SPORT

Çempionlar ligasy: “Realyň” nobatdaky rekordy

UEFA-nyň klub derejesindäki iň uly ýaryşy hasaplanýan Çempionlar ligasynda toparçalardaky 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. “F” toparçasynda çykyş edýän we geçen ýylyň çempiony “Real Madrid” topary Ukrainanyň “Şahtýor” topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, şa kluby toparçada 10 utuk jemläp, 1/8 finala çykmaga hukuk gazandy. Bu topar Çempionlar ligasynda 31-nji gezek toparçadan çykmagy başaran ýeke-täk topardyr. “Real Madrid” toparçalardaky duşuşyklarda ýeňlip, indiki tapgyra çykyp bilmän gelýän möwsümi ýok diýen ýalydyr.

Ispan topary Çempionlar ligasynda diňe ýeke gezek 1996/97 möwsüminde çykyş edip görmändi.

Şeýle hem Angliýanyň “Mançester Siti” topary hem öz toparçasynda 10 utuk toplap, indiki tapgyra çykmaga hukuk gazandy.

ÇEMPIONLAR LIGASYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR

E TOPARÇA
“Dinamo Zagreb”  – “Zalsburg”: 1-1
“Milan”  – “Çelsi”: 0-2

F TOPARÇA

“Seltik” – “Leipsig”: 0-2
“Şahtýor – “Real Madrid”: 1-1

G TOPARÇA

“Kopengagen” – “Mançester Siti”: 0-0

“Borussiýa Dortmund” – “Sewilýa”: 1-1

H TOPARÇA

“Makkabi Haýfa” – “Ýuwentus”: 2-0

“PSŽ” – “Benfika”: 1-1

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

“Al-Nasr” Kingsli Koman bilen şertnama baglaşdy

AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2: «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň zenanlar küşt ýygyndysy halkara reýtingde ilkinji 50-lige girdi

«PSŽ» ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

“Ahal” topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasyna gatnaşar