Hekaýa
Günler gyzykly ýazylan hekaýanyň sahypasyny şemalyň bahym-bahymdan agdaryşy ýaly, çaltlyk bilen geçip başlady. Men Işannuryň heýkelleriň arasynda gününi ümsüm geçirip ýörşüne çynym bilen begenýärdim. Hemem ýene azajyk tagapyl edip, ýüregi düşüşse ýene-de, edebiýata dolanar, onsoň biz ýene öňkümiz ýaly süýji ýazylan hekaýalaryň gürrüňini ederis diýýärdim.
Ýöne meniň edýän çakym dogry çykyberenokdy. Bu çaýkanyp duran uly dünýede ähli zat undulsa-da, söýgi, onda-da Işannuryňky ýaly ýowuz hem owadan söýgi undulmajak eken. Men muňa – çyn söýgüniň, ömrüňde bir gezek, diňe ýeke ýola söýülýän söýgüniň unudylmajagyna çaga ýaly begenýärdim. Ýöne Işannuryň söýgüsine begensemem, onuň kösenip ýörşüne çynym bilen gynanýardym. Hemem öz ýanymdan gyz jemalynyň güýjüne haýranlar galardym.
Ýöne söýgüniň ýazylmadyk kanunynyň bar bolşy ýaly, sähralaryňam öz ýazylmadyk kanuny bardy. Baryp-ha, tomus şiresini dökmezinden has öň, sähralarda ýagyş ýagmasy azalýardy. Şo sebäplem heýkeller, ymgyr gaty guransoň ilki çat açýardy. Soňam pytramak bilen bolýardy. Bu ýagdaý Işannuryň kejebesini daraldyp, başagaýlandyrýardy. Näme etjegini bilmän, kesekleri äpet elleri bilen birikdirjek bolýardy. O diýenem bolmansoň, şykga dönen palçygyň ýüzüne tüýküligini çalyp, öz Ogullasyny dikeltjek bolýardy. Ýöne Ogulla dikeliberenokdy. Muňa Işannuryň jany ýanyp, ejiz adamyň edişi ýaly, ynsan nalasy bilen nalyşly gygyrýardy. Soňam ol gözlerini ýaşdan dolduryp, pytyraňňy kesekleriň arasynda ýüzün düşüp uklap galýardy.
Soň ol ýene, agzy gurap tüýküligi gutarýança Ogullanyň heýkelini dikeltjek bolup jan ederdi. Bolmajagyny biensoňam akyly üýtgän ýaly däliniň gülküsini edip gülerdi.
Sähralardan eşidilýän bu jynssyz gülkä, oba adamlary üşenerdi. Hemem onuň bolup ýörşüne nebsi agyrady. Öň söýgüniň nämedigini bilýänler bolsa, özleriniň päk-çiriksiz söýgüsini ýatlap agyr dymardy. Şol gün ýeke bir kalby päk adamlar däl, hamana öňünden dilleşen ýaly, bütin oba dymardy. Bu has erbedidi. Şonuň üçin men bolmanda sähralaryň sesini eşitmek maksady bilen ýadaw dünýäniň ýüzüne seredip oturýardym. Ýöne sähralaram nala gelýän ýalydy.
Işannur şeýdip bu tötänden sataşan ýowuz söýgüniň hasratyny çekip ýörkä, ýene bir muşakgatlyga onda-da, uly muşakgatlyga sezewar bolly. Söýgi ony ody bilen köýdüren bolsa, bu sataşan nägehany, üstüne uly belany – töhmet belasyny ýükledi.
Bolan iş şüdi.Tötänlikdenmi ýa bilmezlikdenmi, ýa Ogulla gyza bolan söýgüsi halys garagyny gapdymy, Işannur süýr günortan namaz okap oturan adamyň öňünden geçipdir. Elbet-de, bu obamyzda halanyp barylýan zat däldi. Sebäp söýgüniň öz ýolunyň bolşy ýaly, din ygtykadyňam öz ýörelgesi onda-da, berk ýörelgesi bardy. Şonuň üçin beýle-beýle oýunlary din hadymlary kän bir halap barmaýardy. Şo sebäpli bu gürrüň ula ýazdy. Ýaman ýerem Işannur-a “geçemok” diýýädi, namaz okap oturan adamam “geçdiň” diýýädi.
Ynha indi beriber habaryňy. Olaryň haýsysynyňkyň dogrydygyny bir Alla bilýär. Işannuryňkymy ýa namaz okan adamyňky. Bu deň dawa boldy. Şonuň üçin bu gürrüň bäri-bärde togtamady.
Men Işannuryň allamaýanyny bilýärdim, ýöne magadyna doly ýetmeseň ol namazhon bendä-de, pylan zat diýer ýaly däldi. Obamyzyň eglip-galýan adamlarynyň galapasy bolsa, Işannury biedeplikde aýyplap, namazhon adamyň tarapyny tutýardy. Işannuryň tarapyny tutýanlar bolsa, uly dünýä nebislerini agyrdyp ýören adamlardy.
Men onuň şeýle boljagyny öňünden bilýärdim. Sebäp, Işannur-a Işannurdy. Onuň gursagyndaky päk söýgüsinden başga hiç hili günäsi ýokdy. O adamam Taňry gün berse namazlygyň üstündedi. Şonuň üçin indi Işannura ikinji günäde – “namaz okap duranyň öňünden geçdi” – diýlen günäden” başga-da, “obany allaýaň” diýlen uly günä-de, ýüklendi. Bu has erbedidi. Sen obaň ynamyndan düşýädiň. Dünýede ýaşamak üçin bolsa hakykat hem ynam gerek. Eger şol ynam sende bolmasa… Men hatda pikir etmäge-de gorkýardym. Işannur bolsa “Men geçemok” diýip özüniňkini tutup otyrdy.
Soň obamyzyň adamlary oturyp-turup oýlanyp, şeýle netijä geldiler.
– Goý ol Ogulla gyzyň öňünde-de, “geçemok” diýen sözüni aýtsyn. Eger ol gyzy gowy görýänligi çyny bolsa, söýgä ikilik etmän, hökmün dogryjasyny sözlär. Ýalan sözleýän bolsa, onda söýgä ikilik etdigi bor…
Bu sözi tapan başga bir Ogulla hyrydar bolup ýöreniň ýaranlarynyň tapýan sözüdi.
Iş barha çylşyrymlaşýardy. Işannur bolsa, kes-kelläm, şol bir diýenini tutýardy.
Men onuň öz hakykaty ugrunda göreşýänine begenýärdim. Şonuň ýalam gorkýardym. Sebäp urarlar öýdýärdim. Işannur hakykaty aýdýany üçin ir awunypdy. Baryp-ha biz entek oglantak döwrümiz “Uruş-uruş” oýnamyzda ol: “Biz ýeňeris” diýip gygyranda “nemesler” hakykaty aýdýanlygy sebäpli ony urýardylar. Özem gaty urýardylar. Onda-da, Işannur dogry sözüni aýdýardy.
Soň mekdepde okap ýörkägem bir pukaraň gyzynyň iki sany baýyň gyzyndan owadandygyny aýdanda ýene symsygyny görkezipdiler. Her gezek urup bolanlaryndan soň men ondan gaty urdularmy diýip soramda ol şeýle jogap bererdi.
– Ilkiler gaty urardylar… Soň öwrenişýän ekeniň.
Men şonda durmuş diýilýän närsäň hemme zada öwrenişdirýänligine oglanam bolsam akylymy ýetiripdim.
Öňki obamyzda bolup geçen zatlaryň hemmesiniň hakydamda pugta galyşy ýaly şo gezekki wakada ýadymda. Şol gün obamyzyň eňegine päki degirenleri, degirmedikleri hemmesi üýşüpdi. Hat-da garry köpek Baltaga çenli bar.
Janawer hezilligiň ýoklugyny aňýan borly. Birneme gaharly görünýär. Onda-da ol, öňki edýän endigine eýerip, gelşine Işannuryň aýagyna süýkendi. Işannuram özüne hossar çykylanyna begenýän ýaly, jübüsinden birneme gäzlenen ak gandy çykaryp oň agzyna tutdurdy. Hemişelik bolanda ol ony hezil edip iýerdi. Bu gezek ol iýmän, diňe iki ýola gaharly üýürdi.
Hemmeler meseläniň çözgüdine, Ogullanyň çaltyrak gelerine garaşýardy. Elbetde ulygyz halyna mähelläniň öňüne çykmak aňsat däl borly. Ol wagty bilen gelmedi. Han-ha indem gyz uýaljaňlygy bilen ýuwaş ädimläp gelýä. Özem zalymyň gyzy, öňküsindenem owadanlaşypdyr.
Indi Işannur, Ogullany gowy görýänligi çyny bolsa, çyn söýgüniň hatyrasyna gyzyň öňünde dürsüni aýtmalydy. Ýöne Işannur gürlemän Ogullanyň ak çägeleriň ýüzünde galdyryp giden aýak yzlaryny ýüzüne togap etdi. Bu bolşy gören märeke tolgunmadan ýaňa içini çekdi. Içini çekmez ýaly däldi. Soňky bir döwür, obamyzda şeýle söýgi ýok diýen ýalydy. Asala ýokdam. Şonuň üçin hemmeler Işannuryň dogry sözüne garaşýardy.
Ahyry ol, ýüzüni galdyrman tebsirän dodaklaryny çalaja gymyldatdy. Ses naýnjar çykanam bolsa, hemmeler eşitdi.
– Alla meniň haýsy eden ýagşy işim üçin saňa sataşdyrdyka…
Ol diňe şu sözleri aýtdy. Adamlaram hut şol söýgüni özleri başyndan geçirýän ýaly uludan demini aldy. Esli salym hiç kimden hiç hili ses çykmady. Diňe tukatlygy halamaýanyny duýduryp Baltak çalaja hyňrandy.
Adamlar Işannuryň ýene bir zatlar diýerine garaşdylar. Ýöne Işannur günäsiz oglan gözlerini balkyldadyp entegem geplemän durdy. Ahyry duranlaryň biri saklanyp bilmän gürledi. Özem birneme gaharlyrak gepledi.
– Aý, işigaýdan, sen gyzy gowy görýäniň çynyň bolsa, ýa “geçdim” diý. Ýa-da “geçemok” diý. Hemmeler seň çyn sözüňe garaşýa.
Şol gün Işannuryň ömründe iň agyr gün bolan bolsa gerek. Onuň niçeme ýyllap gursagynda göteren söýgüsi terezä salynýardy. Häzir ol ýalan sözlese gyzy “söýdügidi”. Hakykaty aýtsa onda onuň gyzy “söýmeýänligidi”. Eý Hudaý, nämäni terezä salsaň-da söýgini bir terezä salmaweri…
Işannur ýuwaşja, ýöne düşnükli gepledi.
– Men allap bilemo-ga…
Ol şeý diýip, ýalan sözläp bilmeýäni üçin uly günäniň aşagynda galan ýaly münürgedi. Işannuryň ýalan sözläp bilmeýänine özleri günäkär ýaly hemmeler Ogullanyň ýüzüne seretdi. Ogulla bolsa Işannuryň münürgemesine sähelçe-de üns bermän, gyz bilen oglanyň sözi azaşanda näme diýilýän bolsa, şo sözleri Işannuryň ýüzüne aýtdy. Zalymyň gyzy käýindigiçe gaharlanýardy. Gaharlandygyça-da, owadanlaşýardy. Men muňa haýranlar galýardym. Sebäp zanny owadan maşgala her-nä bolanda-da, onuň jemaly öçmejek eken.
Soňam ol gaharyny sähelçede gowşatman şeý diýdi. Bu Ýerbendiň oýunda ilkinji ýola ulygyzyň mähelläniň ýüzüne bakyp söýgi hakynda sözleşidi. Şonuň üçin hemmeler gulaga öwrülipdi. Hat-da, hiç haçan köşeşmeýän gamgyn ýellerem ýuwaşan ýaly boldy.
- Il-gün, baryňyz eşidiň!
Ogulla sözüni şundan başlady. Özem ömründe etmedik zadyny edip şumjarýardy.
– Şu ýygnanyşyk meň kalbymda göterip ýören duýgymy aýdyň etdi. Men onuň bolup ýörşüne dözmän – bu işigaýdan ýalança dözmän tas… Indi bolsa ony tanadym…. onda-da, ymykly tanadym. Men aýybam bolsa şu sözleri, gyz ýüregimiň pynhandan-pynhan sözlerini aýtmaly boldum. Uly ili allan adam, söýgünem allar… Siz men naçaryň bu sözlerini bagyşlap bilseňiz bagyşlaň. Men bialaç şeýle diýmeli bolýaryn… Goý bu obamyzyň iň soňky ýalan söýgüsi bolsun… Şeýle söýgi gaýdyp köwlenmez ýaly, ony Ýerbendiň gamgyn ýelleri allowarra, çöpe-düze alyp gitsin…
Işannuryň gussaly söýgüsi gerdenlerinden basyp barýan ýaly hemmeler agyr dymdy. Eger mähelläniň içinden kimdir biri şeýle sözi aýtmadyk bolsa, Işannury günäkärläýmeklerem ahmaldy.
– Ol doly çözgüt däl… Meseläniň düýp magadyna ýetmek üçin Jüýten kempiri alyp gelmeli.
Jüýten kempir obamyzyň iň dana adamsydy. Onuň akyly bütin Ýerbent ýaýlasyna ýetýär diýip gürrüň edýärdiler. Şonuň üçin ony Gülsün ejedenem öňde goýýardylar. Gülsün eje, obamyzyň göbekenesi. Ol ýaşaýşy dünýä getirýärdi. Jüýten kempir bolsa, akylly…
Bahym Jüýten garryny uly maşynyň kabinasyna mündürip alyp geldiler. Ol gelşine Işannuryň göni görejine seredip, berk ýumulgy agzyndan şeýle sözleri çykardy.
– Sen näme hanogul, “geçemok” diýip il-güni allaýaň. Sen namaz okap oturan adamyň öňünden geçipsiň, onda-da, hiç kimden gypynç etmän göni geçipsiň.
Meniň süňňüm gowşap gitdi. Gyssanyp Işannuryň ýüzüne seretdim. Ol hamana şu sözleri eşitmeýän ýaly ýüzüni aşak salyp durdy. Märekaniň gohy artdy.
– Bolly, bolly, bize geregem şol sözdi.
– Agzy dogaly adamyň ýalan sözden daşdadygyny öňem bilýädik.
– Magadyna ýetilenem bir gowy zat, ýogsam deň dawa boljakdy.
Öz sözüniň ýol alanyna birneme ekezlenen namazhon bende, indi orta çykyp arkaýyn gürleýärdi.
– Adamlar, bir sähne bilen dawa edip durmak maňa-da, uslyp däl. Indi kimiň kimdigi aýdyň bolly, şu bir gowy zat.
Ogullada Işannura tarap ýigrenji nazaryny aýlady-da, hiç zat geplemän içini çekdi. “Hih”. Bu uly söýgüniň gysgajyk jogabydy. Men düýbünden aljyrap, bir zatlar diýmekçi bolamda, sözümi Jüýten kempiriň endirewük sesi kesdi.
– Oglanyň namaz okap oturan adamyň öňünden geçmeginiň sebäbi, onuň Ogulla gyzdan başga dünýede hiç zady görmeýänliginden… Çyn söýgi şeýle hem bolmaly. Oglany günäkärläp bolmaz, ol söýýän gyzyndan başga hiç zady görmeýär… Namaz okaýan kişem, oglanyň gyzdan başga hiç zady görmeýşi ýaly, bir Alladan başga hiç zady görmedik bolsa, onda ol, öňünden geçilenini bilmezdi…
Al saňa gerek bolsa! Men ylgap baryp Jüýten garryny arkama hopba edip aýlaýasym geldi. Ýöne ejap edip saklandym. Märekäniňem hyşy-wyşysy artdy.
– Geňem görýädikle Işannuryň allajagyny.
– Oň ýüregine düşünýän adam gerek.
– Söýgüniň oýny kän-ow.
– Şonuň üçin oňa “söýgi” diýilýärdä.
Esasy zat Işannur ýamanatly bolmady. Men şoňa begenýärdim.
Işannur bu sözlere ne gynanýardy, ne-de begenýärdi. Ol hiç zat geplemän çaganyňky ýaly aýdyň gözleri bilen öýlerine ýetip barýan Ogullany – öz asuda agşamyny, şadyýan gündizini uly hesret bilen ugradýardy.
* * *
Soň näm bolly?
Soňmy…
Men şähere gitmeli boldum. Özem ymykly gitmeli boldum. Azajyk akyllyrak bolamda, obamy hem şeýle eziz adamlary äpberip gaýtmaly däldim. Sebäbi bu bolup geçen waka ömrüme uly ýatlama bolup galypdy.
Ýöne adamynyň sag aýagy ýoldan çyksa, çep aýagam oň yzyna düşjek eken. Indem men ne şäherli, ne-de gumly. Iki jahan owarrasy – ýarym tentek. Gaçgynymam tanyş ýüzler. Asyl adam öz günäsini duýsa şeýle bolýan eken.
Eger durmuşy täzeden gaýtalap bolýan bolsa, başgaça, has başgaça başlardym. Sebäp menem hemmeler ýaly gögele hem çyplaň doguldym. Gögele bolup ýaşamagyň kyndygyna aklym aýlananda, eýýäm ýaşym bir çene baryberipdir. Ömür bolsa şo kertip gidip otyr. Tutan zadymam ýok, tutmadyk zadymam ýok. Begenýän zadym, dünýä diňe çörek iýmäge gelmänligim.
Düýn maňa obadaşym gabat geldi. Biz obamyz hakynda, oglan aýak yzlarymyz hakynda köp gürrüň etdik. Men ondan Ogulladyr Işannur hakynda soradym. Obadaşym hamana şu gürrüňe garaşyp duran ýaly lapykeçlik bilen şeýle diýdi.
– Işannur tüýs sähne diýseň, sähne. Şol bir wagtky obamyzda bolup geçen wakadan soň, Ogulla oňa öz söýgüsini mälim etdi. Ol bolsa ilkä ikirjiňläp kän gezdi. Soňam şeý diýýärmiş: “Men ony bagtly edip bilmezmikäm öýdüp gorkýan”. Gör oň tapýan gürrüňini.
Obadaşym kemsiniji nazar bilen ýüzüni aşak saldy.
– Ogulla ýeke obamyzyň däl, bütin gumuň melegi ahyry… Şeýle gyzyň özümi söýmediginee oturyp-oturyp içim ýanýa.
Soňam ol agyr pikir bilen elini salgap goýberdi.
– “Bagtly bolmak” ol ýazýanlaryň tapýan zady. Garnyň dok, eşigiň bitin bolsa boldugydyrda. Olar ýazýan zatlaryny gyzyklandyrmak üçin şoňa meňzeş zat tapýarlar.
Ol meň ýüzüme mölterilip seretdi.
– Oňa derek Işannur goşga meňzeş uzyn bir zat ýazdy. Gow-a diýýäler.
Meň ýüregim lowlap gitdi.
- Ýadyňa düşenokmy, nähili zat?
Obadaşym bir salym pikirlenip, kellesini ýaýkady.
- Aý ýok, kelleler indi goşgy götererden geçdi. Düýnki zady saklap bolanok.
Men özelenip ýalbardym.
– Aýdaýsana, ýekeje setirem ýadyňda ýokmy!
Obadaşym birneme gaharlandy.
– Näme meň goşgy ýat tutup ýörmekden başga işim ýokmy näme. Ýygnalman ýatan azajyk jöwenim bardy. Sowuk düşmänkä ýygnaýyn diýýän. Bu bolsa nirede bir ýok zadyň adyny tutýa – goşgy diýýä.
Men oňa ýene ýalbardym.
– Aýtsana dostjan, ýüregim çatlap barýa.
Ol birden ýüzüme seredip ýylgyrdy.
– Näme, senem sähnemi?
Men ýene ýalbardym.
- Aýdaýsana.
Obadaşym ahyry gözüni süzüp şeýle setirleriň başyny birikdirdi. Özem birhili gamgyntaň hiňlendi.
Ogullanyň dodagyndan,
Günüň çogly nury öpdi.
Gum gyzynyň bedenini,
Gök sazagyň püri ýapdy.
Obadaşym kellesini ýaýkaýardy, “bolanok” diýýärdi. Käte-de kürtdürip durýardy-da, meniň indi hiç haçan dolanyp gelmejek çagalygymy bärik çagyrýardy.
Ak sähralar gözün sürtdi,
Çyn söýgüniň tozuny.
Guba çäge ýitirmedi,
Ogulla gyzyň yzyny.
– Ýok bolanok gardaş. Yzy birhili gussaly. Ogullanyň päkdigi, diňe Ýerbendiň gamgyn ýelleri oň saçyny sypandygy – onuň nazary düşen ýerleriň hemmesiniň owadandygy aýdylýar.
– Ýöne dostjan dogryjamy aýtsam, ömrüň boýy şuňa meňzeş goşgulary diňläsiň gelýär. Her näme diýseňem Işannur zor. Ogulla ýaly gyza özüňi söýdürip bilmegiň özi uly zat. Men-ä şeýle söýgi bilen ýaşasa, adam garraram öýdemok…
Ol şeý diýip, çynlakaý sypata geçdi.
Men Işannuryň düzen setirlerini eýýäm kellämde aýlapdym.
– A Ogulla näme?
Obadaşym ýyljyraklady.
– O-da Işannur ýaly, sähne gyz. Olam inni Işannur almasa başga hiç kime barjak däl diýýä.
– Näme olar nikalaşmadymy?
– Şu ýyl yssy sowulansoň toý tutjak diýýämişler.
Men obadaşyma minnetradrlygymy bildirip ondan daşlaşdym. Gijelik toýa barýan gyzlar ýaly bezemendi. Golaýjakda esger eşikli oglan bilen gyz durdy. Oglan pyşyrdap bir zatlar diýýärdi. Gyz “ynanamok” diýip başyny ýaýkaýardy. Ýöne gülýärdi. Assaja ýaňlanýan Bethoweniň ölmez-ýitmez “Surikasynyň” sesi olaryň pyşyrdysyn basyp ýüregiňi heýjana salýardy. Men pikirimi jemlemek üçin gijelige ýüzümi tutduryp ýöräsim gelýärdi. Oglankam ýüzümi sähra ýagyşyna tutup ýöremäni gowy görýärdim.
Öwezmyrat ÝERBENDI.