MEDENIÝET

Senetçilige bagyşlanan halkara festiwal

Dünýä halklarynyň senetçilik we amaly-haşam sungaty ýurdumyzyň gündogar sebitiniň merkezi şäherinde duşuşýar, şu gün Türkmenabatda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala badalga berler.

Festiwala gatnaşmak üçin düýn ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Eýrandan, Gazagystandan, Latwiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden we Özbegistandan milli senetçiligiň görnükli wekilleri Türkmenabat şäherine geldiler.

Şu gün şäherdäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda halkara festiwalyň açylyş dabarasy bolar. Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň ganatly sözlerine beslenjek dabarada görnükli medeniýet we sungat ussatlary çykyş ederler.

Şu gün festiwalyň bütin dowamynda işlejek halkara sergä-de badalga berler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyryljak sergide ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň senetçilik, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan wekilleri iň gowy eserlerini görkezerler.

Festiwalyň çäklerinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte» atly çeper filminiň görkezilişi hem bolar. Eýýäm halkara festiwallaryň ençemesine gatnaşyp, abraýly baýraklara eýe bolan bu çeper filmiň görkezilişi Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçiriler.

Welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaralara gatnaşyjylar «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän merkezinde milli lybaslaryň görkezilişine hem tomaşa edip bilerler. Festiwal daşary ýurtly senetçileriň türkmenistanly kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygyny, ussatlyk sapaklaryny hem öz içine alar.

Mahlasy, üç günläp dowam etjek festiwal dostlukly halklaryň milli mirasynyň özboluşly duşuşygyna öwrüler. Festiwalyň esasy meýilnamasyndan daşary, myhmanlar üçin gezelençlerdir beýleki medeni çäreler hem meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy