MEDENIÝET

Beýonsadan taryhy “Gremmi” üstünligi

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäheriniň “Crypto.com Arena” stadionynda “Gremmi” baýragynyň 65-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabarada baýraga mynasyp bolan Beýonse 32-nji gezek “Gremmi” baýragyny gazanyp, bu ugurda taryhy üstünligi eýeledi.

Meşhur aýdymçy şu wagtda çenli “Gremmi” baýragynyň taryhynda 31 gezek sylaglanan Georg Şoltiden öňe saýlandy. Şolti 31 gezek ABŞ-nyň Milli sungat wegrammofon ýazgysy tehnologiýasy akademiýasynyň baýragyna mynasyp boulpdy.

Beýonse bu gezekki “Gremmi” baýrak gowşurylyş dabarasynda “Renaissance” albomy üçin “Iň gowy tans/elektron sazly albom” baýragyna mynasyp boldy.

Dabarada “Ýylyň iň gowy aýdymy” ugry boýunça esasy baýragy “Just Like That” aýdymy bilen amerikaly Bonni Raýt gazandy.

“Ýylyň ýazgysy” ugry boýunça “About Damn Time” aýdymy bilen aýdymçy Lizzo, “Iň gowy albom” ugry boýunça “Harry”s House” albomy bilen Garri Staýls hem-de “Iň gowy täze ýerine ýetiriji” ugry boýunça 23 ýaşyndkay Samara Joý “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy.

Related posts

“Kitap” atly türkmen kinosy “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen estrada ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri

Zerewşan-Garagum geçelgesiniň şahalary ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlener

Leave a Comment