SPORT

Katar-2022: Messili Argentina finalda

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionaty ahyrlap gelýär. Şu gün ýarym finalyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda Argentinanyň we Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdy.

Lusail stadionynda geçirilen duşuşykda Lionel Messili Argentina 2018-nji ýylda dünýä çempionatynyň finalçysy Horwatiýany ynamly hasap bilen, ýagny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Duşuşykda tapawutlanan Lionel Messi täze rekordlaryň eýesi boldy. Ol milli ýygyndynyň düzüminde dünýä çempionatynda 25 duşuşykda oýnap, mundan ozal Lotar Matteusa degişli bolan rekordy gaýtalady.

Şeýle hem Messi dünýä çempionatynda öz milli ýygyndysy bilen 11-nji goluny geçirdi we Argentinanyň dünýä çempionatlaryndaky iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. Ol bu ugurda Katardaky dünýä çempionatynda Diego Maradonanyň we Gabriel Batistutanyň üstünliginden öňe saýlandy. Maradonanyň 8, Batistutanyň 10 goly bardy.

Argentinanyň düzüminde 34-nji minutda Messi 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandy. 39-njy we 69-njy minutlarda Alwares tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi