DÜNÝÄ

German kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Goetzpartners Corporate Finans GmbH” we “Prodoehl Consult GmbH” nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dürli geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdy.

Saparyň çäginde nemes işewür wekiliýetiniň Türkmenistan Hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Related posts

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

15-nji iýuldan uçar gatnawlaryna başlamakçy

Türkiýäniň migrasiýa gullugy: Stambuldaky daşary ýurt raýatlary üçin

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment