DÜNÝÄ

Çehiýanyň täze bellenen Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Çehiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Waslaw Ýilegi kabul etdi.

Wepa Hajiýew ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, Ilçiniň täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki türkmen-çeh özara gatnaşyklarynyň ösüşiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG we ÝB platformalaryndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda parahatsöýüjilikli başlangyçlaryň özara goldaw berilmegine garaldy.

Diplomatlar dürli derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ornunyň bardygyny, şeýle hem iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegiň wajyplygyny nygtap geçdiler.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy