DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bu ýurduň daşary işler ministri Ýoşimasa Haýaşiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri ýapon tarapyna «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky 9-njy mejlisini gurandygy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Gepleşikleriň barşynda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäginde özara gatnaşyklary ösdürmäge degişli pikirler alşyldy.

Türkmen-ýapon gatnaşyklary barada durup geçen daşary işler ministri Raşid Meredow özara gyzyklanma döredýän esasy hyzmatdaşlyk ugurlary barada durup geçdi. Olaryň birinjisi ýokary derejedäki parlamentara hyzmatdaşlygy öz içine alýan syýasy-diplomatik gatnaşyk bolsa, ikinji ugur söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we üçünji esasy ugur hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.

Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin we durnukly esasda ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk