BIZNES

11 müň tonnadan gowrak ECO-93 görnüşli awtoulag benzini eksporta ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $12,4 million bolan 16 geleşik baglaşyldy.

Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlary Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawoddan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň jemi 15,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Harydyň ilkibaşky indirimine baglylykda bahasy $725,75 we $850,75 barabar boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyç boýunça ähli geleşikleriň umumy bahasy $12 499 125 deň boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Related posts

Erdoğan’dan Türkmen Liderine Nevruz mesajı

vepa

Türki dünýäsiniň işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Total” kompaniýasyndan Hazar deňziniň türkmen bölegine uly gyzyklanma

Leave a Comment