DÜNÝÄ

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahatynyň (PP-22) açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi (HEB) dünýä derejesinde sanlylaşdyrmak ugrunda öňdebaryjy halkara gurama hökmünde çykyş edýär.

Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) Doly ygtyýarly maslahaty her dört ýylda bir gezek HEB-iň ýolbaşçylaryny saýlamak, dört ýyllyk strategiki we maliýe meýilnamalaryny kabul etmek, telekommunikasiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy syýasatlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýär.

Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahaty (PP-22) 2022-nji ýylyň 26-njy sentýabryndan 14-nji oktýabry aralygynda dowam eder.

Related posts

Bakanlar Kurulu toplantısı: Afganistan’a elektrik ihracatı devam edecek

vepa

Hytaý 75 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment