SIZDEN GELENLER

“Goşgy ýürekden çykýar…”

Proza we poeziýa älemine özüniň agirt uly goşandyny goşup, türkmen edebiýatyny belende göteren beýik ussatlarymyzyň biri-de Berdinazar Hudaýnazarowdyr. Onuň türkmen edebiýatynda, merdana halkymyzyň ýüreklerinde galdyran yzy diýseň uludyr. Onuň eserleri durmuşyň dogruçyl beýany bolup, adamlary arasa ahlaklylyga, päklilige, sahawatlylyga, sabyrlylyga, sadalyga, zähmetsöýerlige, dogruçyllyga, hoş sözlülige çagyrýar. Hut şonuň üçin-de Berdinazar Hudaýnazarow türkmen edebiýatynyň iň ýagty şuglasy bilen şöhle saçýan parlak ýyldyzydyr!

Berdinazar Hudaýnazarow öz işine, döredijiligine bütin durky, jany-teni bilen berlen adam. Ol öz edýän zadyny çyn ýüreginden söýüpdir. Hut şonuň üçin-de onuň her bir setirleri kalbyňa örän uly täsir edýär. Şahyryň “Adamyň bir mätäç zady – hoş sözdür…”, “Goşgular başy”, “Sabyr”, “Ak Gün depämizden sallanyp dursun”, “Bäbejigiň başujynda” ýaly  we başga-da birnäçe, örän gymmatly goşgulary, “Gyzgyn sähra”, “Seniň ýaşlygyň bolupdy”, “Döwrüň depesindäki adam” ýaly poemalary her bir okyjynyň ýüreginde orun alypdyr.  Hawa, Berdinazar Hudaýnazarow “Goşgy ýürekden çykýar” diýip belleýär. Ýürekden çykýan zatlar bolsa, ýüreklerde-de ornaýandyr.

Hem prozany, hem poeziýany bilelikde ýöredip, onda-da ikisinde-de ägirt uly üstünlik gazanmak örän kyn zat. Emma Berdinazar Hudaýnazarow bu agramdalygy diýseň ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Onuň poeziýasy bilen agramdaş prozasy bu günki nesilleri-de haýrana goýýar. Ýazyjynyň “Göreş meýdany”, ”Ynsabyň yzasy”, “Gumlular”, “Garaçägäniň ogullary”,  “Akar suwuň aýdymy” ýaly romanlary, “Argyş”, “Haşar”, “Goňşular”,”Yzçynyň gözleri”, “Ýolagçylar”, “Aksakal”, “Garagulagyň oýy” ýaly powestleri özüniň gozgaýan meseleleri babatda-da, mazmuny, täsirliligi, çeperçiligi taýdan-da türkmen edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň hatarynda durmaga mynasypdyr.

Kä wagtlar men Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgularyny okap otyrkam, öz-özüm bu beýik şahsyýete haýran galýaryn. Şahyryň şeýle üýtgeşik, şol bir wagtyň özünde hemmelere düşnükli bolan pikirleri, örän çylşyrymly zatlary diýseň ýönekeý, sada dilde, juda az sözler bilen okyja ýetirmek ussatlygy meni haýrana goýýar. Men onuň ähli goşgularyndanam lezzet, ýatdan çykmajak täsir we akyl, paýhas alýaryn. Berdinazar Hudaýnazarowyň eserleri türkmen halky üçin ägirt uly terbiýeçilik mekdebidir!

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat