JEMGYÝET

TBMM-niň Başlygy: türkmen gazynyň dünýädäki ähmiýeti ýokary

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolýar.

Düýn Aşgabada gelen TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň tebigy gazynyň dünýäde energetika mätäçligi duýulýan döwürde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

“Anadolu” agentliginiň habar bermegine görä, TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna baryp gördi we gül desselerini goýdy.

Şeýle hem Mustafa Şentop we ýakyndaky wekiliýet Türkmen halysynyň milli müzeýine baryp görüp, türkmen halkynyň genji hazynasy bolan türkmen halylary bilen tanyşdy.

Şol ýerde Mustafa Şentop habarçylar bilen söhbetdeş boldy. Ol pandemiýa sebäpli dünýäniň söwda ulgamynda käbir kynçylyklaryň emele gelendigini belläp, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilmegine hem degişli işleriň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi.

Azerbaýjan ýaly döwletleriň Ýewropa tebigy gaz ibermegiň möçberlerini artdyrmak üçin tagalla edýändigini bellän Mustafa Şentop Türkmenistanyň tebigy gazynyň hem energiýa serişdelerine has köp isleg bildirilýän döwründe dünýäde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny mälim etdi.

Mustafa Şentop Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistanda saparda bolup, energetika babatda üçtaraplaýyn ylalaşyk gazanmak üçin gepleşikler geçirmegi meýilleşdirýändiklerini belledi.

TBMM-niň Başlygy bu babatda degişli infrastruktura işleriniň amala aşyrylandygyny, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny mälim etdi.

TBMM-niň Başlygynyň Türkmenistana sapary dowam edýär we şu gün resmi gepleşikler geçirer.

Ýene-de okaň

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geler

“Makul habar”: şu gezekki sany BMG-niň Awaza forumyna bagyşlandy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşar

BMG-niň Awaza forumy: dünýäniň ünsi Awazada jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri