JEMGYÝET

2023-nji ýylyň şygarynyň nyşanynyň manysy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisde 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi.

Şonda Täze ýylyň nyşanynyň şekiliniň manysy barada hem hasabat berildi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli taýýarlanan nyşanyň şekili tegelek zemin şeklinde bolup, onda täze dogup gelýän Günüň şöhlesi, bütin jahana we Garaşsyz, Bitarap, berkarar döwletimiziň asudalygyny we bagtyýarlygyny aňladýan Türkmenistanyň kartasyna ýalkym saçýar.

Ýaşyllygy ösüşi, özgerişi we bahar paslyny alamatlandyryp, ol halkymyzyň bagtyýarlyk zamanasyny şöhlelendirýär. Kartanyň ýokarysynda guşuň keşbini hem-de ýaşajyk pyntyjagy ýatladýan şekil ýerleşdirilendir. Ol bolsa, Türkmenistany öňe sary alyp gitjek ýaşlarymyzyň watançylyk duýgularynyň mysaly hökmünde suratlandyrylýar.

Gyzyl, ýaşyl, sary, melewşe, gök reňklerdäki älemgoşar öwüşginli gül ýaprajyklarynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň haly gölleri ýerleşdirilip, ol tükrmen halkynyň jebisliginiň manysyny berýär. Nyşanyň aşagynda 2023 diýe ýazgy we onuň taraplarynda ösüp gelýän ýaşajyk pyntykly şahalary görmek bolýar.  Bu bolsa, 2023-nji ýylda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlara uly ähmiýet beriljekdiginiň alamaty hökmünde beýan edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy