DÜNÝÄ

YHG-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda, şu ýylyň ahyrynda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 26-njy mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň baştutanlygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti ýokary derejede geçirildi, şol ýerde möhüm kararlar we resminamalar kabul edildi. YHG-a agza ýurtlarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyk üçin şertler döredildi.

Hususan-da, Sammitde kabul edilen gutarnykly resminama – Hereket üçin Aşgabat ylalaşygy gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin döredildi, şeýle hem söwda, ulag, energiýa, syýahatçylyk pudaklarynda we pandemiýa garşy göreş babatda döwletara gatnaşyklaryny guramaga gönükdirildi.

Bu guramanyň Daşary işler ministrleriniň ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda YHG-a agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň we iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi