BIZNES

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gullugynyň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyp, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda harytlary toparlara bölüniş kodlarynyň ulgamyny işläp taýýarlamak babatda tejribe alyşdylar.

Bu duşuşyk, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň 2022–2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Russiýaly gümrükçiler Federal gümrük gullugy tarapyndan ulanylýan Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy, harytlaryň toparlara bölüniş ulgamynyň işi, bu ugurda bellenen jogäpkär düzüm birlikler we olaryň ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berdiler. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynyň hukuk esasyny Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýasy düzýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Konwensiýanyň agzalylygyna şu ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden degişli kanuny esasynda kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda harytlaryň toparlara bölüniş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli alnyp barylýar.

Şu günki duşuşyk hem şol işleriň çäklerinde Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň tejribesiniň öwrenmek maksady bilen geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi