DÜNÝÄ

Gruziýanyň parlament wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Parlamentiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwili bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda duşuşyklary guramak tejribesini dowam etdirmegiň ähmiýeti beýan edildi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentlerinde Parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýandigi bellenildi.

Türkmen diplomaty Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara topary we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler ýaly bar bolan gurallaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl gol çekilen 2023-2024-nji ýyllar üçin iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Maksatnama netijeli özara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Kaliforniýaly türkmen alym: “Makul Sözlük” daşary ýurtdaky türkmenler üçin umumy salgylanma bolup hyzmat edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli golf ýaryşyny we baýramçylyk kabul edişligi gurnady

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihasynda brifing geçirildi

Tähranda YHG-nyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Aşgabatda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi