SPORT

Messiniň “Instagramdaky” suraty rekord goýdy

Şu günler ähli jemgyýetçilik torlary Lionel Messiniň suratlary bilen bezelip dur. 36 ýyldan soňra we Lionel Messiniň futbol karýerasyny jemlän dünýä çempionlygy dünýäniň ähli ýerine uly şowhuna beslendi.

Dünýäniň ençem ýerinde Argentinanyň gazanan bu üstünligi uly dabaralar bilen bellendi. Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresiň esasy şaýollary adamlardan ýaňy ýer galmady.

Bu taryhy üstünlik Messiniň girdejisini hem bir esse ýokary galdyrdy. Dünýäniň iň baý türgenleriň hatarynda durýan Lionel Messiniň dünýä kubogy bilen özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torunda paýlaşan suraty bolsa, türgenleriň arasynda rekord goýdy.

Şu gün, ýagny 20-nji dekabr, Aşgabat wagty bilen 09:40 töwereginde bu suraty 53 milliondna gowrak “laýk” aldy. Ýagny 53 milliondan gowrak yzarlaýjy bu suraty gowy gördi.

Messiniň kubokly suraty bilen “Örän köp arzuw etdim, örän köp isleg bildirdim, entek hem ynanyp bilemok” diýip, özüniň begenjini paýlaşypdyr. Bu paýlaşylan buýsanç hem-de şatlyk duýgulary 1,4 million teswir aldy.

Messiniň bu jemgyýetçilik torunda 400 million agzasy bar.

Fransiýany esasy wagty 3:3 tamamlan duşuşykda 11 metrlik jerime urgulary bilen 4:2 hasabynda ýeňip, çempion bolan argentinaly Messi milli ýygyndysy bilen jemi 172 duşuşykda oýnap, 98 gezek tapawutlandy.

Ol şu gezekki dünýä çempionatyndan hem 7 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçylaryň hatarynda fransyz bäsdeşi Kilian Mbappeden yzda galdy. Mbappeniň gol sany 8-e deň boldy.

Şol bir wagtda Messiniň ady rowaýata öwrülen futbolçy Pele, braziliýaly Ronaldo, tennis dünýäsiniň ägirtleri Rojer Federer, Rafael Nadal, basketbolçy Lebron Jeýms ýaly belli türgenler hem gazanan üstünligi bilen gutlady.

Finalda armanly galan Fransiýanyň milli ýyldyzy Kilian Mbappe bolsa “Instagram” hasabynda goýan suraty 16 million “laýk” aldy we 515 müň teswir ýazyldy.

Ýene-de okaň

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri