MEDENIÝET

Eýran Türkmenistanyň Medeniýet günleri kabul etmäge taýýar

Şu günler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär.

Bu dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet ministri Mohammad Mehsi Esmaeili öz ýurdunyň hem öz gezeginde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygyny belledi.

“IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu barada Eýranyň ministri Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýranyň häzirki zaman suratkeşleriniň şekillendiriş sungatyna degişli eserleri, neşir önümleri, ýurduň milli lybaslary we aşhanasyna bagyşlanyp geçirilen serginiň açylyş dabarasynda belläp geçdi.

Ministriň aýtmagyna görä, medeniýet Eýran bilen Türkmenistanyň halklaryny birleşdirýän esasy ugur bolup durýandygyny mälim etdi.

Eýranyň ministri öz ýurdunyň sungat ussatlary bilen Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde milli medeniýetlerini açyp görkezýändiklerini belläp, sungat ussatlaryny iki ýurduň arasyndaky dostlugyň ilçileri bolup durýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy

Arkadag şäherinde goşa baýrama bagyşlanan dabaralar

«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Bolgariýa ilkinji gezek «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy