BIZNES

2022-nji ýylyň makroykdysady görkezijileri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

  • Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim, şol sanda senagatda 6,3, söwdada 8,9, oba hojalygynda bolsa 5,7 göterim boldy.
  • Maýa goýumlar 14,2 göterim ösdi. Önümleriň eksporty, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim artdy.
  • Hasabat döwründe 4 müň sany täze iş ornuny döretdildi.
  • Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desga ulanmaga berildi.
  • Geçen ýyl meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy.
  • şu ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy 7,6 göterim, hususy bölege berlen karzlaryň galyndysy 28,2 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 1,3 esse, ipoteka karzlarynyň galyndysy 9,4 göterim artdy.
  • 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, karz edaralarynyň gazanan peýdasy 12,2 göterim artdy.
  • Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe birža söwdalarynyň 300-si geçirilip, olarda 37 müň 734 şertnama hasaba alyndy.
  • Söwda-senagat edarasy tarapyndan hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 128,2 göterime barabar boldy.
  • Sergileriň 19-sy we maslahatlaryň 67-si geçirildi.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer