SPORT

Arda Güler “Real Madrid” bilen resmi şertnama baglaşdy

Birnäçe günden bäri Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparynyň düzüminde çykyş eden ýaş futbolçy Arda Güleriň transfer habary barada habarlar neşir edildi. 18 ýaşyndaky futbolçy bilen Ispaniýanyň 2 ägirdi – “Real Madrid” hem-de “Barsleona” gyzyklandy.

Arda “Real Madrid” toparyny saýlady. Şu gün “Real Madrid” toparynyň ýolbaşçysy Florentina Perez bilen Arda Güler şertnama gol çekdiler. Türk futbolçy bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Güler ispan toparynda 24 belgili köýnekçe bilen çykyş eder. Ol şertnama gol çekenden soňra beren beýanatynda şeýle diýdi.

– Durmuşymyň iň üýtgeşik güni. Bu toparda has-da meşhur bolmak isleýärin. Bu ýere gelendigime örän şat. Meni goldaýanlaryň hemmesine köp sag bolsun aýdýaryn. Madridiň uly mirasy bar. Ronaldo, Mesut Özil, Guti we Zidan ýaly meşhur futbolçylar bu toparda oýnady we men olardan biri bolmak isleýärin.

“Real Madrid” ýaş ýyldyz üçin “Fenerbahçe” toparyna 20 million ýewro tölär. Türk topary Güleriň soň amala aşyrjak transferinden hem 20 göterim paý alar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy