SPORT

Mbappeniň tälimçisi Luis Enrike boldy

Fransiýanyň “PSŽ” topary tälimçisi Kristof Galtýeni wezipesinden boşadyp, onuň ýerine ispan tälimçi Luis Enrike bilen şertnama baglaşdy.

53 ýaşyndaky Luis Enrike täze möwsümde Neýmarly, Mbappeli fransuz toparyna tälim berer. Ispan hünärmen bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

– Pariže gelendigimiz üçin örän şat. Bu ýerde täze tejribeler gazanaryn. Täze adamlar bilen tanyşmak üçin üçin gyzykly. Bu şäher ýaşamak, täze dil öwrenmek, ilkinji nobatda “PSŽ” toparyna tälim bermek gyzykly bolsa gerek – diýip, Enrika belläp geçdi.

Mundan ozal, Luis Enrike “Roma”, “Selta” we “Barselona” ýaly toparlara tälim berdi. Ol Ispaniýanyň milli ýygyndysyna hem tälim berdi.

Fransuz topary täze tälimçiniň öňünde goýan esasy wezipesi Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmakdan ybaratdyr. Enrike ozal “Barselona” bilen Ýewropanyň esasy ýaryşynyň kubogyny gazanypdy.

Related posts

Ispan janköýer dünýä çempionatyna ýöräp barýar

Amerikaly ýeňil atletikaçy iň köp medally türgen boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Leave a Comment