SPORT

Türkmen samboçylar 11 medal gazandy

Gazagystanyň Aktau şäheriniň «Mangistau Arena» stadionynda sambo boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi. Dokuz döwletden 200-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen çempionatda erkekler hem-de zenan türgenler sambo we söweş sambosy boýunça ýedi agram derejesinde ýaryşdylar.

Üç günläp dowam eden açyk çempionatda türkmenistanly türgenler medallaryň 11-sine mynasyp boldular. Olaryň biri altyn, 2-si kümüş, 8-si bolsa bürünç medallardyr.

Türkmen samboçylarynyň altyn medalyny söweş sambosy boýunça 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Aýlar Melikowa gazandy.

Söweş sambosy boýunça 88, sport sambosy boýunça 79 kilograma çenli agram derejelerindäki ýaryşlara goşulan Begenç Baltaýew bolsa iki ýaryşda-da hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Türkmen ýygyndysynyň bürünç medallaryny Muhammet Babekow (58 kilograma çenli agram derejesinde), Annageldi Annasähedow (88 kilogram), Nazar Lolleýew (98 kilogramdan ýokary), söweş sambosy boýunça Ýusup Taňryberdiýew (58 kilogram), Dawid Awçýan (71 kilogram), Sapar Döwletow (79 kilogram), Annageldi Annasähedow (88 kilogram) we Weronika Rus (54 kilogram) dagy gazandy.

Şu ýyl türkmenistanly samboçylaryň «Aziýanyň çagalary» atly sport baýramçylygyndan, Moskwa şäherinde geçirilen «Sambony esaslandyryjylaryň kubogyndan», Talyplaryň dünýä kubogyndan hem medallar bilen dolanandyklaryny ýatladýarys. Indi bolsa ildeşlerimiz geljek aýda Bişkek şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler.

Toplanylýan halkara tejribeler türkmen samboçylarynyň 2025-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek dünýä çempionatynda has-da üstünlikli çykyş etmegine ýol açar.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

“Al-Nasr” Kingsli Koman bilen şertnama baglaşdy

AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2: «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň zenanlar küşt ýygyndysy halkara reýtingde ilkinji 50-lige girdi

«PSŽ» ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

“Ahal” topary AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasyna gatnaşar