SIZDEN GELENLER

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri: özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze döwri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar.

Bu gün­ki gün Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de oňyn baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän, ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri tek­lip ed­ýän döw­let, iri hal­ka­ra çä­re­le­riň, mas­la­hat­la­ryň, du­şu­şyk­la­ryň, fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi hök­mün­de ta­nal­ýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär.

Türkmenistan döwletimiz Ýakyn Gündogar döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmagyna uly ähmiýet berýär. Hususan-da, bu ugurda Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy, Katar Döwleti, Bahreýn we beýleki ençeme döwletleri agzamak bolar.

Ine, şu gün başlaýan hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary hem Ýakyn Gündogar döwletleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda ädilýän möhüm ädimleriň biridir.

Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly netijeli häsiýetini bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we baýlaşdyryldy.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagyna türkmen-emirlik hyzmatdaşlygyna mahsus ynanyşykly, özara hormat goýmak esasyndaky ýokary derejedäki dialog ýardam berýär.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýola goýuldy we 2002-nji ýylyň 20-nji awgustynda BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy açyldy. Geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ýokary derejedäki saparlar we olaryň netijesinde ähli ugurlar babatda gol çekilen ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat boldy.

Bu gün Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwletara gatnaşyklary barha artýan depginde işjeň hem-de gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga eýe bolýar. Iki ýurduň halklaryny gadymy döwürlerden bäri taryhy, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýän iki ýurduň hoşniýetli erki ägirt uly kuwwata gabat gelýär. Türkmenistanyň hem-de BAE-niň pudaklaýyn ministrlikleriniň, maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklary hem hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan oňyn tejribesi hem-de milli ykdysadyýetleriň üstünlikleri nazarda tutulyp, hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyny tassyklaýar.

BAE BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT

Paýtagty: Abu-Dabi.
Döwlet dili: Arap dili.
Ilat sany: 9,58 million.
Pul birligi: Dirhem. Onuň iň kiçi pul birligi fils.
1 dirhem 100 filse deňdir.
Eksport edýän harytlary: Nebit, tebigy gaz, alýumin, kakadylan balyk we hurma.
Hereket edýän ilçihanalar: Abu-Dabide 106 döwletiň ilçihanasy, Dubaýda bolsa, 55 ýurduň konsolluk edarasy hereket edýär.
Tutýan meýdany: 77,700 inedördül kilometre barabar (kiçi adalaryny goşanyňda, 83,600 inedördül kilometr).
Serhetleşýän çäkleri: günorta-günbatarynda Saud Arabys­tany, gündogarynda Oman bilen goňşy bolup, ýurduň köp bölegini çöller tutýar.
Ne­bit we gaz ön­dür­mek­de dün­ýä­de öňdäki orunlarda dur­ýar. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň esa­sy baý­ly­gy bo­lan ne­bit ýa­tak­la­ry­nyň köp bö­le­gi Abu-Da­bi Emir­li­gin­de ýer­leş­ýär. BAE gün­ba­tar döw­let­le­ri bi­len söw­da hem-de jem­gy­ýet gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dür­ýär. De­ňiz hem-de ho­wa ýol­la­ry ar­ka­ly üs­ta­şyr ýük gat­naw­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar.

Dawut Baýramow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi