BILIM

Türkmen mekdep okuwçylary matematika olimpiadasyndan medally dolandy

Golaýda Albaniýa Respublikasynyň Tirana şäherinde Ýaşlaryň 27-nji Balkan matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistan, Rumyniýa, Täjigistan, Gazagystan, Serbiýa, Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa, Türkiýe, Fransiýa ýaly, dünýäniň jemi 18 döwletinden 100-den gowrak okuwçy gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Abraýly halkara bäsleşikde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinden saýlanan 6 okuwçy wekilçilik etdi. Olara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew hem-de «Gujurly bilim merkezi» hojalyk jemgyýetiniň matematika mugallymy Pälwan Agamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Zehinli türkmen ýaşlary matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, olaryň ählisi Watanymyza medally dolanyp geldiler.

Has dogrusy, bäsleşikde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Begenç Akmyradow hem-de ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow kümüş medala mynasyp boldular.

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Söýünmuhammet Geldimämmedow, ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Begli Işanmyradow, Kümüş Nobatowa, şeýle-de ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Selim Hommatdurdyýew dagy bolsa bürünç medaly eýeledi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Londonda bilim ulgamynda türkmen-britan hyzmatdaşlygy babatda 4 resminama gol çekildi

Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär