BIZNES

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen elektrik energiýasy boýunça ylalaşyk baglaşar

2023-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan we Gazagystandan 2,6 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Taaýlaýbek Ibraýew Žogorku Keneşiň mejlisinde habar berdi.

Ol iki ýyldan bäri elektrik energiýasyny import edýändiklerini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň 2 milliard kilowat/sagadyny Özbegistanyň üsti bilen almak babatda ylalaşandyklaryny belledi.

– 12-14-nji oktýabrda biz Türkmenistanda sapara bolup, 2 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny satyn almak babatda ylalaşyk baglaşarys. Mundan başga-da, Gazagystandan 600 million kilowat/sagat elektrik energiýaysny satyn alarys – diýip, ministriň wezipesini ýerine ýetiriji habar berdi.

Related posts

106 müň gektara ýeralma we gök-bakja ekinleri ekiler

Amerikaly kompaniýalar Türkmenistanda 3,3 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirýär

Türkmenistanda hususy oba hojalykçylaryň sany barha köpelýär

Leave a Comment