BIZNES

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC nebitgaz forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti  Abu-Dabide (BAE) açylan ADIPEC nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy.

Foruma energetikanyň, pudagyň syýasatşynaslarynyň, hünärmenleriniň 150 müňden gowragy gatnaşýar. Şu ýylda foruma tutuş dünýäden 40-dan gowrak ministriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergide 28 ýurtdan 2200 kompaniýalar we pawilýonlar guraldy. Olarda energetikanyň önümlerini döretmegiň ähli zynjyrlary boýunça müňlerçe önümler, hyzmatlar we çözgütler hödürlenildi.

ADIPEC-iň köp sanly eskponentleriniň hatarynda № 13060 diwarlygynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň şahamçasy görkezildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow ADIPEC Strategiki we Tehniki maslahatyna gatnaşdy.

Forumyň barşynda maslahatlaşyljak ileri tutulýan temalaryň hatarynda nebitgaz toplumyna maýa goýumlar meseleleri bar. Ýokary derejeli çykyş etjekler energiýanyň geljekki sarp edilişini kanagatlandyrmakda wodorodyň ornuny, geosyýasy özgeriş şertlerinde energetika pudagyndaky üýtgeşmeleri, suwuklandyrylan gaz bazarynyň dinamikasyny we beýleki meseleleri maslahatlaşyldy.

Abu-Dabidäki halkara nebit we gaz sergisi we maslahaty şu gün öz işini tamamlaýar.

Related posts

Türkmen Girişimcilere 3 milyar dolar kredi

vepa

Birža täzelikleri: gazak işewürleri nah ýüplük satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Leave a Comment