SPORT

Dünýä çempiony ozalky toparyna dolanyp bardy

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Katarada geçirilen dünýä çempionatynda çempion bolan Anhel Di Mariýa “Benfika” toparyna dolanyp bardy. Ol 2007-2010-njy ýyllar aralygynda bu toparda oýnapdy.

Häzirki wagtda Anhel Di Mariýa erkin futbolçy hökmünde portugal toparynyň düzümine goşuldy. Onuň Italiýanyň “Ýuwentus” topary bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti tamamlandy.

Portugal topary dünýä çempionyny düzümine goşup, ony janköýerlerine resmi taýdan tanyşdyrdy.

35 ýaşyndaky dünýä çempiony 2007-2010-njy ýyllarda “Benfika” toparynyň düzüminde oýnap, şondan soňra Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçipdi.

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Katarada geçirilen dünýä çempionatynda çempion bolan Anhel Di Mariýa bilen Türkiýäniň toparlary hem gyzyklanypdy.

Related posts

Pol Pogba “Monako” topary bilen şertnama baglaşdy

Halkara Olimpiýa komitetiniň täze ýolbaşçysy wezipesine girişdi

Mourinýo “Roma” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

Leave a Comment