DÜNÝÄ

BSGG-niň baş direktory ikinji möhlete saýlandy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) häzirki baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus Bütindünýä Saglygy Goraýyş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ikinji bäş ýyllyk möhlete saýlandy.

2017-nji ýylyň maý aýynda Saglygy Goraýyş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde bu wezipä saýlanan Gebreýesus şu ýyl ýeke-täk dalaşgärdi. Gaýtadan saýlanaly bäri eden ilkinji çykyşynda guramanyň agza döwletlerine özüne bildiren ynamlary üçin hoşallyk bildirdi.

Gebreýesus bu wezipede özüniň ileri tutýan wezipeleriniň, esasan, saglygy goraýyşyň ösüşine ýardam bermek, ilkinji medinina-sanitariýa taýdan ýardamlary üpjün etmek, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we oňa baş galdyrmak, şeýle-de ylym, innowasiýa we sanly saglygy ilerletmekden ybaratdygyny aýtdy.

Şertnamanyň şertlerine görä, onuň täze iş möhleti 2022-nji ýylyň 16-njy awgustyndan 2027-nji ýylyň 15-nji awgustyna çenli dowam eder.

 

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ýene-de okaň

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy