HEKAÝALAR

 Akmaňlaý

                                                                                Hekaýa 

 Obamyzda Akmaňlaýa dahylsyz ýekeje adamam tapmarsyň. Kim oň çalyny içendir, kimem oguzyndan dadandyr. Şonuň üçinmi nämemi, barymyz Akmaňlaýy gowy görýäs. Meň ony hasam gowy görýänligim ýapynyň ýüzünden gyýaklap gaýdýan aýak yzlary hemem gyýtaklap ýapa dyrmaşýan owadan yzlar.

Gülsün eje Ýerbendiň gamgyn ýelleri iki zadyň yzyny bozup bilmeýär diýýär. Olaryň bir-ä ömrüni gum içinde geçiren çyn äriň ömri, birem düýeleň yzy. Olar gar ýagsa-da, syrgyn tursa-da hiç-haçan bozulman, gaýta tersine ýüzi täzelenip durýa.

Akmaňlaý tüýs gumuň maly. Siz şeýle bir görnüşi göz öňüňize getiriň – hon-ha Akmaňlaý örüden gelýä. Köşejigem onuň gelýänini bilip gazygynyň daşynda pyr-pyr aýlanýa. Düýäniň bozlaýan sesi bilen köşejigiň imrigýän sesi tapyşýar. Akmaňlaý çalaja bozlap gelşine ýatagynyň ýanynda abşarylyp durar-da, gerinjirär. Şol wagtam gum gelinleriniň biri köşejigi gazykdan boşadyp, eýýäm tesini beren Akmaňlaýy sagmaga durar. Babyr bilekleriň hereketi bilen könege düşýän süýdüň sesi özboluşly sähra mukamyny çalar…  Şol wagtam düýeleri alyp gelýän çopanyň şadyýan sesi obamyzyň depesinde aýlanar.

Ekin ekseň gönenersiň-eý,

Bag ekseň begenersiň-eý,

Çek düýäni, sür dowary,

Gitdigiňçe beglenersiň-eý…

 Soň näme bolar? Köşejigini emdiren Akmaňlaý garç-garç gäwüşär-de, Gün hanjak bolsa şoňa bakyp çöker. Ine şu ýerde-de gumlularyň iň bir eý görýän zady –  düýäniň gäwüş gaýtarýan ysy geler. Ol ysy hiçbir ysa deňäp bolmaz.

Men hemişe şeýle ysy temegime tartyp ýöremsoň oglan garagollugy, şonuň ýalam göçgünligi bilen ertekileriň döreýän ýerinde ýaşap ýören ýaly bolýardym.

Şeýle günler bilen ýaşap ýördük. Sähralaryň öz göwsünde özüniň gözellik döredýänine begenýärdim. Ýöne ynsanyň başynda nähili muşakgatlyk bar bolsa haýwanda-da bolýan eken.

Şol ýyl guşlar obamyza öňküsinden ir uçup geldiler. Baryp-ha güýzüň soňallysynda gyşyň maýyl boljagyny ýatladyp irgözünden gök öz gurrasyny taşlady. Gyşam goýagyny atdy. Mazaly Akmaňlaýam irdenjik owadanja köşegi yzyna tirkedi.

Ýöne nämedendigi bilinmedi. Akmaňlaý öň etmeýänini edip, köşejigi emdirmedi. Asla emdirmek däl, oň süýdem kesildi. Bu ýagdaý hemmeleri gynandyrdy. Hasam köşejigiň günäsiz gözlerini töweregine aýlap zaryn bozlamasy içiňden-bagryňdan geçip barýardy.

Obamyzyň bir gowy häsiýeti bar. Şeýle ýagdaýda mal bolsun, ynsan bolsun, tapawudy ýok, hemmeler oňa kömek etmäge çalyşýar. Bu gezegem şeýle bolly, her kim bilýänini orta goýdy. Kim köşejigi geçiň süýdüni berip halas etmeli diýýärdi, kimem ýene şoňa meňzeş akylly maslahat berip köşejigi halas etmegiň gürrüňini edýärdi. Ýöne ýetmişinji ýylyň garyny başyna sepeleden Jüýten kempiriň sözüni hemmeler biragyzdan unady. Ol siganyň atyň näçe ýaşyndadygyny biljek bolýan ýaly dişini barlap görjek bolşy ýaly Akmaňlaýyň eýlesine geçip bir seretdi, beýlesine geçip bir seretdi. Iň soňunda-da şeýle sözleri hiç kimiň ýüzüne seretmän agzyndan çykardy.

– Akmaňlaýyň kalbyny ýagşylykdan doldurmaly, ona nämedir bir ýetmeýän zat bar…

Kempiriň sözüne dawa eden bolmady. Sebäbi obamyzyň hemmesi eşigi bitin, garny dokam bolsa adamynyň düşnüksiz gama batýandygyny bilýärdi. Onsoňam bu sözi aýdan gaty köp çarşenbeleri başyndan geçiren Jüýten garrydy.

Ýöne näme üçindir şol gün obamyzda dutar tiňňildedýän tapylmady. Hatda ýanynda gyjak göterýänem ýokdy. Kimdir biri obamyza täze mollum bolup gelen rus dili mollumyň birtopar depregi daşyna üýşürip, iki sany taýak bilen alagoh edip çalyp bilýändigini aýtdy. Onam unamadylar. Sebäp deprek nire, düýe janawer nire, ürkermi nämemi.

Soň ýene pikir edildi. Ahyram Tejenaýagyndan  täzeräk göçüp gelen Pynhan aganyň ady tutuldy. O ýaşulyny menem bir gezek görüpdim. Hemmesiniň sesi bir çyksa-da ol üç-dört sany gamyş tüýdügi biline gysdyryp gezýärdi.

Pynhan aga mähetdel etmän özüniň agras ädimlerini ýuwaşja ädip wakanyň bolýan ýerine gelli. Şonda hemmeler onuň kän gürlemeýän gänede adamdygyny  billiler. Hemmeler onuň bilindäki gysdyrylgy duran gamyş tüýdüge seredýärdi. Hemem hiç haçan ýalňyşmaýan Jüýten kempiriň sözüniň neneňsi dogry çykjakdygy hakynda oýlanýardy.

Bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly töwerek owazlanyp başlady. Tüýdügiň gamgyn owazyndan başga hiç kimden ses çykanokdy. Asla gamgyn owazdan başga-başga owaz çykaryp bilmejek bolsaň seslenmegiň nämä gerekdigine düşünýän ýaly hemmeler agyr dymýardy. Tüýdükçi bolsa käýarym bir dodagyny donunyň synyna süpürip, şol çalyp otyrdy. Akmaňlaýam çöküp oturan ýerinden hamala saza düşünýän ýaly tüýdügiň sesine diň salýardy. Adamlaram tüýdügiň owazyny ilkinji ýolam eşidýän ýaly ol hamala düýe janawere däl-de, özlerine gerek bolan ýaly kim çokaýynyň oltagyny dyrmalaýardy, kimem keçäniň ýüzüni. Asmandaky düýnki ýagan ýagyşa ýuwnan altyn Aýam bi täsin tomaşa syn etjek bolýan ýaly, obamyza tarap haýdaşlap gelýärdi. Şol gije – symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän täsin gijede tüýdükçi entegem tüýdügini çalyp otyrdy. Daňa golaý ol ýadadymy-nämemi, agzyndan tüýdügini aýyrdy. Ine, şu ýerde-de ýene bir täsin rowaýatyň başy başlandy. Çöküp oturan Akmaňlaý ýerinden galyp, gazygynyň daşyndan aýlanmaga başlady. Haçan-da tüýdükçi agzyny bir gysym gamşa ýetirende Akmaňlaý aýlanmasyny goýup, gerinjiräp başlady. Basymam tüýdügiň gamgyn owazy bilen köşejigiň täsin sokjamasy ümsüm gijäniň şaýady boldy.

Hemmeler begendi. Sazyň owazy Akmaňlaýy jadylap, ýelnine süýt inderipdi. Şol sazyň owazy häzirem ýadymda. Gamgyn sazlardyr gamgyn setirler adamyň hakydasyndan hiç haçan çykmajak eken…

***

Günler şeýdip ylgawyn ýazdyrman geçip durdy. ertirden soň birigün bolardy, birigünden soň soňkusy gün, aý garaz, hezillikdid-ä. Şol ýylyň ýazam ýaňy ýaglap diňen gyzjagaz ýaly mylaýymdy. Sähralar arzuw-hyýalyndan doly saplanmadyk ýetişmiş gyz ýaly uýaljaň seredýärdi.

Şol ýyl Akmaňlaýyň eýesi Anna ýöwsel täze gullukdan gelen ogluna guda boldy. Bu bizi hasam begendirdi. Obaňda toý bolar-da neneň begenmejek! Özem ol ýöne-möne gyzy dä-de Ýerbendiň Ogullasyna söz aýdyp guda bolnupdy. Ine şu ýerde-de, begenç bilen bile gynanjam ýüze çykdy. Sebäp hemme ýerde bolşy ýaly, durmuşa çykýan gyza şaý-sep almalydy. Oňa bolsa eslije maýa gerek. Anna ýöwseliňem ylaýjak hojalygy bardy. Onsoň her kim ol Akmaňlaýy satar öýüdýärdi. Hiç kimem ony obadan çykarasy gelenokdy. Bu habar Ogullanyňam gulagyna ýeten borly. Olam Akmaňlaýy gowy görýärdi ahyry. Inden gelniň şaý-sepi üçin ol satylmaly. Hiç kim sesini çykarmasa-da, ýürege salnan ýarany her kim özüçe göterýärdi. Ýa gyzy şaý-sepsiz ugratmaly ýa-da Akmaňlaýy satmaly.

Tereziniň haýsy tarapy agyr? Gyz göwnümi ýa-da Akmaňlaýsyz ýaşaýyşmy?

Bi zatlardan baş çykarmana meniň oglan başym ejiz gelýärdi. Dogrusy Ogullanyňam beýleki gum gyzlary ýaly saş-sepiniň düzüw bolmagyny isleýärdim. Ýöne Akmaňlaýa-da dözemokdym.

Indi obamyzyňam öňki şady-horramlygy gaçan ýalydy. Hat-da Baltaga çenli üýrende hemişekisi ýaly üýrmän, ýuwaşja üýrerdi. Hat-da pişiklerem mawa gezenlerinde-de pessaý sesi bilen mawlaýardy. Ýöne birden Ogullanyň pyşyrdap aýdan sözüni hemmeler eşitdi.

– Akmaňlaý ýerinde dursun, maňa beýle gymmat şaý-sepler gerek däl. Tolpy ussa kümüşdenjik bir gülýaka ýasap berse bolany.

Bi tüýs gum gyzynyň aýdaýjak sözüdi. Onsoňam Ogulla ýaly akylly-başly gyzyň.

***

Obamyz ýene öňki kaddyna öwrülip geldi. indi her gün ýene Enebeýigiň aňyrsyndan Gün görünýärdi. Sähralardan Akmaňlaýyň bozlaýan sesini sörtük şemal gulagymyza ýetirýärdi. Ýene ýaş enäniň durnalaryň sesini ýatladyp duran gamgyn sesi bilen sallançagyny patdylladýan sesi eşidilýärdi.

Şol ýyl näme üçindir Akmaňlaý yzyna köşek tirkemedi. Sebäp indi ol birneme garrapdyr. Ýöne Hudaý berse ýene birki ýyl botlajagy bildirýärdi. Ol şol ýyl botlamansoň gysyretine münüp tendar görünýärdi. Obamyz üýşüp bir zadyň maslahatyny edýärdiler. Gürleýän Akmaňlaýň eýesi Anna ýöwseldi. Ol ýüzüni aşak salyp şeýle sözleri agzyndan çykarýardy.

–  Adamlar, menem bi janaweri elimden gidiresim gelenok. Siziňem ony gowy görýäniňizi bilýän. Ýöne, öte garransoň onuň bi tabyny tapmajagyny bilemden soň gözümiň öňünde ejizlänini göresim gelenok. Şonuň üçin ertir ony bazara çykaraýsam nädýä?

Hiç kim oň sözüni goldamady. Eşidiler-eşidilmez hümürdi güýçlendi.

– Gör-dä, mal seňki…

– Janaweri obaňdan çykarasyň-a gelenok…

–  Kysmaty şeýledir-dä…

Ertir irden Anna ýöwsel ikimiz Akmaňlaýň nowtasyndan tutup, bazara tarap ýöräp ugradyk. Ikimizem hiç zat gürlämzokdyk. Men-ä Akmaňlaý bilen baglanyşykly günleri hakydamda aýlaýardym, Anna ýöwselem şeýle bolarly. Ol agyr dymyp barşyna käýarym bir “Haý, janawer-ä” diýýän sözüni eşidýärdim.

Hiç haçan gowgasy ýatmaýan bazar bizi şowhunly garşylanam bolsa, menň oglan gözlerime birhili tutuksy görünýärdi. Ýolda gelýärkäk                                           Anna ýöwseliň “Öwekge, eger söwdamyz oňsa, saňa bir buzgaýmak alyp bererin” diýen sözem hiç-hili kalbyma täsir edenokdy. Ýogsam men ilkinji ýola barmagyny bala batyran çaga ýaly buzgaýmagy gowy görýärdim.

Basym müşderiler Akmaňlaýy bahalap ugradylar. Kim bärräk satýardy, kimem has arzan soraýardy. Öňem Akmaňlaýy elinden gidiresi gelmän duran Ana ýöwsel diňe şeýle sözleri aýdýardy.

– Öňem-ä negözel malyň bazaryny gaçyrjak bolmaň!

Şo sözi eşiden müşderiler biziň ýanymyzdan tiz garasyny saýlaýardy. Beýlerägimizde bir owadan maşyna saklandy. Maşyndan üç sany adam çykyp, göni bize tarap gaýtdy. Maşynyň rolunada ak saçly, birneme ýaşandygyna garamazdan barmagyna ýüzük dakynan epeý adam otyrdy. Üç adamyň iň kiçi bykyny keltejigi düýäniň eýlesini-beýlesini elleşdirip, Anna ýöwselden oň nyrhyny sorady.

– Näçe diýýäň?

Anna ýöwsel köne puluň hasabyndan nyrh kesdi.

– Togson milliona diýerin.

– Bi gaty gala bolmaýamy sakaldaş?

– Düýede şonuň ýaly galada.

Olaryň çekeleşip duranyny gören maşynyň içindäki adam bize tarap ýöneldi. Ol gele-gelmeýşine şeýle sözleri aýtdy.

– Mal-a, maljan eken. Özem ap-arass, gumuň maly bolarly.

Anna ýöwsel başyny atdy.

– Gumdan – ýerbent ýaýlasyndan geldik.

Bykyny kelte söze goşuldy.

– Mala söz ýok, ýöne juda gymmat diýýä.

– Häçe diýýä?

– Togsany tozadýa…

Sypaýy adam ýyljyraklap puluny çykardy.

– Bezirgen ýola çykdymy – paçdan gaçmaz. Söwdalaşaly halypa!

Şol wagt ýene bykyny kelte adam söze goşuldy.

– Sakaldaş, bäş-alty gazana ýaglasa gerek?

Anna ýöwsel pula ýetirip barýan elini yza çekdi.

– Siz näme, muny paltaň aşagyna salmak üçin satyn alýaňyzmy?

Bykyny kelte adam barmagy ýüzükli adama ümläp, Anna ýöwsele şeýle diýdi.

– Ýaşulyň ogly okuwyny gutaryp täze diplom aldy, özem gaz ugrundan işlemeli. Ýaşuly göwün edýär diplom toýuny edäýýjek diýip.

Anna ýöwsel saňgaty boldy. Meniňem kimdir biri gulagymyň düýbüne uran ýaly kelläm şaňlap gitdi.

– Biz bütin oba oba bolup niçeme ýyllardan bäri şü janawere guwanyp gezdik. Siz bolsa ony… men bu janaweri şonuň üçin taýýarlamandym.

Ol şu sözleri aýdyp, gaharyny menden çykarjak bolýan ýaly azmly gygyrdy.

–  Öwekge, dünýäniň nogtasyny al-da, oba tarap gönel!

Men iki diýdirmän düýäni gaýralygyna tarap iýdip ugradym. Müşderiler muňa aňk-taňk bolup yzymyzdan gygyrdy.

– Beýme how, togsany az görseň ýüz bereli!

Anna ýöwsel o sözi eşiderli däldi. Biz gidip barýardyk.meniň kelläme nirelerde bir ýerde okanlygym ýadyma düşmeýan setirler janlanýardy.

 

Guşlar sizi täç ederdim dünýäme,

Emma bu aýdanym bolýarmy näme,

Görüň ynha bu gün gyzan bazarda,

Kim seçme alýar, kimse-de däne…

***

Obamyzyň ýüzi ýagtylan ýaly boldy. Hiç kimem “geçmedimi” diýmedi. Hemmeler “Janaweriň nesibesi aýrylyşmadyr” diýdi.

                                                                                 Öwezmyrat ÝERBENDI.

        

 

 

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri