýle adam çykan bolsa, baryp elini gysyp gaýtmaly. Adamlaryň gyzyklanýanyny bilse ol ýene öňküsindenem gowy, ilhalar hekaýalary ýazar.
Gazetiň aşagynda ýazanyň başga welaýatdanlygy hemem obasy görkezilipdir. Şoň üçin o ýere barjak bolsaň gaty uzak ýol geçmelidigini ýaňzytdym.
– Oň ýaşaýan ýerine otly bilen gitmeseň gaty daş. Gidip gelmek üçin pesinden iki gün-ä gerek bor.
Goja ýeň bererli däldi.
– Üç gün gerek bolsun, esasy begenmeli ýagdaý şeýle adamyň öz topragymyzda döränligi. Şoň üçinem oň kimdigini bilmeli. Kim bilýär ,ýene näçe ýyllan ýene şeýle adam dünýä geler. Ile meňzeş ýazýan adam ekilip alynýan zat däl…
Goja iş ýerinden iki günllük tölegsiz rugsat ally. Ýolbaşçynyň gülümsiräp: “Ýörüte şoň üçin gitjekmi” diýen sözüne-de garaçyny bilen jogap berdi.
– “Düýä haýt diýmek medet” diýipdirler. Häzir baryp elini gysyp gaýtsaň monça bor.
Otla münmegem bize beýle bir kyn bolmady. Argyn gözli zenan oňardygyndan mylaýym jogap berdi.
– Ýaşuly, saňa aşakdan, oglanjyga bolsa ýokardan ýer berdim, özem dört adamlyk ýer.
Otly ugramanka bize ýene bir ýoldaş gelli. Bagtymyza olam ýazyjy eken. Özem gowy adam ýaly.
Ýazyjy alyn dişleri öňe çykyp duran sary adamdy. Ol özüniň hekaýalarynyň gazet-žurnallarda çykyp durandygyny aýdyp, özüni tanyş etdi. Ol adyny-familiýasyny aýdansoň men ony şobada tanadym. Dogrudanam oň hekaýalary gazetde çykyp durdy. Ýöne ýekeje hekaýasam ýadymda ýokdy. Üpük gojanyňam ýagdaýy meňki ýaly bolarly, olam “pylan hekaýaň ýadymda” diýmedi. Soňam özüniň hekaýa düşünmeýändigini aýdyp ýuwmorlady.
– Aý, biz bir gum adamlary, çuňňur ýazylan hekaýalara o diýen düşübem baramyzok. Biz häki bir ýeňiljek pikir bilen ýaşap ýören adamlar-da, ýazyjylar çuňňur pikir edýärler, öňden görýärler.
Soň ýazyjy ýatynça durmuş sapaklaryny öwretdi. Hat-da ol çörek iýeňde köp çeýnemelidigini, şeýtseň ýuwutmagyň aňsat bolýanyna çenli ýatlady.
Wokzalda bizi bir topar hususy maşynlar garşy ally. Olar meňem, gojanyňam bolup durşumyzy görüp henek atyp ugradylar.
- Ýaşuly, isleseň men saňa derýanyň aňyrsyny görkezeýin.
- Ýöne şäheri göresiňiz gelse-de, aýdyň.
- Ýör men seni ýadygärliklere aýlaýyn.
Olar öz maşynlaryny güjeňleýärdiler. Ýumşak hem täzedigini aýdýardylar. Goja bolsa entegem ikirjiňläp durdy. Şol wagt birneme gartaşanyrak sürüji ýanymyza gelli.
- Ýaşuly, geliş nireden?
Goja özüni tanaýandyr öýdüp oň ýüzüne çiňerildi.
- Ahaldan, ondanam aňyrda gum obasyndan.
- Näme, gezelenje çykdyňyzmy ýa alada bilenmi?
Üpük goja bar zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdi. Ýörite şol hekaýa ýazan adamyň elini gysmaga gelendiginem aýtdy.
Ine şu ýerde-de hekalaýarda-da, selçeň ýazylýan üýtgeşik ýagdaýýüze çykdy.
- Ýörite şoň üçin ýol aşyp gelliňizmi?
Goja mölterilli.
- Näme bi kiçi zatmy?..
Soň ol biziň bilen bolman töweregindäki sürüjilere bakyp şeý diýdi. Özem ol şu sözleri gylgyryp aýtdy.
- Eşidýäňizmi adamlar, bu goja biziň welaýatymyza bir oglanyň gazete gowy hekaýasy çykany üçin ýörite Ahaldan gelipdir.
Bu sözüň yzy wagyrda öwrüldi.
- Ýörite şoň üçinmi…
- Edebiýat adama her zat etdirjek diýse ynanaýmaly…
- Gojaň özem ýazyjymyka?
- Ýok, özümiz ýaly ýönekeý adama meňzeýär.
Soň başgaça gykylyk gopdy. Kimdir biri maşynynyň gapysyny açyp batly gygyrdy.
- Ýörite biziň ilimiziň ýazyjysyna hormat goýup geleni üçin men gojany mugtuna alyp gitjek.
- Meň maşynym täze, men alyp gitjek.
- Ýok, men alyp gitjek…
Men gaty köp wagtlardan bäri görmeýän zadymy – hakykaty, adamlaryň edebiýata bolan guwanjyny görýärdim. Indi olar “men mugt alyp gitjek-de, men mugt alyp gitjek” boluşýardylar. Bu edebiýata bolan uly hormatdy, milliligiň çürbäşydy.
Kimdir biri saklanyp bilmän ýene öz pikirini orta atdy.
- Görýäňizmi adamlar, bir obada önüp-ösen ýekeje kişi öz talanty bilen biziň welaýatymyzy bütin türkmen iline äşgär etdi. Bu edebiýatyň sarpasydy.
- Ýogsam näme, türkmeniň Magtymgulysy öz eseri bilen türkmeni dünýä jar etmedimi näme.
- Edebiýatyň beýikligini öňem bilýädik, bu gün ol hasam äşgär boldy…
- Hemişede şeýledir, haýsy ýurt bolsa bolaýsyn, ol özüniň meşhur adamlary bilen tanalýar.
- Ýogsam näme, Raç Gapur diýilse hindiniň ýurdy göz öňüňe gelýär, Balzak diýseler Fransiýa…
Biz ilki gepleşen adamymyzyň maşynyna mündük. Ýolda ol bize şeý diýdi.
- Köp wagtdan bäri men aýalymyň begenjini göremok, eger men oňa biziň ilimiziň ýazyjysynyň elini gysmaga ýörite Ahaldan adam gelipdir diýsem gör ol nähili begener. Özem goşgy beýlekä güýmenýär…
Üpük goja sypaýyçylyk edip ony ýene bir güne goýdurdy. Biziň barmaly obamyz eslije ýer bar eken. Düşjek bolamyzda, Üpük goja sürüjä näçe pul uzatsa-da ol almady.
- Men sizi mugt alyp gitjek diýip söz berdim-ä. Onsoňam men türkmen bolup, öz welaýatymyzy türkmen iline tanadan adama guwanmasam meň türkmen bolmadygym bordy. Häzir meň gursagymdaky begenç, uly puldanam uly…
Sürüji biz bilen hoşlaşdy. Ho-ol beýleräkde bäş-alty sany oglan bir zadyň gürrüňini edişip durdy. Goja olardan ýazyjy oglanyň öýüni sorady. Oglanlar kibitlerini gysdylar.
- Biz-ä obamyzda ýazyjy bardygynam bilemizok…
- Traktyrçy diý, dükançy diý… Kimkäraý ol?..
- Wiý, bir oglan bar-aý, gözi ullakan äýnekli, özem ol hiç kime goşulman, ýörände-de ýüzüni aşak salyp ýöreýär. Şoldur-ow…
Duranlaryň biri çalaja mydyrdady.
- Aý, ýaşuly, biz o ugra känbir gyzykmaýas. Soňky çykýan telefonlaň bahasyny aýt diýseň aýdaly. Futboluň – dünýä çempionatynyň haçan başlanýanyny sorasaň nagt edeli.
- Habybyň indi haçan uruşýanyny sorasaň onam aýdarys…
Goja gaty gahary gelmänkä olardan daşlaşdy. Biz saýaly bir öýüň deňinde saklandyk. Bir gyrada örklenen ala sygyr bizi görüp uzyn-uzyn molady. Haýwanam bolsa del adamdygymyzy aňan borly. Yzyna birtopar jüýjesini tirkäp, garry towuk öňümizi kesdi. Howlynyň gyrasynda, hol beýleräkde ýaş maşgala tamdyryň töwereginde aýlanýardy. Bahym howadan oduň ysy gelli. Ýaş maşgala bize tarap ýöneldi.
– Geleweriň, birini gözleýämidiňiz?
Üpük goja gözleýän adamsynyň adyny aýdanda, öý bikesi ýyljyraklady.
- Ol häzir geler, ynha men ony basym çagyraýyn…
Ol şeý diýip häliden bäri bize mölterilip seredip duran bäş-alty ýaşlaryndaky gyzjagaza ýüzlendi.
- Habyjan, bar ataňa basymjak gel diý, myhman geldi diý…
Uzak garaşdyrman ýüzüniň ýarysyny tutup duran ullakan äýnekli oglan ýyljyraklap göründi. Onuň ullakan äýneginiň aňyrsyndan bakýan gözleri çaganyňky ýaly aýdyňdy. Ol özüniň öýünde ýokdugyna günäkär ýaly müýnürgedi.
- Ýygnalman galan azajyk jöwenim bardy, sowukdan öň şony ýygnaýyn diýdim…
Goja oň elini gysyp uzak wagtlap silterledi. Soňam ony atalyk mähri bilen bagryna bassy.
- Taňryýalkasyn oglum. Taňryýalkasyn, bütin türkmeniň adyndan saňa sagbolsun aýdýan.
Oglan nämäň-nämädegini bilenden soň utanyçly ýaly gepledi.
- Sag bol atam, menem üýtgeşik ýazýan däldirin-le…
- Sen ýazaňok, ýazan hekaýaň suratyny çekýäň, ana üýtgeşikligi.. Ýazyber oglum, gowy hekaýa ýazanlara döwletimizem serpaý ýapýar. Basym seňem adyň tutular…
- Atam pahyr köpçülikde adyň tutulmak uly bagt diýerdi. Adyň tutulsa, gowy zat, ýöne okyjynyň ýönekeý minnetdarlygy has uly sylaglardanam gowumyka diýýän men-ä…
- O şeýledir oglum, halk diýeniň gerşi ýere degmeýän pälwandyr, olar dillenmese-de gowy-erbedi ýüreginde göterip ýörendir. Şoň üçin bu ýola baş goşaňsoň diňe gowy zat ýazmalydyr.
Gojanyň diýeni boldy. Ol görjek diýen täze ýazyjysyny gördi. Ýeke bir görmek däl, ýüreginiň diýenini edip, elinem gyssy. Şol gün ol hiç zadyň pikirini etmän dünýäniň ygynda ýaşaýan ýaly bolup ýaşady. Onuň begenýänini görüp menem begenýärdim. Hemem şeýle begenjiň has uzaga gitmegini oglan ýüregim bilen isleýärdim.
Biz yzymyza dolanmak bilen bolduk. Goja ýadady, onda-ga gaty ýadady. Öňem ol durmuşda gaty ýadapdy. Ýöne ol häzir şu topragyň täze gowy ýazyjyny dünýä berenligi üçin ähli ýadawlygyny undup, uly geçirimlilik etdi.
Obamyza ýetip barýarkak ol şeý diýdi.
- Öwekge, senem ilemeňzeş hekaýa ýazýan bolsaň, biziň obamyzam hemmeler tanardy. Sen bolsa… aý bolýa-da, käýinmäýin-le…
Men utandym, özem gaty utandym. Sebäp bu gojanyň ikinji ýola aýdyşydy.
Öwezmyrat ÝERBENDI.