SIZDEN GELENLER

Halkara hyzmatdaşlygynyň täze derejesi

Ata Watanymyzyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösüş we parahatçylyk ýaly beýik taglymatlara esaslanýan daşary syýasat ugry hem işjeň ösdürilýär.

Hemişelik Bitaraplyk derejämiziň umumy ykrar edilen ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasaty dünýäde ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge we ösdürmäge, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer, diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Bitarap ösüşimiziň geçen 27 ýylynyň içinde ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly üstünlikler gazandy. Muny Türkmenistanyň birnäçe gezek BMG-niň möhüm edaralarynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen halkara derejedäki Kararnamalar doly tassyklaýar.

Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, täze taryhy eýýamda hem özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, halkara guramalar hem-de dünýä we goňşy döwletler bilen yzygiderli hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürýär.

Muňa soňky aýlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşan halkara sammitleri hem-de amala aşyran döwlet we resmi saparlary hem aýdyň subutnamadyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, bu gurama agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy we söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrmaga uly itergi beren birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oktýabr aýynda Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyryp, bu ýerden döwlet sapary bilen bir hatarda GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň hem-de “Merkezi Aziýa-Russiýa” ýokary derejedäki birinji sammitine gatnaşmagy hem-de şol sammitlerde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmegi dünýä jemgyýetçiligine uly gyzyklanma döretdi.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar.

«Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Ine. şonuň üçin hem ylalaşdyryjy merkez, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyz Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge we döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary öňe sürýär.

Ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen öňe barýan Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Arkadagly Serdarymyza rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

                                                                                  Ejeş Taganowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi