DÜNÝÄ

Tatarystanda döwlet ýolbaşçysyna täze at bilen ýüzlenmek teklip edildi

Tatarystanda döwlet Baştutanyna täze at bilen ýüzlenmek teklibi öňe sürüldi. Ýurduň Döwlet geňeşiniň deputatlary ýurduň ýolbaşçysyna ýüzlenmegiň täze görnüşini teklip etdiler. Ýurduň Konstitusiýasyna girizilmegi göz öňünde tutulýan bu kanun taslamasy parlamentiň 39-njy mejlisinde serediler.

“Tatarystan Respublikasynyň Konsitutsiýasynyň 80-njy maddasyna laýyklykda, ýurduň ýolbaşçysynyň atlandyrylyşana üýtgetme girizmek göz öňüňde tutulýar we mundna beýläk Tatarystanyň iň ýokary döwlet ýolbaşçysy – ” Tatarystan Respublikasynyň Raisi” diýlip atlandyrylar.” – diýip, Döwlet geňeşiniň deputaty Albert Habibulin belläp geçdi.

Bu teklibi Tatarystanyň ozalky Prezidenti, häzirki döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew hem goldady.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem parlamentiň 39-njy mejlisinde deputatlaryň öňünde çykyş edip, bu teklibi goldamagy teklip etdi.

Related posts

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Leave a Comment