SIZDEN GELENLER

Aşgabat täze üstünliklere tarap barýar

Häzirki günlerde ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeler netijesinde ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn ösüp-özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aşgabat şäherimizde gurlan binalar we desgalar dünýä derejesine ýetdi.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň paý­tag­ty­my­zyň bi­na­gär­lik keş­bi­ni mun­dan beý­läk hem kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da­ky taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň, mö­hüm tek­lip­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri hä­zir­ki wagt­da mer­jen şä­he­ri­mi­ziň döw­re­bap ösü­şin­de aý­dyň şöh­le­len­ýär. Hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen şä­he­riň äh­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny ösün­de jem­le­ýän paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da bi­na­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak­ly­ga, ze­rur dur­muş şert­le­ri bi­len üp­jün et­mek­li­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň, ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň tö­we­rek­le­rin­de dür­li gör­nüş­li gül­le­re we bag­la­ra bes­le­nen ýa­şyl zo­lak­lar, oýun meý­dan­ça­la­ry, döw­re­bap ýo­lag­çy du­ral­ga­la­ry ýa­ly äh­li amat­lyk­lar dö­re­dil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­sin­den ugur al­nyp, paý­tag­ty­myz ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn bi­na­gär­lik tas­la­ma­la­ryn­da hal­ky­my­zyň eş­ret­li, döw­re­bap, me­de­ni­ýet­li ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da bi­ti­ril­ýän be­ýik iş­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň gu­wan­jy­ny go­şa­lan­dyr­ýar.

Aş­ga­bat hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň döw­re­bap şä­her­gur­lu­şyk ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ösüş­le­re eýe bol­ýar. Paý­tag­ty­myz­da bi­na­larň gur­lu­şyk­la­ry hä­zir­ki­za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na da­ýa­nyp ama­la aşy­ryl­ýar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň baş şä­he­ri­niň nu­ra­na keş­bin­de hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy, mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri we bu ugur­da­ky baý tej­ri­be­si, ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn art­ýan kuw­wa­ty aý­dyň şöh­le­len­di­ril­ýär.

Ine gecen ýyl hem Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ägirt uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenildi. Häzirki wagtda hem paýtagtymyzy ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizmek babatynda deigşli işler alnyp barylýar.

Ýagny, şu günler ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde gözel paýtagtymyzy dünýäniň kreatiw şäherleriniň düzümine girizmek boýunça degişli resminamalary taýarlamak işlerini alyp barýar.  Bu işe ýurdumyzyň medeniýet, binagärlik, maliýe, maglumat we köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynyň bilermenleri hem gatnaşýar.

ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik tory 2004-nji ýylda döredilendir we häzirki döwürde ol dünýäniň 180 sany şäheri özünde jemleýär.  Bu  toruň maksady – dünýäniň şäherleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden we tejribe alyşmalary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat häzirki zaman şertlerinde ileri tutulýan ekologiýa, peýzaž dizaýny we häzirki zaman ösen binalaryň içki we daşky dizaýn binagärçiligi babatynda sebit paýtagtlarynyň arasynda has öňdäki hatarda durýar. Şäherimiz soňky ýyllarda gür baglygyň, gül bossanlygyň mekanyna öwrüldi.

 

Uzukjemal  Hallyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri